Döwlete garaşlylyk ýa-da türkmen kapitalizmi

Hususy sektory ösdürmek boýunça mundan öňki edilen birnäçe synanyşyk netijeli boldumy? Eger G.Berdimuhamedow kiçi hem orta biznese goldaw boýunça döwlet komissiýasyny döretmek kararyna gelen bolsa, diýmek, bu ugurdaky işleriň ählisi ony kanagatlandyrmaýar.
Mysal hökmünde ykdysady sektoryň köp ugruna hususyýetçiligiň ýaýraýyş, ornaşyş derejesini alyp göreli. Şu ýagdaý real hakykata gapma-garşy gelýän bolsa gerek. Çünki telekeçiligiň örüşi oba hojalygy, jemgyýetçilik iýmiti, bölekleýin gurluşyk işleri bilen çäklenýär.

Türkmenistanyň daşary ýurtly partnýorlar, daşary ýurt bazarlary bilen bagly biznesinde hususy sektora orun berilmeýär diýen ýaly. Şu meselede agalyk döwletiň elinde. Köpçülikleýin habar serişdelerinde hususy telekeçiligiň ýaýramagyna mümkinçilik ýok.

Habar serişdeleri häkimiýetleriň ideologik hem propagandistik kontrollygynyň aşagynda dur. Bu ugurdan ýagdaýy düzetmek üçin hemişe meselä prezident goşulmaly. Türkmenistanyň köpçülikleýin habar serişdelerinde hiç hili konkurensiýanyň, bäsdeşligiň ýokdugyny, olaryň döwlet kontrollygynyň güýçli basyşynyň astynda ýegşerilýändigini halkara synçylary belleýärler.

Prezidentiň täze döreden organy hususy sektory doňup galan nokadyndan gozgap bilermi? Bu döwlet komissiýasynda döwletiň nobatdaky býurokratik oýunlarynyň pynhan howplary bar bolaýmasyn? Bu komissiýa hususy telekeçilige ýardam berermi ýa ol şol işe kontrollyk edermi?

Býurokratlar we çinownikler öz başlyklarynyň öňünde özleriniň iş üçin gerekdigini, zerurdygyny görkezmegi gowy görýärler. Eger döwlet komissiýasyny döretmegiň awtorlary islese-islemese, hususy sektory goldamaga synanyşyk edip, ahyrky netijede ýönekeý polisiýa-saklaýyş, jylawlaýyş funksiýasyna eýe bolmazmy?

Eger şeýle bolsa, ol ýurduň içerki we daşarky aktiwlik derejesini täze basgançaga çykarmak boýunça edilýän tagallalara ters geler.

Inisiatiwa bolmazdan ösüş ýok


Türkmenistanyň prezidenti daşary ýurtlara saparlaryny yzygiderli artdyrýar, şol wizitlere ykdysadyýetiň döwlet we hususy sektorlary deň derejede gatnaşan ýagdaýynda, diňe şol ýagdaýda ol öňe tarap böwsüşli netijeler berip biler.

Ondanam başga işewür gatnaşyklar döwlet derejesinde däl-de, hususy derejede alnyp barylsa, şonda ol real, duýarlyk derejede netijeler berer. Türkmenistanyň Fransiýa bilen, Birleşen Arap Emirlikleri bilen bellenen bilelikdäki ykdysady programmalary hut hususy sektorda doly bahaly netije berip biler.

Şol ýurtlarda hususy sektor döwlet sektoryndan has öňde. Türkmenistan nähili hususy sektor bilen muňa jogap berip biler? Türkmenistanyň potensial hyzmatdaşlarynda bar mümkinçilikler ýerli telekeçilerde bolarmy? Edil şu ýagdaý medeni we informasiýa meýdanynda-da dowam edýär.

Kommunistler tarapyndan döredilen, soň Nyýazow tarapyndan dowam etdirilen döwlete doly garaşlylygy diňe güýçli ösýän türkmen kapitalizminiň ýeňip biljekdigine ýokarda oturanlar düşünip ugradymyka, onuň zerurlygyny duýýarmykalar? Nyýazow öz döwründe tutuş döwleti jübüsine saldy ýa jübüsinde saklady. “Hususy sektor garaşsyz ýa garaşlylygy çäkli adamlar synpyny döredýär” diýip, mundan öler ýaly gorkýanlar häkimiýet gatlaklarynda bar bolsa gerek.

Inisiatiwa bolmazdan ösüş ýok, inisiatiwa-da taýak depäňde abanyp durka döremeýär. Bularyň haýsyny saýlap almaly – şu mesele bilen häkimiýet indi näçinji sapar ýüzbe-ýüz bolýar? Gumly halkyň beýik bir parasatly sözi bar: "Dyza çöküp oturan adam – ýarym adam".

Aleksandr Narodetski post-Sowet döwletleri boýunça britaniýaly bilermen. Şu kommentariýada öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.