Jenaýat-prosessual kanunlar liberallaşdyryljak

Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň 1-nji martda geçiren maslahatynda ýurduň kanuny goraýjy organlaryny reformirlemegiň maksatlary kesgitlendi. Hususan-da kanuny gorýajy edaralaryň ynsan hukuklary boýunça halkara kanunlaryna laýyklykda işini kesgitleýän kanunlaryň kämilleşdirilmeginiň zerurulygy nygtaldy.
Howpsuzlyk geňeşiniň maslahatynda mälim edilişine görä, ýurduň kanuny goraýjy edaralarynyň işiniň ynsan hukuklary boýunça halkara kanunlaryna laýyklykda ýerine ýetirilmegini kesgitleýän kanunlary kämilleşdirmek ugrundaky reformalaryň täze tapgyrynda jenaýat-prosessual kanunlary liberallaşdyrmak göz öňünde tutulýar.

Prezident G.Berdimuhamedowyň sözlerine görä, türmelerde we koloniýalarda tussaglaryň saklanyşyna jemgyýetiň has giňden gözegçilik etmegi, agyr jenaýatçylyklar üçin maksimal jeza möhletini gysgaldyp, 25 ýyldan 15 ýyla getirmek, jeza hökmünde pul jerimesini girizmek, sud işlerine garalanda aklawçylaryň roluny we ähmiýetini güýçlendirmek, gözegçilik geňeşlerini döretmek we tussaglar üçin zähmet terbiýesini girizmek hem munuň üçin koloniýalarda dürli kärhanalary döretmek ýaly özgerişlikleri amala aşyrmak göz öňünde tutulýar.

Türme sistemasyndaky ýagdaýy özgerdip bilermi?

Türkmenistanda milli kanunlary reformirlemek ugrunda göz öňünde tutulýan çäreler, hususan-da, tussaglaryň saklanýan şertlerine jemgyýet tarapyndan gözegçiligi güýçlendirmek çäresi ýurduň agyr we eden-etdilikli türme sistemasyndaky ýagdaýy özgerdip bilermi?

Ynsan hukuklary boýunça “Memorial” guramasynyň Merkezi Aziýa boýunça programmasynyň müdiri Witaliý Ponomarýow Türkmenistanyň ýolbaşçylarynyň berýän wadalary ýerine ýetirilse, munuň makullanmaga mynasyp ädim boljagyny belläp, emma tussaglaryň saklanýan şertlerine jemgyýetçiligiň gözegçilik etmegi üçin şu günki gün Türkmenistanda şert ýok diýip, pikir edýär.

Ynsan hukuklaryny goraýjynyň sözlerine görä, jemgyýetçilik gözegçiligi üçin şertleriň ýokdugy tussaghanalardan daşgary ýurtdaky beýleki möhüm prosesslere hem degişli.

“Ýurduň içinde ynsan hukuklaryny goraýjy guramalaryň ýokdugy, olary döretmäge mümkinçiligiň-de berilmeýänligi hakykaty doly suratlandyrýar. Halkara guramalaryna gezek gelende-de, olar Türkmenistana goýberilmeýär” diýip, Witaliý Ponomarýow aýtdy.

Türme sistemasynda aç-açanlygy üpjün etmek üçin garaşsyz halkara synçylaryny ýurda goýbermek, olaryň türmelere baryp görmegine rugsat bermek çagyryşlary halkara guramalary tarapyndan ýyllar boýy türkmen häkimiýetleriniň adyna edilip gelýän esasy çagyryşlaryň biri.

Dünýä ýurtlarynyň syýasy, jemgyýetçilik, ykdysady we sosial ýagdaýlaryna baha berýän iri halkara guramalarynyň hasabatarynda hem raýatlaryň hak-hukuklarynyň berjaý edilişi, kanunlaryň işleýşi we ýustisiýa-adalat sistemasynyň işleýşi esasy kriteriýalaryň biri bolup durýar. Şeýle hasabatlarda köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistana dünýä ýüzünde iň ýapyk ýurtlaryň biri diýen baha berlip gelinýär.

Türkmenistan halkara guramalary bilen ýakynlaşýar

Türkmenistanyň awtoritar režimli Merkezi Aziýada hatda “Gyzyl haç we Gyzyl ýarymaý” guramasyny hem öz türmelerine goýbermeýän ýeke-täk ýurt bolup durýanlygyny ynsan hukuklaryny goraýjylar belläp gelýärler.

