Taýýar önümleriň eksporty artdyryljak

Çig mal önümlerini işläp bejerýän täze kärhanalaryň sanyny köpeltmek bilen Türkmenistan çig mal serişdeleriniň eksportyna daýanýan ykdysadyýetiniň girdeji getirýän ugurlaryny taýýar önümleri öndürýän kärhanalaryň hasabyna köpeltmek maksadyny yglan edýär.
Ýurduň taýýar önümleriniň önümçilik derejesini galdyrmak üçin nähili mümkinçilikler bar?

Resmi maglumatlarda 9-njy fewralda Daşoguz welaýatynda açylan täze egirme-dokma fabrikde ýylda 16,6 müň tonna çig pamyk işlenilip, 14,5 müň tonna ýokary hilli matanyň çykaryljakdygy aýdyldy. Habar berlişine görä, kärhana ýylda 24 million 700 müň dollarlyk önüm öndürer.

Dabaraly ýagdaýda açylan bu fabrigiň gurluşygyna 66 million 540 müň dollar sarp edildi. Şu günki gün Turkmenistanyň dokma senagatynyň önümleriniň 70 %-i daşary ýurtlara, şol sanda ABŞ-a, Kanada, Orsýete, Ýewropa döwletlerine, Hytaýa, Türkiýä we ýene ençeme beýleki ýurtlara eksport edilýär. Bu barada täze fabrigiň açylyş dabarasynda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Önümçiligi artdyryp, iş orunlaryny döreder

Türkmenistanyň prezidentiniň sözlerine görä, çig mal önümlerini işläp taýýar önüm çykarýan täze fabrikleriň gurluşygy Türkmenistanyň ykdysadyýetini çig mal önümçiliginden taýýar önümleri öndürmeklige geçirmek boýunça döwlet planlaryna laýyklykda amala aşyrylýar.

5-nji fewralda geçirilen hökümet maslahatynda G.Berdimuhamedow, hususan-da, şeýle diýdi: Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklaryny çig mal önümçiliginden taýýar önümleri öndürmäge geçirmek we täze iş orunlaryny döretmek barada biziň kabul eden maksatnamalarymyza laýyklykda häzirki wagtda ýurdumyzda iri dokma fabrikleriniň birnäçesiniň gurluşygy tamamlandy”.

“TDH-nyň” habaryna görä, Daşoguzda açylan täze kärhana ýarym müň iş orunlaryny döretmäge mümkinçilik berýär. Ýene şonça iş orny Gökdepede 17-nji fewralda açyljak täze egirme-dokma fabriginde hem dörediler.

Zerur şertler

Türkmenistan boýunça bilermen, Ankaranyň Gazy Uniwersitetiniň Halkara gatnaşyklar boýunça bölüminiň professory Mehmet Seýfetdin çig mal resurslaryna, esasanam energiýa serişdelerine esaslanýan ykdysadyýetli Türkmenistanyň beýleki pudaklaryny hem ösdürmek kararyny logika gabat gelýän ädim diýip atlandyrdy. Emma bilermen bu maksatlaryň amala aşyrylmagynyň maýa goýumlaryny we adam güýjüni talap
Zerur kadrlary taýýarlamakdan daşgary olary ýurtda saklamaly.
edýänligini belledi.

Orsýetiň Ýokary ykdysady mekdebi Döwlet Uniwersitetiniň informasiýa, ykdysadyýet we syýasat fakultetiniň ýolbaşçylaryndan Andreý Suzdaltsew Türkmenistanyň ykdysadyýetini çig mal önümçiliginden taýýar önümleriň öndürilmegine geçirmek mümkinçiligini nola deňeýär.

Suzdaltsew munuň sebäbini Türkmenistanda zerur şertleriň ýoklugy bilen düşündirdi: “Sebäbi taýýar önümleriň eksport derejesine çykmak üçin birnäçe faktorlaryň bolmagy zerur. Olaryň biri inwestisiýalara bagly, ýagny uly möçberde maýa goýumlarynyň ýatyrylmagyny talap edýär. Ikinjisi, kadrlar. Zerur kadrlary taýýarlamakdan daşgary olary ýurtda saklamak hem gerek. Gowy spesialistlere bolsa dünýäniň ähli ýerlerinde uly isleg bar. Onsoň kadrlary ýurtda saklamak üçin sosial-ykdysady şertleri gowulandyrmak, durmuş derejesini ýokarlandyrmak gerek. Galyberse-de, amatly syýasy şertleriň zerurlygy hem ýüze çykýar”.

Önümçilik, ykdysady ösüş we syýasy ýagdaý…


Emma Mehmet Seýfetdin Türkmenistanyň ykdysadyýetini köp ugurlardan ösdürmek strategiýasy üstünlikli bolup biler diýip, hasap edýär.
Günbatar biznesi demokratik gymmatlyklaryň berjaý edilişine örän uly ähmiýet berýär.
Bilermen ýurtda infrastruktura pudagyny ösdürmek, täze ýollary, howa meýdanlaryny gurmak, bank sistemasyny reformirlemek, soňky döwürde bilim pudagyna ünsi artdyrmak ýaly çäreleriň amala aşyrylmagynyň Türkmenistanyň milli ykdysadyýetiniň ugurlaryny özgertmäge tarap ädimdigini, taýýar önümleri öndürýän täze kärhanalaryň açylmagynyň bolsa strategiýanyň dowamy bolup durýanlygyny belledi.

Emma ýurduň ykdysady ösüşiniň demokratik özgerişlere baglydygyny hem türkiýeli bilermen belledi: “Türkmenistan üstünlikli ösüşe eýe bolup biler. Emma munuň üçin ol demokratiýa we adam hukuklary babatda hem özgermeli. Günbatar döwletleri we maýa goýujylar Türkmenistanyň bu ugurdan özgerişine syn edýärler. Sebäbi Günbatar biznesi demokratik gymmatlyklaryň berjaý edilişine örän uly ähmiýet berýär”.

Türkmen habar beriş serişdeleriniň maglumatlaryna görä, garaşsyzlyk ýyllarynyň dowamynda Türkemenistanyň dokma senagatyny täzelemek maksatlary bilen pudaga 1,3 milliard dollar mukdarda maýa ýatyryldy. Çig mal önümlerini gaýtadan işleýji fabrikleri pagta öndürýän her bir etrapda gurmak göz öňünde tutulýar.