Ýapon delegasiýasynyň sapary möhüm

Şu günki gün demokratik dünýäniň Türkmenistana nähili göz bilen garaýandygyna Aşgabada gelen ýapon delegasiýasynyň mysalynda syn etmek mümkin. Ýaponiýanyň Aziýada demokratik eksperimentleriň şowly geçen ýurdy bolanlygy üçin ýapon delegasiýasynyň sapary möhümdir.
Bu ýurt özboluşly hem gadymy ýapon däplerini, kanunlaryň hemme zatdan ýokarylygyny hem adam hukuklaryny dünýä demokratik standartlarynyň ölçeglerine bap getirip, däp-dessurlar bilen utgaşdyrýar.

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon delegasiýasynyň egindeş başlygy Sumitaka Fudzita G.Berdimuhamedow bilen gürrüňlerinde muny ýaňzytdy.

Fudzita Ýaponiýany ozaly bilen türkmen lideriniň progressiw reformatik syýasatynyň gyzyklandyrýandygyny aýtdy. Bu çeper diplomatik söz däldi. Bu demokratik dünýäniň Türkmenistan bilen gatnaşyklarynda tutýan maksadynyň özenidir.

Açyk hem demokratik Türkmenistan demokratik dünýä diňe bir söwda işlerini ýeňilleşdirmek üçin gerek däl. Ol hristian hem musulman medeniýetleriniň arasynda köpri bolup biljekdigi bilen has-da möhüm.

Şu günki gün demokrat liderleriň G.Berdimuhamedowa gatnaşyklary öz wagtynda günbataryň Mihail Gorbaçowa, onuň SSSR-i diktatorlyk režimden has açyk jemgyýete öwürmekde aýgytly ädimlerini kabul edişini, makullaýşyny ýada salýar. Şol döwürdäki sowet jemgyýetinde bolan haýran galdyryjy özgerişler köpleriň ýadynda bolsa gerek.

Gorbaççowyň şol perestroýkasy, yglan eden aç-açanlygy Türkmenistana, postsowet giňişligindäki beýleki respublikalaryň ählisine köp garaşdyran garaşsyzlygy getiripdi.

Möhüm yşaratlar

Nyýazow tarapyndan berk ornaşdyrylan totalitar režimden täze ýagdaýa geçmegiň örän çylşyrymly işdigine döwlet işgärleri Ýaponiýada-da, Günbatarda-da gürrüňsiz düşünýärler. Hökümdaryň buýruklarynyň däl-de, kanunlaryň agalyk etjek, hemmeden ýokarda durjak täze jemgyýetine geçmegiň nähili kyndygy professional syýasatçylar üçin has-da düşnükli.

Günbatarly liderler optimist hem pragmatik. Olar türkmen lideriniň beýannamalaryndan örän möhüm yşaratlary duýýarlar. Şol signallaryň biri Berdimuhamedowyň oppozision partiýalary döretmek barada eden çykyşydyr.

Şol hatarda duran meseleleriň ýene biri - türmeler sistemasyny liberallaşdyrmak barada berlen wadadyr. Hut şu başlangyçlar ýaponlara olary giň möçberli üýtgedip guruş programmalary atlandyrmaga mümkinçilik berdi.

Diýmek, syýasat bilen gatnaşygy bolmadyk karate-do boýunça ýokary derejeleriň biriniň G.Berdimuhamedowa berilmeginiň hem çuňňur kökleri bar. Şu hereketi bilen ýaponlar türkmen prezidentinden dünýäde köp zatlara garaşýandyklaryny nygtamak islediler, ýurdy liberallaşdyrmak, açyklaşdyrmak boýunça beren wadalaryny iş ýüzünde amala aşyrmalydygyny nygtadylar.

Nirede? Hany? Näme üçin?

Başga sözler bilen aýdylanda, özgertmeler boýunça Berdimuhamedowyň yglan eden planlaryna demokratik dünýä özüniň goldaw bildirýändigini her hili ýollar bilen görkezmek isleýär. Diňe bir şowlulyk arzuw etmek bilen çäklenmän, şol planlary ýerine ýetirmekde olaryň real kömek bermäge-de taýýardyklaryna türkmen häkimiýetleriniň düşünmegi möhüm.

Türkmenistan şeýle bir mümkinçilikler aldy, olary äsgermezlik etmek, olardan peýdalanmazlyk düýbünden akylly-başly iş bolmaz, eger şeýle edilse, onuň netijeleri ähli ugurlarda erbet bolup çykar. Bolaýmagy mümkin duşman ýitirilen wagtyň içinde bukulýar, eger özgerişler prosesi süýndüriliberse, ýa-da haýsydyr bir sebäbe görä, özgerişler real hem gujurly işler bilen berkidilmese, dünýäniň ynamy bugaryp uçup gider.

Eger oppozisiýa barada gürrüň elilen bolsa, ol nirede? Tussaglaryň saklanylýan şertleri barada gürrüň gozgalan bolsa, onuň netijeleri hany? Eger kanunlar hemmeden ýokarda durar diýlen bolsa, Nyýazowyň diktaturasynyň döreden türkmen türmelerinde bikanunçylyklar, eden-etdilikler näme üçin togtadylmaýar? Bikanunçylygyň öňüni birigün däl-de, düýn almalydy.

Aleksandr Narodetski postsowet döwletleri boýunça britaniýaly bilermen. Şu kommentariýada öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.