Şol bir wagtada-da 22-nji fewralda “Gyzyl haç we Gyzyl ýarymaý” halkara komitetiniň Merkezi Aziýadaky wekilhanasynyň resmi wekilleriniň Aşgabada sapary boldy.

Guramanyň türkmen tarapy bilen geçiren gepleşiklerinde, hususan-da, halkara gumanitar kadalaryny Türkmenistanyň milli kanunlaryna girizmek we “Gyzyl ýarymaý” milli jemgyýetiniň statusy boýunça kanunyň proýektini taýýarlarmak meselesi maslahat edildi.

Türkmenistanyň adalat sistemasynyň işiniň we türmelerdäki ýagdaýlaryň özgermegi üçin ýagdaýa halkara we garaşsyz derejede syn edilmeginiň we bar bolan problemalaryň paş edilmeginiň zerurlygyna synçylar ünsi çekýärler.

Türkmenistanyň türmelerindäki ýagdaý boýunça ýakynda ýaýradylan hasabatyň awtorlarynyň biri “Türkmen inisiatiwasy” gurmasynyň müdiri Farid Tuhbatullin, türkmen häkimiýetleri tarapyndan ünsüň artdyrylmagynyň ýagdaýyň özgerjegine umyt döredýänligini aýtdy.

Tuhbatullin hakyky özgerişlikleriň peýda bolup başlamagy üçin bar bolan pasgelçilikleri çynlakaý öwrenip, döwlet tarapyndan gözegçilik edýan organlaryň derňew geçirmeginiň ähmiýetini hem belledi.

Farid Tuhbatulliniň pikirine görä, ýurduň adalat sistemasynda aç-açanlygyň emele gelmegi we türmelerdäki şertleriň gowulanmagynyň öňünde duran päsgelçilikleriň biri korrupsiýa bolup durýar.

Tussaglary zähmet we terbiýe prosesine çekmek

Howpsuzlyk Geňeşiniň 1-nji martda geçirilen maslahatynda tussaglary zähmet we jemgyýetçilik terbiýe prosesine çekmegiň ähmiýeti hem bellenildi.

Prezident G.Berdimuhamedowyň pikirine görä, kanundan çykan raýatlaryň kadaly durmuşa dolanyp gelmegine ýardam bermekde jemgyýet hem çetde durmaly däl.

1-nji martda Türkmenistanda neşä garaşly tussaglar üçin reabilitasion ýardam beriji merkez açyldy. Tejen şäherinde açylan we Türkmenistanyň Içeri işler ministrligine tabşyrylan bu merkeziň gurluşygy Ýewropa Bileleşigi hem BMG-niň Ösüş programmasy tarapyndan Merkezi Aziýada neşä garşy programmanyň çäginde amala aşyryldy.

Proýektiň esasy maksadynyň neşä garşy göreş boýunça Ýewropa tejribelerini dowamly ýaýratmakdan ybaratdygy BMG-niň resmi maglumatlarynda aýdyldy.

Maglumata görä, Tejende açylan täze merkeziň gurluşygyna we abzallaşdyrylmagyna 203 müň ýewro sarp edilipdir.

Ynsan hukuklaryny goraýjy Witaliý Ponomarýow Türkmenistanyň gumanitar ugrundan halkara hyzmatdaşlygyny güýçlendirmek boýunça ädýän ädimlerini ýurduň ykdysady hyzmatdaşlygyny giňeltmek ymtylmalary bilen baglanyşdyrýar.

Ponomarýow ýurduň hakyky hem düýpli özgerişlikler ýolundan gadam basmagyna syýasy sistemanyň öňküligine dolandyrylmagynyň päsgel berýänligini belledi.

Resmi maglumatlara görä, Türkmenistanyň Mejlisine we Adalat ministrligine ýurduň täze “Jenaýat” we “Düzediş-zähmet” kodekslerini taýýarlamak tabşyrygy berildi.

Täze kanunlarda, hususan-da, günä geçiş boýunça komissiýa günä geçiş sanawlaryna neşe söwdagärlerini goşmazlyk ygtyýarlygyny bermek göz öňünde tutulýar.