Nury Halmämmedow 70 ýaşady

Nury Halmämmedow

Türkmen halky öz milli medeniýetini uzak asyrlaryň dowamynda döredipdir. Halk milli medeniýetini edil topragyny goran ýaly gorapdyr. Halk içinden ösüp ýetişen aýry-aýry zehinliler bolsa ol senedi ösdüripdir hem kämilleşdiripdir.
Geçen asyryň ikinji ýarymynda türkmen saz sungatynyň asmanynda Nury Halmämmedow parlak ýyldyz bolup doguldy. 24-nji fewralda bu ajaýyp kompozitoryň dünýä inenine 70 ýyl dolýar.

Hakykatyň hatyrasyna aýtsak, Nury Halmämmedowyň doglan güni dürli seneler bilen bellenipdir. Nury Halmämmedowyň döredijiligini içgin öwrenýän bilermenleriň ýazmagyna görä, ol Gyzylarbatda, Bäherdende, Maryda, Baýramalyda Çagalar öýlerinde bolanynda, doglan ýyly hem güni dürli seneler bilen bellenipdir.

Nury özüniň doglan senesini bilmeýändigini aýdýar. Ahyrynda ol Maryda ýörite medisina barlagyndan geçirilýär. Şonda oňa 1940-njy ýylyň 24-nji fewralynda dünýä inen diýlip şahadatnama berilýär. Şol sene hem saz öwrenijiler tarapyndan iň esasy ynamdar subutnama hasap edilýär.

Eýsem-de bolsa, bar gep diňe bir günde hem däl, gep hakykatdanam şeýle uly zehiniň dünýä ineninde, onuň türkmen medeniýetini ölmez-ýitmez derejä göterip bileninde. Gep onuň bitiren hyzmatynda.

Nury gaty gysga ýaşady. Şol gysga ömründe hem ägirt köp işler etmegi başardy.

Ýakynlary ýatlaýar

Nurynyň şol gysga ömri barada onuň dosty hem sazlarynyň janköýeri şahyr Şiraly Nurmyrat şeýle diýýär:

“Nurynyň ýiti zehinine, üýtgeşik talantyna wagtynda üns berildimi diýen sowal ýüze çykýar. Muňa gürrüňsiz “Hawa” diýip jogap bermek bolar. Sebäbi ýaňy Moskwa konserwatoriýasyny gutaryp gelen ýaş kompozitora “Şükür bagşy” filmine saz ýazmak tabşyrylýar.

Bu ýerde türkmen halkynyň milli saz guraly dutar bilen dünýä medeniýetiniň gazanan ýokary derejesi simfoniki orkestriň owazy hem ýaryşy gidýär. Bizde şol döwürde örän abraýly kompozitorlar bardy. Ýöne režisýor Polat Mansurow Nury Halmämmedowy saýlap alypdyr. Ol bolsa özüne bidirilen ynamy aňry ýany bilen ödedi. Onuň bu filme ýazan sazy Gyrgyzystanyň paýtagty Frunze şäherinde Bütinsoýuz baýragyny
aldy".

Nury Halmämmedow ilkinji 2 seriýaly film “Aýgytly ädime” saz ýazdy. Şondan soňra ol kinofilmler üçin saz ýazmakda iň esasy hem tapylgysyz kompozitira öwrüldi.

Onuň eserlerini mydama Moskwanyň iň belli saz toparlary çalmaly bolýardy. Şeýle-de bolsa ol ýurduň öz içinde hormatly derejä-de, şöhratly atlara-da ýetip bilmedi.

Bu barada Nuryny ýakyndan tanaýan, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Annaberdi Agabaýew öz çykyşlarynyň birinde şeýle diýdi:

“Adama wagtynda edilen goldaw ony açýar, hasam ösdürýär. Nury neressä hiç hili goldaw diýleni, onda biz tarapdan, iň bärikisi Türkmenistan tarapdan goldaw ýokdy-da. Onsoň beýlekileri biliber?! Beýlekiler ony gollaýardylar gaýtam. Şeýle-şeýle bir nemeler aýdardylar o hakda, belli adamlar. Emma bizde şol goldaw ýokdy. Bolýan bolsa iň bärikisi oňa bir iň kiçijik at dagam bererdiler barka, dirikä. Bolmady-da şo goldaw. Şol zehinli oglanlaryň köpüsi şoň ýalyrak boldy”.


Nury biziň aramyzda

Nury aradan çykandan soňra, örän gysga wagtyň içinde Türkmenistanyň hem şol wagtky SSSR-iň sungat-medeniýet ugrundan berilýän ýokary sylaglarynyň köpüsine yzly-yzyna mynasyp boldy. Ol ajaýyp kompozitor hökmünde ykarar edildi. Onuň sazlary mydama ýaňlandy. Hatda professional sungaty halamaýan, Opera we Balet teatryny ýapdyran, fortepianpda saz çalmagy gadagan eden öňki prezident S. Nyýazow hem Nury Halmämmedowyň sazlarynyň aşa milliligini hem beýikligini ykarar etdi. Haýsydyr bir döwürde onuň käbir eserleri eşidilmese-de, ol biz bilen mydama ýaşap geldi.

Nury Halmämmedowyň beýik hyzmaty barada onuň kärdeşlerinden, kompozitor Aman Agajykow yzygiderli aýdyp gelýär. Aman Agajykowyň şol çykyşlary bize Nury Halmämmedowyň sazlaryna düşünmäge ýol açýar.

Kompozitor Aman Agajyk Nurynyň durmuş bilen deň ýaşaýandygy barada, ine, şeýle diýýär:

“Biziň söýgüli, meşhur kompozitorymyz, hawa, Nury. Ol aramyzda ýok diýmeli däl. Günde görýäs ony, Nury günde bar biziň aramyzda. Nury ýaşap ýör. Nurynyň ruhy, Nurynyň sazy, Nurynyň güler ýüzi, hemmesi – ol janly”.