Täze häkimiýete üç ýyl doldy

11-nji fewralda G.Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň prezidenti saýlananyna, 14-nji fewralda onuň kasam kabul edip, resmi häkimiýet başyna geçenine üç ýyl doldy.
Geçen döwür içinde nähili özgerişler boldy, çözülmeli nähili meseleler bar? Bu sapar “Tegelek stol” programmamyzda şu barasynda gürrüň ederis.

Söhbetdeşlige Şwesiýadan türkmen parlamentiniň öňki deputaty Halmyrat Söýünow, Londondan postsowet döwletleri boýunça ekspert Aleksandr Narodeskiý, Agşabatdan ýazyjy Amanmyrat Bugaýew gatnaşýar.

Gepleşigiň dowamynda türkmenistanly diňleýjilerimiziň şu günki gozgalýan tema boýunça pikir-garaýyşlary bilen-de tanyşdyrarys. Programmany Pragadaky studiýadan Nazar Hudaýberdi alyp barýar.

“Tegelek stol” diskussiýasyny diňlemek üçin sag tarapda ýerleşdirilen audio düwmesini basyň.