“Täze Galkynyşy” prinsipde amala aşyryp bolarmy?

Prezident köşgi

Türkmen türmeleri barasynda ilkinji halkara barlaglary esasynda taýýarlanan hasabatyň peýda bolmagy “Türkmenistanyň täze ýolbaşçylary düýpli reformalar geçirmäge näderejede ukyply?” diýen meseläni has-da ýitileşdirdi.
Şol dokument peýda bolansoň, 1-nji martda Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň maslahaty çagyryldy. Şu wagta çenli diňe rehimsizlige, gazaply daramaga hyzmat eden sistemanyň işine prezident çuň aralaşmaga synanyşyk etdi.

Hasabatda getirilýän maglumatla, sanlar Nyýazow režimi tarapyndan döredilen, zorluga, güýje esaslanýan düzgüniň önümi bolup, ol häzirem ýurtda agalygyny saklaýar. Munuň şeýledigini hasabatda getirilýän her ýüz müň adama düşýän tussaglaryň sany-da tassyklaýar.

Şol görkeziji Gazagystanda 348, Gyrgyzystanda 285 adam. Ýewropa ýurtlarynda 100 müň adama 80-90 tussag düşýär. Türkmenistanda ol 534 adam. Bu bolsa “Täze Galkynyşlar zamanynyň” öňki repressiw režimiň esasy daýanjyny ýykyp, onuň boýnoňurgasyny omrup bilmändigini görkezýär.

Gurbanguly Berdimuhamedow şol üýtgewsiz prinsipi ýerinden gozgamaga synanyşmak kararyna geldi. Ol liberallaşmanyň peýdasyna kanunçylyga ýaňadan serediljekdigini aýtdy.

Hususan-da, iň agyr jeza 25 ýyldan 15 ýyla getiriler. Diňe bir türme görkezijileri däl, Nyýazow tarapyndan döredilen ähli ugurlardaky faktorlar sistemanyň basyp ýatyrmak, mynjyratmak häsiýetine eýe bolup, Nyýazow ölenden soňam onuň dowam edýändigini görkezýär.

Gazagystanyň we Gyrgyzystanyň türmeleri

Türkmen türmeleleri baradaky hasabat çap edilmezden birnäçe aý öň “Halkara krizis topary” tarapyndan şoňa meňzeş dokument taýýarlanyldy. Şol hasabat Gazagystanyň we Gyrgyzystanyň türmelerindäki ýagdaýy analiz etmegi maksat edinýärdi.

Ýöne analiz Türkmenistan bilen diňe käbir ugurlarda meňzeşligiň bardygyny görkezdi. Ol ozaly bilen türmelerde giň ýaýran korrupsiýa bilen bagly. Hem Gazagystanyň, hem Türkmenistanyň türmelerinde türme ýolbaşçylaryny satyn alyp, soň gowy ýeňilliklere eýe bolmak mümkin.

Hut şu ýagdaý bu ýurtlardaky başlyklara para bermegiň hemme zady çözýändigi bilen bagly umumy ýagdaýyň hakyky keşbini görkezýär. Ýöne şol iki dokumentiň arasynda düýpli tapawutlaram bar.

Gazagystanyň we Gyrgyzystanyň türmelerinde kriminal awtoritetler, kanuny ogrular heniz öz güýjünde. Olaryň täsirine türme ýolbaşçylary kaýyl. Jenaýatçy toparlar bilen türme ýolbaşçylarynyň arasynda özara ylalaşygam bar.

Ýöne munuň ýaly ýagdaý Türkmenistanyň türmelerinde ýok. Onuň ýekeje sebäbi bar. Nyýazow öz döwründe kanuny ogrulary ýok etdi. Olaryň atylyş pursatyny türkmen telewideniýesi halka görkezdi.

Şonuň üçin türkmen türmelerinde jenaýatçylaryň täsiri ýok. Başga ýerlerde bolşy ýaly, türmelerde-de häkimiýet doly döwletiň elinde. Döwlet bolsa onuň başynda oturanyň elinde.

Gazak we gyrgyz türmelerinde tussaglara täsir edýän ýene bir möhüm faktor bar. Ol radikal yslam guramalaryna agzalaryň tussaglara ýetirýän täsiri. Türkmen türmelerinde yslamyň roly ýok. Türkmenistanda din meseleleri-de doly häkimiýetleriň elinde.

Ýene bir tapawutly ýagdaý

Beýleki Merkezi Aziýa ýurtlaryndan Türkmenistany tapawutlandyrýan ýene bir ýagdaý - türkmen türmeleriniň doly ýapyklygy hem halkara guramalaryň wekilleriniň ol ýerlere düýpden goýberilmeýänligidir.

Şonuň üçin şu wagta çenli ýakyn garyndaşlary tussaglaryň belli bir kategoriýasy barasynda hiç hili maglumat bilmeýärler. Şeýle ýagdaý postsowet giňişligindäki döwletleriň hiç birinde-de ýok.

2002-2003-nji ýylllarda döwleti agdarmaga synanyşykda aýyplanyp basylan adamlaryň ykbaly näbelli bolup galýar. Şol adamlar - Türkmenistanyň öňki daşary işler ministri Boris Şyhmyradow hem onuň egindeşleri, “olar diri dälmiş” diýen gürrüňlerem aram-aram il içine ýaýraýar.

Omürlik türme tussaglygyna höküm edilen şol adamlaryň jeza çäresine ýaňadan seredilermi? “Jenaýat-prosessual kanunçylygy mundan beýläk liberallaşdyrmak barada” Howpsuzlyk Geňeşinde aýdylanlar şol adamlara-da degişli bolarmy?

Şol liberallaşmanyň başlanmagyna näçeräk garaşmaly? Berdimuhamedowyň 1-nji martda aýdan jemgyýetçilik kontrollygy şol adamlara-da degişli edilermi? Nyýazowyň iriňli ýaralaryndan gutulmazdan, “Täze Galkynyşy” prinsipde amala aşyryp bolarmy? Ýurdy halas ediş işlerine türmelerden hem tussaghanalardan başlansa gowy bolmazmy?

Eger Nyýazow döwründäki suda real baha bermeli bolsa, şu günki gün, gör, näçe adamlar türkmen türmelerinde bigünä jebir çekýär?

Aleksandr Narodetski postsowet döwletleri boýunça britaniýaly bilermen. Şu kommentariýada öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.