Geçen hepdäniň ahyrynda Moskwada gyrgyz-rus hokümetara komissiýasynyň nobatdaky maslahaty bolup geçdi. Onda iki ýurduň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek meselesine seredilip, degişli dokumentlere gol çekildi.
Geçen ýylyň 3-nji fewralynda Orsýetiň Gyrgyzystanyň býujetini goldamaga 450 million, “Kambar-Ata” GES-niň gurluşygyna-da 1 milliard 700 million dollar pul berjekdigi baradaky ylalaşyga gelnendigi habar berlipdi.
Şol bir wagtyn ozünde-de Gyrgyzystanyň prezidenti «Manas» howa meýdanyndaky Amerikan harby-howa bazasyny ýapmagy karar edenligini Moskwada žurnalistleriň öňündäki çykyşynda aýdypdy. Orsýetiň prezidenti-de bu karary Gyrgyzystanyň özbaşdak, ýagny Orsýetsiz kabul edenligini nygtapdy.
Emma aradan birnäçe wagt geçip-geçmän, gyrgyz hökümeti Amerikanyň harby bazasyny Tranzit merkezine öwrüp, kärende üçin tölenýän puluň möçberini köpeltmek şerti bilen galdyrmak barada karar kabul etdi. Parlament bolsa garaşsyz Gyrgyzystanyň hökümetiniň bir ýylda iki gezek üýtgedilen kararyny goldady.
Syýasaty öwreniji Aleksandr Knýazewiň pikirine görä, “Kambar-Ata-1” GES-niň gurluşygyna berilmeli puluň berilmändiginiň sebäbi ýene-de bir mesele bilen bagly bolmaly: “Bu ýerde gep Gyrgyzystanyň boýun alan borjuny ýerine ýetirmändigi bilen baglydyr”.
Orsýetiň karz beren pullarynyň näme üçin kommersiýa maksadyna sarp edilendigini düşündirmegiň gyrgyz hökümetine kyn bolandygyny Orsýetiň Gyrgyzystandaky ilçisiniň birinji sekretary Witaliý Skrinnik hem aýdypdy.
Şeýle-de ýylyň başynda Pekine baryp gelen prezidentiň ogly Maksim Bakyýew Hytaýyň hökümetine birnäçe dokumentleri teklip edip, olary Gyrgyzystandaky uly gurluşyklara çekinmän goşulmaga çagyrdy.
Bu ýagdaýy Aleksandr Knýazew şeýle düşündirdi: “Häzir bularyň «Ösüş» fondy hem-de «Aziýa-uniwersal» banky arkaly daşardan gelýän kreditleriň hemmesini bir ýere toplamaga çalyşýandyklary görnüp ugrady.”
Premýer-ministr başga pikirde
Moskwadaky iki hökumetara komissiýanyň işiniň üstünlikli geçendigini, Orsýet bilen Gyrgyzystanyň gatnaşyklary ýaramazlaşdy diýýänlerine goşulmaýandygyny, bu iki döwletiň arasynda artykmaç gep-sözüň bolmandygyny, rus-gyrgyz gatnaşyklary barada käbir maglumatlary ýaýradýan habar serişdeleriniň bir günde 12 meseläni masalahatlaşyp, soňra kabul edilen kararlardan netije çykaryp biljekdiklerini premýer-ministr Daniýar Usenow käbir maglumat serişdeleri arkaly öňe sürdi.
Orsýetiň energetika ministri ”Kambar-Ata-1” GES-niň gurluşygyny maliýeleşdirmek meselesiniň onuň tehniki-ykdysady esaslary taýýar bolandan soň çözüljekdigini aýtdy.
Geçen ýylky dolandyryş reformasyndan soň «Ösüş» fonduna berlen pullaryň nämelere sarp ediljekdigini «Ösüş merkezi agentliginiň» öz üstüne almagy bilen esasy ykdysady syýasaty dolandyrmak mümkinçiligi hökümetden prezidentiň ogluna geçipdi.
Premýer-ministr Daniýar Usenow bolsa karz pullaryň olardan önjeýli peýdalanyp, köpeltmegiň hötdesinden gelýän adamlara berilmelidigini aýtdy: “Pul hany? - diýip aglaýarys. Biz gyrgyz. Biz gedaý. Pulumyz ýok diýýaris. Bularyň hemmesi galp. Pulumyz köp. Pulumyz bar. Bu ýerde gep şol pullaryň nämelere sarp edilýändiginde. Pul alyp, ony önjeýli işledip, köpeldip biläýjek adamlara bermeli. Şeýle adamlary tapmaly.”
Emma býujeti goldamaga, ykdysady krizis döwründe sosial ýaşaýyş durmuşy agyrlaşan ilata kömek bermek üçin berlen puluň nädip işiň ugruny bilýän adamlara beriljekdigi rus hokümetine düşnüksiz bolup galana meňzeýär.
Şeýlelikde “Kambar-Ata-1” GES-niň gurluşygyna uly kreditiň berlip-berilmejekligi-de, hökümetara maslahatda gozgalan meseleleriň amala aşyp-aşmajaklygy-da gümürtük bolup galýar.