5-nji fewralda geçiren hökümet maslahatynda Türkmenistanyň prezidenti köpçülikleýin habar serişdeleriniň, şol sanda milli telewideniýäniň işinden nägilelik bildirdi.
Türkmen prezidenti “Türkmenistan” telekanalynyň direktory Annamyrat Annaeýwi ýiti tankyt edip, ony wezipesinden boşatdy. Onuň ýerine Medeniýet we teleradiogepleşikler ministriniň orunbasary Aýmuhammet Orazmuhammedow telekanala wagtlaýynça başlyk bellendi.
Medeniýet we teleradiogepleşikler ministriniň orunbasary Orazmuhammedowy prezident ýagdaýy gowulandyrmak üçin telewideniýä ugratdy. Pes derejedäki jogapkärlik, operatiwligiň gowşakdygy, programmalary taýýarlamaga çemeleşmede professionallygyň ýokdugy prezidentiň çykyşynda nygtaldy.
“Köpçülikleýin habar serişdeleriniň netijeli, döredijilikli işlemegi üçin häkimiýetiň ähli şertleri döredýän, şol sanda maddy bazany pugtalandyrýan döwri agzalan kemçilikleriň ýüze çykyşyna, dowam edişine düşünip bilmeýändigini” prezident aýtdy.
Haýsydyr bir zatlar işiň ilerlemigine päsgelçilik döredýärmi ýa-da haýsydyr bir şertler ýetenokmy? Ýolbaşçylaryň çalşyrylmagy bilen işiň gowulanjakdygyna kepil barmy? Täze bellenen Orazmuhammedow öňki direktor Annaýewden ökde bolarmy?
Orazmuhammedow diňe bir öz statusy bilen tapawutlanýar, ol häkimiýetiň ýokary gatlaklary bilen aragatnaşykda. Öňki başlyk bilen aralarynda şondan başga hiç bir tapawut ýok. Şol gatnaşyklar programmalaryň gowulanmagyna kömek edermi?
Ýurt geçen ýyl ykdysady planda, ylaýtada öz önümlerini daşarky bazara çykarmak üçin alternatiw ýollar tapmakda uly öňegidişlikler gazandy. Ýurt dünýä bilen ykdysady gatnaşyklaryny giňeldýär. Prezidentiň özi tutuş dolandyryjy apparatyny daşary ýurtlardan partnýor tapmaga iterýär.
Ustünlikler göze görnüp dur. Ýöne näme üçin ideologiýada, informasiýa giňişliginde öňegidişlik ýok? Ýurduň yzagalakdygy mese-mälim göze dürtülip duran pudaklarynyň işine ýokary ýolbaşçylykda kim jogap berýär?
Teleradioprogrammalar, gazetler üçin täze formalar tapmagy, täze ideýalary ornaşdyrmagy agyzdyryklap, ýurdy yza çekýän kim? Türkmenistanda ideologiýa jogapkär adamlaryň arasynda öňki döwrüň syýasatyny dowam etdirýänler bar bolaýmasyn?
Ideolgiýanyň baş arhitektory
Şunuň bilen bagly ýurtda ideolgiýanyň baş arhitektory hasap edilýän adamyň – Wiktor Hramowyň adyny tutman geçmek bolmaz. Türkmenistanyň dolandyryjy apparatyndan üzlem-saplam maglumatlar syzyp çykýar, şolardan çen tutulsa, Hramowyň rugsady bolmazdan, ýurtda ýekeje-de ideologik-propagandistik karar dünýä inmeýär. Neşir önümleriniň ählisi onuň redaksiýasy bilen çap edilýär. Belki, teleradioprogrammalara-da onuň özi hem ýakynlary ýolbaşçylyk edýändirler?
Wiktor Hramowyň tejribesi diýseň özboluşly. Ol Nyýazow režiminde onýyllyklaryň dowamynda şol režime mahsus ideologiýany gurupdy. Türkmen delegasiýasynyň Pariže wizitinde prezident apparatynyň baştutany atlandyrylan Aleksandr Žadanam bu işlere gözegçilik edýänleriň biri bolaýmasyn? Eger şeýle bolsa, Žadanyň razylygy bolmazdan, möhüm hökümet kararlary kabul edilmeýär. Ozal Nyýazowa, indem Berdimuhamedowa ýakyn durýan bu kömekçilere täze döwrüň, täze prezidentiň täze talaplaryny ýerine ýetirmek üçin işi üýtgedip gurmak eýgerdýän däldir?
Nyýazow döwründe döredilen awtokratik-býurokratik apparat depäňden basyp durka, telewizion programmalary nädip hil taýdan gowy etjek? Postsowet döwletleri bolan Ukrainada, Moldowada, hat-da Orsýetdedir Gazagystanda hem informasiýa önümleriniň hili gowulandy, çünki bu ýurtlarda köpçülikleýin habar serişdeleriniň üstünden başdan - aýak kontrollyk gowşadyldy.
Teleprogrammalaryň we beýleki köpçülikleýin habar serişdeleriniň derejesine täsir edýän ýene bir faktor bar. Ol bäsdeşlik, bäsdeşlik meýdany hem onda hususy kanallaryň, gazetleriň, radionyň bolmagydyr.
Berdimuhamedow hususy sektoryň ösmegine gyzyklanma bildirip başlady. Ýöne näme üçin şol gyzyklanma köpçülikleýin habar serişdelerine ýaýraberenok? Ýa habar resurslary ýer astyndan paýlaşyldymy?
Şeýle bolaýanda-da, ol bölünişik türkmen informasiýa meýdanynda barybir zerur bäsdeşligi döretmedi. Bäsdeşlik hem gerekmejek berk gözegçiligiň gowşadylmagy kadrlary çalyşmak bilen deňeşdirilende, has täsirli netijeler berip bilerdi.
Jylawy şol bir çekip durmagyň gowy däldigini çapyksuwar gowy bilýär. Şeýle bedewden hötjet eşegiň peýdasy köp bolup çykýar. Gowy çapyksuwar şeýle bedew bilen menzil aşmajagyny bilýär. Ol howply.
Aleksandr Narodetski post-Sowet döwletleri boýunça britaniýaly bilermen. Şu kommentariýada öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.