Türkmenistanda ynsan hukuklary: Gynamalar

Raýatlaryň kanuny hak-hukuklaryny we azatlyklaryny beýjaý etmeýän ýurtda ösüş-özgerişiň bolup bilmeýänligine ynsan hukuklaryny goraýjylar ünsi çekýärler. Şu sebäpden soňky ýyllarda özgeriş syýasatyny yglan eden Türkmenistanyň raýatlaryň hukuklarynyň doly berýjaý edilmegi boýunça çynlakaý çäre görmegiň zerurlygy nygtalýar.
Türkmenistandaky ynsan hukuklarynyň ýagdaýy prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Fransiýa saparynyň dowamynda maslahat edildi.

1-nji fewralda Parižde Türkmenistanyň we Fransiýanyň prezidentleri ynsan hukuklary boýunça Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky dialogy dowam etdirmegiň tarapdarydyklaryny tassykladylar. Bu barada Parižiň Ýeliseý köşgüniň ýaýradan resmi maglumatynda aýdyldy.

Adam hukuklaryna degişli haýsy meseleleriň gozgalanlygy barada jikme-jik maglumat berilmedi. Türkmenistanyň resmi maglumatlarynda bu temanyň gozgalanlygy barada agzalmady.

Soňky ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň prezidentiniň daşary ýurtlara saparlarynyň öňýanynda ynsan hukuklaryny goraýjy halkara guramalar Türkmenstandaky problema köpçüligiň ünsüni çekmek boýunça çäreler geçirýärler.

Şeýle çäreler G.Berdimuhamedowyň Fransiýa saparynyň öňýanynda hem geçirildi. “Fransiýanyň ynsan hukuklary boýunça ligasy”, “Human Rights Watch”, “Ynsan hukuklary boýunça halkara federasiýasy” we “Serhetsiz reportýorlar” guramasy tarapyndan ýaýradylan bilelikdäki beýannamada Türkmenistanyň türmelerindäki ýagdaýy öwrenmek üçin halkara synçylaryň göýberilmegi şu günüň ähmiýetli meseleleriniň arasynda agzaldy.

Halkara guramalaryny, şol sanda “Gyzyl haç we ýarym aý” guramasyny türmelerine goýbermeýän Merkezi Aziýa regiony boýunça ýeke-täk ýurduň Türkmenistandygy aýdylýar. Munuň bolsa, problemanyň möçberini anyklamak işini kynlaşdyrýanlygyny synçylar belleýärler.

Gynamalary tassyklaýjy maglumatlar çäkli

Ynsan hukuklaryny goraýjy aktiwistler Türkmenistanda ynsan hukuklaryna degişli iň agyr problemalaryň biriniň gynamalar bolup durýanlygyny aýdýarlar.

“Türkmen Inisiatiwasy” guramasynyň müdiri Farid Tuhbatullin Türkmenistanyň türmelerindäki ýagdaýlar, şol sanda gynamalar barada diňe çäkli maglumatlaryň köpçülige elýeterlidigini belleýär.

“Gynamalary tassyklaýjy maglumatlara eýe bolmak kyn. Sebäbi gynamalary başdan geçirenler gynamalaryň ýene gaýtalanmagynyň gorkusy astynda ýaşaýarlar. Şonda-da gynamalara sezewar bolan adamlar barada bizde birnäçe maglumat bar. Bu barada biz ýakyn günlerde hasabat çap etmekçi. Ýöne bize ýüz tutýan adamlaryň köpüsi adynyň aýdylmazlygyny haýyş edýärler” diýip, Tuhbatullin aýdýar.

Türkmenistanyň türmeleriniň öňki tussaglary türmelerde bendileriň agyr urlup ýenjilýänligini, dürli kemsitmelere sezewar edilýänligini, açlyk çekdirilýänligini we günäni boýun aldyrmak üçin dürli gynamalara sezewar edilýänligini gürrüň berýärler.

Farid Tuhbatullin Türkmenistanyň sud sistemasynda gynamalaryň esasy gural hökmünde ulanylmagynyň dowam etdirilýänligini tassyklady: “Gynansak-da bu esasy gural hökmünde ulanylýar. Aýratynam derňew edaralary, Içeri işler we Howpsuzlyk ministrlikleriniň işgärleri jenaýatlaryň üstüni açmak üçin, özlerinde iş tejribeleri ýa degerli bilim derejesi bolmansoň, köplenç esasy gural hökmünde gynamalary ulanýarlar. Olar jenaýat işini gozgamak üçin adamlary gynamak arkaly faktlary toplaýarlar”.

Türkmenistan demokratiýa ýolundan barýanlygyny yglan edýän hem bolsa, adamlaryň ýitirim edilmeginiň öňüni almak, wyždan ýesirlerini boşatmak, gynamalaryň we beýleki zorluklaryň bes edilmegini gazanmak ýaly ädimleriň edilmeýänligini “Amnesty International” guramasy belleýär.

Ynsan hukuklarynyň berjaý edilmegi we açyklyk

“Amnesty International” guramasynyň Türkmenistan boýunça wekili Andrea Şprasse Kamaniniň nygtamagyna görä, Türkmenistan hakykatdan hem demokratiýa tarap özgermek we ynsan hukuklaryny berjaý etmek islese, ýurdy we öz türme sistemasyny halkara jemgyýetçiligine açmaly. Emma bu ugurda halkara jemgyýetçiliginiň edýän çagyrşlaryny türkmen häkimiýetleriniň jogapsyz galdyrýanlygyny “Amnesty International” guramasynyň wekili aýtdy.

Türkmenistanda Demokratiýa we ynsan hukuklary boýunça milli institut hereket edýär. 2007-nji ýylda kanuny goraýjy edaralaryň işi boýunça raýatlaryň şikaýatlaryna garaýan döwlet komissiýasy hem döredilipdi. Emma ynsan hukuklarynyň berjaý edilşine gözegçilik etmäge borçly edaralaryň işi barada ýerli habar beriş serişdelerinde örän seýrek we çäkli maglumat berilýär.

BMG-nyň gynamalara garşy Konwensiýasynda adamyň maglumat bermegini, günäni boýun almagyny ýa başga biriniň günäsini tassyklamagyny gazanmak üçin gorkuzmak ýa kemsitmek arkaly oňa döwlet işgerleriniň, wezipeli adamlaryň ýa-da olaryň görkezmesi bilen hereket edýän başga biriniň bilkastlaýyn fiziki ýa ruhy taýdan agyry ýa ejir çekdirmegi gynama hökmünde kesgitlenýär.

BMG dünýäde gynamalara we ynsana garşy rehimsiz hem kemsidiji hereketler boýunça göreşiň netijeliligini artyrmak maksady bilen 1984-nji ýylda Gynamalara garşy Konwensiýany kabul edipdi. Ony häzire çenli azyndan 146 döwlet ykrar etdi. Türkmenistan bu Konwensiýany 1999-njy ýylyň 25-nji iýunynda kabul edipdi.