Täjigistanda parlament saýlawlary bolup geçdi

Täjigistanda 28-nji fewralda parlament saýlawlary bolup geçdi. Saýlawlarda sanawa girizilen üç ýarym million saýlawçydan 85 %-den köprägi ses berdi diýlip, habar berilýär. Saýlawlara ýurtda resmi registrasiýa edilen sekiz syýasy partiýa gatnaşdy.
Täjigistandaky bolup geçen parlament saýlawlaryna prezident Imamali Rahmonyň öz häkimiýetini pugtalandyrmak bilen bile 23 ýaşly ogly Rüstem Imamalini öz mirasdüşeri edip taýýarlamaga synanyşyk hökmünde hem seredilýär.

Duşenbe şäher Geňeşine bolan saýlawlarda oz kandidaturasyny goýan Rüstem ýekşenbe güni ses berlişik mahaly teleekranda kakasy Imamali Rahmon bilen ýanaşyk peýda boldy.

Muhiddin Kabiri
Oppozisiýadaky «Yslam täzeden döreýiş» partiýasy saýlawlaryň gidişinde düzgüni bozmalaryň bolandygyny öňe sürýär.

Partiýanyň lideri Muhiddin Kabiriniň Azatlyk Radiosynyň türkmen gullugyna beren intrewýusynda aýtmagyna görä, saýlawlara taýýarlyklar asuda, parahat geçipdir. Emma saýlawlaryň soňunda düzgüni bozmalara ýol berlip, 2005-nji ýylda bolup geçen saýlawlardaky galplyklar doly gaýtalanypdyr.

“Saýlaw bölümleriniň saýlawlaryň netijeleri boýunça beren protokollaryny özümizde bar protokollar bilen deňeşdirenimizde, uly tapawudyň bardygyny gördük.Bizdäki protokolda biziň partiýamyz üçin 2 mun 600 adam ses beren bolsa, olaryň protokolynda biziň partiýamyz üçin diňe 600 adamyň ses berendigi aýdylýar” diýip, Partiýanyň lideri Muhiddin Kabiri Azatlyk Radiosyna aýtdy.

Onuň sözlerine görä, şeýle galplyklar saýlawlarda köp bolupdyr. Özleriniň bu eden işi hakda hiç kim bilmez öýdüp, şeýle protokolyň nusgasyny partiýa agzalaryna hem-de synçylara beripdirler. “Saýlawlardaky düzgüni bozmalar hakda bizde audio hem-de wideo ýazgylar bar”.

Synçylar nähili garaýar?

Käbir synçylar saýlaw bölümlerinde düşündiriş işleriniň nädogry alnyp barlandygyny aýdýarlar. «Kommunistik» partiýanyň agzasy Murodali Artykow bu hakda şeýle diýdi: ”Saýlawçylara bulletendäki partiýalardan birini galdyryp, beýlekilerini çyz diýip dogry düşündiriş bermezden, diňe prezidentiň »Halk demokratik« partiýasyny galdyryp, beýlekilerini çyz diýýärler.”

Ýerli synçy Şeraýew saýlawlarda ýol berilýän hatalar, halkyň syýasy sowatsyzlygynyň netijesi diýýär: «Bu ýerde halkyň aglaba bölegi okamadyk, sowatsyz. Bir öýden 10 bulleteni göterip gelýanler-de bar. Kanun boýunça bu mümkin däl. Her bir adam öz pasporty bilen gelip, ses bermeli.”

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Täjigistanda parlament saýlawlary geçirildi



Täjigistandaky bolup geçen saýlawlaryň aç-açan demokratik prinsipde geçendigini aýdýan synçylar hem bar. Şolaryň biri Fahriddin Numanjonow.

Numanjonowyň sözlerine görä, bu parlament saýlawlary öňküler bilen deňeşdirende, gowy gurnalypdyr: “Saýlawlara üç gün galanda agitasiýa-propaganda işleri togtadyldy. Hatda dalaşgärleriň köçelerdäki suratlaryna çenli aýyrdylar. Halkyň arasynda diňe saýlawlara baryň, gatnaşyň diýip, düşündiriş işleri alnyp baryldy. Saýlawlar hem aç-açan, demokratik prinsipde geçdi.”

Täjigistandaky parlament saýlawlaryna 25 müň ýerli, 540 sany halkara synçylar gözegçilik edipdirler.

Fahriddinow halkara synçylarynyň diňe saýlawlaryň gidişine gözegçilik etmän, eýse komissiýa agzalaryna-da guramaçylyk taýdan kömek berendigini aýdýar.

Şu gün öýlän Tajigistanyň MSK-sy ýurtdaky parlament saýlawlarynyň netijesini yglan etdi. Oňa görä, parlament saýlawlarynda prezidentiň “Halk demokratik partiýasy” iň köp, ýagny 71,1% ses alyp, ýeňiş gazandy.

7 % den gowrak ses alan «Kommunistik» hem-de “Yslam tazeden döreýiş” partiýasynyň wekilleri saýlawlarda galplygyň bolandygyny aýdyp, prezidentiň partiýasy bilen sudlaşjakdyklaryny yglan etdiler.