Türkmenistanyň merkezi saýlaw komissiýasynyň başlygy Myrat Garryýew türkmen döwletiniň baştutanyna çäksiz gul wepalylygy bilen ýene bir gezek tapawutlandy.
Aslyýetinde ol örän jogapkärli wezipäni eýeleýär, ol saýlawlary hem referendumlary geçirmek boýunça komissiýanyň başlygy. Onuň bu gezekki elewremesi saýlawlar bilen asla bagly däl, eýse G.Berdimuhamedowa gönükdirilen.
Garryýew prezidente ”Türkmenistanyň gahrymany” diýen ady dakmak baradaky öňki teklibini ýene-de gaýtalady: “Hormatly adamlar, bir teklip bar. Biziň prezidentimiz üç ýylyň içinde bütin dünýä belli boldy. Oň üçin men Mejlisden haýyş edýän, hormatly prezidentimize ”Türkmenistanyň gahrymany” diýip, at bermeli”.
Dyza çökmek, ýaýaplamak derdi
M.Garryýewiň geçen ýylky eden teklibi geçmändi. Ýöne ol bu meselede öz niýetinden el çekerli däl. Ýene birazajyk gaýrat etse, onuň Türkmenistanda demokratiýanyň, has dogrusy, antidemokratiýanyň ösüşi boýunça geljekki rekordlar kitabyna girmegi-de mümkin.
Myrat Garryýew üç ýyl mundan öň wezipeliniň ýa-da wezipä geçjegi anyk görnüp duranyň öňünde dyza çökmek, ýaýaplamak derdi güýjän döwri göçgünlilik bilen saýlawlar geçirmän, G.Berdimuhamedowy ýurduň prezidentligine bellemegi-de teklip edipdi.
Ol 2006-njy ýylyň 26-njy dekabrynda şeýle diýipdi: “Edil şu wagt saýlamalam bolsa saýlajaklar, Gurbanguly Mälikgulyýewiç sizi! Şol hakykat ýürekden aýdylýar. Ýerde-de, ine, ýaşulular otyr! Ýöne kanun diýip dursuňyz-da. Kanunam ýerine ýetirmeli, ol dogry! Ýöne biz özbaşdak, bitarap döwlet. Daş-töweregimizdäki döwletlerem seredip otyr, “Bular nähili geçirerkä” - diýip. “Saýlaw geçdi” diýibem biljek şu wagt, eger ýagdaý bolsa welin, daş-töweregimizden seredip otyrlar”.
Myrat Garryýew özüniň bu hereketleri bilen başlyklaryň, onda-da ýurduň birinji derejeli ýolbaşçylarynyň öňünde dyza çökmegiň, maňlaýyňy ýere degrip, tagzym etmegiň nyýazowçylyk mekdebini bäşlik bilen gutarandygyny hemmelere görkezýärdi.
Şunuň ýaly ýaranjaňlaryň, ýaýaplamany özüne dereje bilýän ussatlaryň prezidentiň ýakyn töwereginde-de, biraz daşragynda-da köp bolmagy mümkin. Dolandyryjylaryň şundan başga mekdebi häzirlikçe Türkmenistanda döredilmedi.
Ýolbaşçylaryň täze tipi talap edilýär
Ýurtda emele gelen häzirki şertler özünden has ýokary başlyklaryň öňünde öz hünär kemçiligini, ýetmezini ýaşyrmaýan ýolbaşçylaryň täze tipini talap edýär.
Ýurt prezidente, onuň ýakyn töweregine öwgüli sözler aýdyp, alkyş okap, näme diýilse, lepbeý diýip duran, köre-körlük bilen baş egip duran adamlara däl-de, pragmatik, iş başarjaň ýolbaşçylara, döwlet işgärlerine mätäç. Prezidentiň ýanyndaky ”Döwlet işgärleriniň akademiýasy” bir ýyl töweregi wagt bäri hereket edýär, ýöne Nyýazowyň gul, gul psihologiýaly işgärleri çykarýan önümçiligi 20 ýyl töweregi işläpdi.
Prezidentiň şahsyýet kultuny döretmegiň onuň awtorlaryna hiç hili gowulyk getirmejegine, wezipede saklanyp galmagyna kepillik geçmeýänine ýalançy ýaranjaňlar düşünäýjek ýaly, bu hakykaty durmuşyň özi olara öwredäýjek ýaly.
Nyýazowyň özi töweregindäki ýaranjaňlary, ýalançylary gazap bilen düw-dagyn edip bolýandygyny ençeme gezek iş ýüzünde görkezipdi. Şol bir wagtda-da özüniň Biribara ýakyn adamdygy baradaky ýalançylaryň ynandyrmalaryndan ýüz öwürmeýärdi.
Stalinçilik usuly
Häzir Gurbanguly Berdimuhamedowyň töweregindäkileriň prezidentiň şahsyýet kultuny döretmäge synanyşýandyklaryny halkara synçylary belleýärler. Bu hereketi, ylaýta-da agitasiýa-propaganda meýdanynda görmek mümkin.
Ideologiýa işleri boýunça ýolbaşçylar sowet zamanynda, geçen asyryň 30-njy ýyllarynda, Staliniň şahsyýet kultunyň döredilip ugran döwründe ulanylan usullar toplumyndan şu wagtam peýdalanýarlar. Şol usullardan merkezi aziýa däpleri bilen garym-gatym edilip, Nyýazow döwründe-de köp peýdalanylypdy.
Nyýazowyň şahsyýet kultuny döredijileriň biriniň, baş arhitektorynyň Wiktor Hramow bolandygyny synçylar ýatdan çykarmaýarlar. Türkmenbaşy tarpa-taýyn ölenden soňam ol wezipesinde galyp, täze häkimiýetde-de öňki ygtyýarlyklaryny saklamagy başardy.
Hut şu ýagdaý Nyýazow döwrüniň gowy kadrlarynyň biri diýilýän merkezi saýlaw komissiýasynyň başlygy Myrat Garryýewe we şonuň ýalylara täze şertlerde-de şahsyýet kultuny döretmäge badalga berýärmikä?
Aleksandr Narodetski post-Sowet döwletleri boýunça britaniýaly bilermen. Şu kommentariýada öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.