Gresiýanyň liderleri Merkel we Obama bilen duşuşarlar

Gresiýanyň liderleri özlerinde dörän maliýe krizisini çözmek maksady bilen Germaniýanyň kansleri Angela Merkel we ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama bilen duşuşmagy planlaşdyrýandyklaryny mälim etdiler.

Bu duşuşyklaryň Angela Merkel bilen Berlinde 5-nji marta, prezident Obama bilen bolsa Waşingtonda 9-njy marta planlaşdyrylýandygy habar berildi.

Gresiýanyň resmileriniň beren maglumatlarynda, 26-njy fewralda Obamanyň, Merkeliň hem Britaniýanyň premýer-ministri Gordon Braunyň telefon arkaly gepleşik geçirip, Gresiýanyň maliýe krizisi meselesi babatda pikir alyşandyklary aýdylýar.

Gresiýada dörän bu krizisiň ýewronyň hümmetini pese gaçyrýandygyna dünýa bazaryndaky ýagdaý şaýatlyk edýär.