Günbataryň hökümete degişli bolmadyk guramalary bilen olaryň Merkezi Aziýaly ýaranlary Üstýurt düzlüginiň özboluşly tebigatyny goramak barada güýç birikdirýär.
Bir bölegi Özbegistana, bir bölegi hem Gazagystana we Türkmenistana degişli takmynan 200 müň kwadrat kilometrlik bu belent tekizlik dünýäde möhüm ýaýla landşafty bolup durýar.
Üstýurduň tebigatyny goramak baradaky bu bäş ýyllyk proýekte bu ugurdan iş alyp barýan toparlaryň birnäçesi gatnaşýarlar. Olaryň biri merkezi Britaniýada ýerleşýän Fauna & Flaura Interntional (FFI).
FFI-niň Ýewraziýa regional direktory Paul Hothamyň aýtmagyna görä, Üstýurt landşaftyny goramak proýektinden maksat platonyň gazak we özbek taraplarynyň dolandyrylmagyny uzak möhletleýin üpjün etmek.
“Biz bu işi landşaftyň öz meselelerine laýyklykda alyp barmakçy. Landşaftyň nyşany saýgak bolar. Maksat, goraw işlerini gowulandyrmak. Ýöne bu iş bilen ýerli ösüş we ýerli ilatyň islegleriniň arasynda deňagramlylyk saklanylmaly. Biz sosial, ekologik we haýwanat görnüşlerini synlamak işlerini utgaşykly alyp bararys” diýip Hotham aýdýar.
Saýgaklar
Düzlükdäki haýwanlar we ösümlikler agyr ekologik şertlere uýgunlaşan görnüşler. Ýöne bu regionyň iň meşhur ýaşaýjysy saýgak bolsa gerek. Ol şol bir wagtyň özünde-de howp astyndaky görnüşleriň biri bolup durýar. Töwerekdäki ykdysady ýagdaýyň ýaramazlaşmagy bu janawaryň eti hem şahy üçin köpçülikleýin bikanun awlanmagyna getirdi.
Hotham: “Saýgaklaryň sany 1990-njy ýyllarda bir milliona golaý bolan bolsa, häzir Gazagystan, Orsýet, Özbegistan we Türkmenistandaky umumy sany elli müň töweregi”.
Aýratyn-da howp astynda duranlary hem Üstýurtdakylar.
“Saýgagkaryň Üstýurt düzlüginde galanlarynyň sany on müňe-de ýetenok. Bäş toparyň içinde sany häzirem barha azalýany şolar. Beýleki regionlardakylara bolsa belli bir derejä çenli üns berilýär, goralýar. Üstýurtdakylaryň sany ozal ýüz müňlerçe bardy” diýip, Hotham belleýär.
Diňe bir platony goramak däl...
Işsizlik we suw ýetmezçiliginden has beter ejir çekýän Üstýurt platosynyň özbek tarapy. Ol Garagalpagystanda ýerleşýär. Bu hem Aral deňziniň guramagyndan hemmeden köp zyýan ýeten region.
Täze proýektde diňe bir platony goramak däl, eýsem azyk-owkat üçin haýwanlary bikanun awlamaz ýaly, ol ýerlerde ýaşaýan adamlaryň hem aladasy edilýär.
“Ýerli ilatyň arasynda köplenç öz maşgalasynyň ýa şol ilatyň ýaşaýyş ýagdaýyny gowulandyrmagyň pikirini edýän adamlar bolýar. Ýöne olarda bu pikirlerini amala aşyrmaga serişde bolmaýar. Biz şular ýaly ýagdaýda ownuk maliýe, tehniki goldaw we türgenleşik arkaly adamlara kömek bermegi hem niýet edinýäris” diýip, Hotham aýdýar.