12-nji fewraldaky hökümet maslahatynda Döwlet gullugy akademýyasynyň işi boýunça geçirilen barlaglaryň netijeleri barada hasabat berildi.
Ýokary gözegçilik palatasynyň başlygy O.Gurbannazarow Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy bilen prezidentiň ýanyndaky akademiýanyň işi boýunça geçirilen baglaglar netijesinde ençeme kemçilikleriň ýüze çykarylanlygyny habar berdi.
Hökümet maslahatynda G.Berdimuhamedowyň Döwlet gullugy akademiýasynyň işine tankydy bellikleri edenligi, akademiýanyň rektory A.Annamyradowyň, wise-premýerler H.Saparlyýewiň we beýlekileriň adyna tankydy sözleri aýdanlygy resmi maglumatlarda agzaldy.
G.Berdimuhamedow degerli ýolbaşçylaryň hiç biriniň akademiýanyň işiniň guramaçylygy we berilýän bilimiň hili bilen şu çaka çenli çynlakaý gyzyklanmanlygyny aýtdy.
Öňünde ýokary derejeli döwlet işgärleriniň bilimini artdyrmak we taýýarlamak wezipesi goýlan Döwlet gullugy akademiýasynyň işindäki bökdençlikleriň sebäbini käbir synçylar kadrlary taýýarlaýan spesialistleriň ýetmezçiligi bilen baglanyşdyrýarlar.
Türkmenistanly žurnalist Döwletmyrat Ýazgulyýew Türkmenistanda kadrlaryň ýokdugyny we munuň ýiti ýetmezçiligi duýulýandygyny aýdýar. “Şonuň üçin hem şol gulluga käýinç yglan edilýär”.
Türkmenistanyň Döwlet gullugy akademiýasy 2009-njy ýylyň 2-nji martynda açylypdy. Akademiýany açmak karary 2008-nji ýylyň güýzünde kabul edilipdi.
Akademiýanyň maksady we netijeliligi
12-nji fewraldaky hökümet maslahatynda akademiýanyň öňünde duran wezipeler barada aýdyp, G.Berdimuhamedow onuň diňe syýasat we ykdysadyýet bilen çäklenmän, döwre laýyk garaýyşlary talap edýän beýleki ugurlardan hem köptaraplaýyn bilim bermek üçin açylanlygyny belledi.
Prezidentiň sözlerine görä, akademiýada bilim alýan ýokary derejeli döwlet işgärleri öz işlerini Konstitusiýa laýyklykda ýerine ýetirmegi hem öwrenmeli.
Postsowet döwletlerinde syýasy-jemgyýetçilik prosesleri öwrenýän Informasion- analiz merkeziniň bilermeni Aleksandr Karawaýew täze açylan akademiýanyň bir ýyl wagt aralygyndaky işiniň netijeliligine baha bermegiň kyndygyny belleýär: “Türkmenistanda şeýle edaradan tiz netijä garaşmak mümkin däl. Bir ýyl geçip-geçmänkä, onuň ýurduň adminsitratiw we häkimiýet sistemasynda talap edilýän täze spesialistleri taýýarlap çykarjagyny çak etmek hem kyn”.
Karawaýewiň pikirine görä, adatça, şeýle akademiýalarda döwlet karýerasy üçin zerur dokumente eýe bolmak üçin bilimini artdyrýan, ýokary bilimli we tejribeli döwlet işgärleri okaýarlar. “Döwlet gullugy akademiýasyny açmak bilen Türkmenistan Orsýetiň we goňşy döwletleriň tejribelerine eýeren bolmaly”.
Tankytlara näme sebäp bolýar?
Aleksandr Karawaýew Döwlet gullugy akademýasynyň tankytlanmagynyň sebäplerini ýurtda kadrlar meselesi bilen bagly uly kynçylyklar dowam edýärkä, günäkäri tapmak boýunça köne tejribeleriň dowam edýänliginde görýär.
Bilermen aslyýetinde bilim berýän döwlet edarasynyň işine hil taýdan baha bermegiň kyndygyny belläp, şol bir wagtda-da barlaglar netijesinde maliýe serişdeleriniň özleşdirilmegine degişli kemçilikleriň ýüze çykan bolmagynyň ähtimallygyny aradan aýyrmaýar.
Şol bir wagtda-da Döwletmyrat Ýazgulyýew döwrüň talaplaryna laýyk ýolbaşçy işgärleriniň ýetmezçiligi problemasynyň Türkmenistanda agyrlygyna galýanlygyny belledi: “Nyýazowyň syýasy sistemasynda kadrlar diňe şahsy wepalylyk boýunça wezipä bellenipdi. Olaram belli bir döwürde Nyýazowa gerek däl wagty wezipesinden gyrakladylyp, Türkmenistan boýunça uly kadrlar meselesi emele geldi”.
Şu günki gün döwlet wezipesine bellenýän adamlar bellenen badyna gowy diýip aýdylsa-da, 3-4 aýdan soň eýýäm şonuň gowy däldigi, işini oňarmaýanlygy aýdylyp, wezipesinden boşadylýar. Ýazgulyýewiň aýtmagyna görä, hut şunuň özi-de Türkmenistanda kadrlar meselesiniň gaty ýiti durýanlygyny görkezýär.
Akademiýanyň ähmiýeti
Döwletmyrat Ýazgulyýew Türkmenistanyň Döwlet gullugy akademiýasynyň bilim we ylym ugrundaky beýleki döwlet edaralary bilen ýakyn işleşmegi onuň işiniň netijeliligini artdyryp biler diýip, pikir edýär.
Reformalar syýasatyny yglan edýän ýurt üçin ýokary derejeli döwlet işgärleriniň derejesini artdyrmak boýunça okuw jaýlarynda bu ugurdan dünýä tejribeleriniň öwrenilmeginiň ähmiýetini hem bilermenler belleýärler.
Aleksandr Karawaýewiň pikirine görä, postsowet sistemasyndan geçiş ýolundan barýan ýurtda kadaly bilim almagyň, aýratynam ykdysady we administratiw reformalary amala aşyrmak boýunça tejribeli bilermenler okadýan okuw jaýlarynyň bolmagy reformalaryň yzygiderli amala aşyrylmagy üçin zerur.
12-nji fewralda hökümet maslahatynda G.Berdimuhamedow Döwlet gullugy akademiýasynyň işine ünsi artdyrmagyň zerurlygyny nygtady. Döwlet baştutanynyň sözlerine görä, akademiýada bilim alýanlar berk giriş ekzamenleri esasynda saýlanylmaly, olara leksiýalary bolsa prezident apparatyndan, Daşary işler ministrliginden we beýleki döwlet edaralaryndan tejribeli bilermenler okamaly.