Döredijilik ýolundaky böwet näme?

Türkmenistanyň prezidentiniň döredijilik intelligensiýa wekilleri bilen duşuşygynda medeniýeti ösdürmek üçin döwlet tarapyndan görülýän çärelere, döredijilik wekilleriniň işlerine we pudagyň öňünde goýulýan maksatlara garaldy. Kemçiliklere hem üns berildi.
Türkmenistanda erkin we netijeli döredijilik üçin şertleriň döredilmegine millionlarça dollarlyk serişdeleriň sarp edilenligine garamazdan, bu çäreler garaşylan netijeleri bermedi. Bu barada ýurduň döredijilik intelligensiýa wekilleri bilen duşuşygynda prezident G.Berdimuhamedow aýtdy.

Duşuşygyň maksadynyň döredijililigiň ösüşiniň öňündäki päsgelçilikleri maslahat etmekden ybaratdygy bellenildi. Çykyş edenleriň sözlän sözleriniň köpüsinde prezidentiň inisiatawisy bilen ýurtda geçirilýän özgerişlikleriň ähmiýeti, döredijilik intelligensiýasyna hiç wagtda görlüp-eşidilmedik goldawyň berilýänligi aýdyldy we medeniýet ugrundan ýurtda döredilýän şertler üçin döwlet baştutanyna minnetdarlyk bildirildi.

Medeniýet ministri G.Myradow ýurtda medeniýetiň we sungatynyň ösüşi üçin dördilen şertleriň arasynda, hususan-da, Aşgabat şäherinde gurlan medeniýet işgärleri üçin ýokary amatlykly ýaşaýyş jaýlaryny, medeniýet ugruna degişli ýokary, orta okuw mekdeplerini, çagalar baglarynyň täze binalaryny, Watan we Türkmenistan kinokonsert merkezleriniň durkunyň täzelenenligini we ýakyn wagtda açyljak Döwlet sirkini agzap geçdi.

“Şeýle goldaw hiç bir döwletde ýok”

Medeniýet ministri Turkmenistanyň prezidentiniň halkyň ruhy galkynyşyna berýän howandarlyk goldwynyň dünýäniň hiç bir döwletinde ýokdugyny hem belledi.

Türkmenistanyň gahrymany, halk artisti Maýa Kulyýewa türkmen operasynyň dikeldilenligi üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň opera sungatynyň ösüşi we onuň dünýä tanadylmagy üçin elinden gelen tagallalary etmegi wada berdi.

G.Berdimuhamedowyň pikirine görä, häzirki döwürde Türkmenistanda hakykatçyl, adamlaryň kalbyny galkyndyrýan özboluşly, döwre laýyk gelýän edebi eserler, kinolar, teatr spektakllary döredilmeýär.

Döredijilik taýdan ösüşe näme päsgelçililik berýär?

Garaşsyz synçylar döredijiligiň ösüşi üçin erkinligiň esasy şert bolup durýanlygyny aýdýarlar. Medeniýet wekilleri döredijilik üçin zehinden daşgary döwlet goldawynyň, şol sanda maliýe goldawynyň ähmiýetini nygtaýarlar. Emma esasy şertiň azat-erkinlik bolup durýanlygyny aýdýarlar.

Tatarystanyň at gazanan medeniýet işgäri, ýazyjy Nazifa Karimowa zehinli adamyň öz pikirini mälim etmegine, döredijiligine senzura tarapyndan böwet salynmaly däl diýip, pikir edýär.

“Adam bütin ömri täzelige, täze pikire garaşýar, adam näçe zehinli bolsa-da, onda erkinlik bolmasa, ol täze we täsirli pikiri döredip bilmez. Öz pikirini erkin mälim edip bilýän adamlar, hem medeniýetde, hem edebiýatda hem sungatda öňe tarap ädim ätmäge ukyply bolýalar” diýip, N.Karimowa ösüşiň ýöne ýerden bolmaýanlygyna döwletiň göz ýetirmelidigini belledi.

Ýazyjy Hudaýberdi Hallyýew döredijilik işgärlerine erkinlik berlen ýagdaýynda ýurduň medeniýet ugry öz-özüni dolandyrmaga ukyply diýip, hasap edýär we president medeniýet meselelerine goşulmaly däl diýip belleýär.

Medeniýet wekillerinden talap edilýär

Türkmenistanyň prezidenti ýurduň döredijilik işgärlerinden watanyň beýikligini, halkyň beýikligini wasp edýän eserlere, jemgyýetiň durmuşynyň ähli ugurlarynyň oňyn özgertmelerini beýan edýän, kämillik, çeperçilik, mazmun taýdan baýlygy bilen tapawutlanýan edebi we sungat eserlerine garaşýanlygyny aýtdy.

Ýazyjy Hudaýberdi Hallyýew medeniýetiň öňünde şu günki gün goýulýan talaplara meňzeş ýagdaýy Türkmenistanyň geçmişde eýýäm başdan geçirenligini aýdýar: “Şeýle düzgün öň bolupdy biziň durmuşymyzda, 40-njy ýyllarda. Ýokarda oturanlar durmuşyň gowulykda beýan edilmegine, adamlaryň aýdym aýdyp, şatlanyp, gurulýan jemgyýetden örän minnetdar bolmagyna garaşýardylar”.

Şol döwürde Konfliktsizlik teoriýasy döredilip, onuň esasynda eserleriň döredilenligini belläp, H.Hallyýew şeýle eserleriň arasynda Stalin baýragyna eýe bolan “Aýsoltan” powestini, Beki Seýtäkowyň “Moskwanyň ýalkymy” powestini belläp geçdi. Hallyýew häzir edilýän talaplaryň hem sosializmiň we stalinçilik zamanynyň konfliktsizlik teoriýasyna gabat gelýänligini öňe sürdi.

Türkmenistanda medeniýet ugruny ösdürmek boýunça gol çekilen täze permanlaryň arasynda “Kinowideohyzmat” bileleşigini döretmek, Aşgabatda we welaýatlarda çagalaryň sungat mekdeplerini döretmek we olary şu ýylyň 1-nji aprelinde açmak, welaýatlarda etrap hem şäher merkezi kitaphanalaryny açmak, oba klublaryny medeniýet öýlerine öwürmek we muzeý gymmatlyklaryny satyn almak boýunça edarany döretmek dogrudaky kararlaryň kabul edilýänligi yglan edildi.