2010-njy ýylda türkmen ykdysadyýeti

Şu ýyl dünýä ykdysadyýetinde ösüşiň emele gelmegine garaşylýar. Halkara guramalary tarapyndan çap edilýän çaklamalarda ösen we ösýän ýurtlar boýunça berilýän bahalar 2-5% aralygynda bellenilýär. Türkmenistanyň ykdysady ösüşi barada çap edilýän maglumatlar biri-birinden tapawutlanýar. Türkmenistan ykdysadyýetiniň güýçli depginde ösýänligini we ösüşiň üstümizdäki ýylda hem dowam etjegini tassyklaýar.
15-nji ýanwarda geçirilen hökümet maslahatynda 2010-njy ýylda ýurtda durnukly ykdysady ösüşiň bolmagy üçin ähli mümkinçilikleriň bardygy bellenildi we 2010-njy ýylda umumy içerki önümçilik derejesiniň 106,3 %-den az bolmajagy aýdyldy.

Şol bir wagtda-da Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň ösüşi barada biri-birinden tapawutlanýan çaklamalar öňe sürülýär.

“Roýters” agentliginiň maglumatynda Türkmenistanda ykdysady ösüş derejesiniň peselýänligi we 2009-njy ýylda bu derejäniň diňe 6,1 prosent bolanlygy, Türkmenistanyň hökümet resmisine salgylanyp, habar berilýär. Ýöne Ýewropada dikeldiş we ösüş bankynyň 2010-njy ýylda Türkmenistanyň ykdysady ösüşi 14 prosentden aşar diýip, çak edýänligi hem maglumatda bellenilýär.

Şu ýyl Türkmenistanyň umumy önümçilik derejesiniň geçen ýylda çak edilişinden ýokary bolup, 15,2%-den aşjakdygyny türkmen parlamentiniň Ykdysadyýet we sosial syýasaty boýunça komitetine salgylanmak bilen “Trend.az” internet neşiri ýazdy.

Dünýä bankynyň Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň ösüşine berýän umumy bahalary soňky ýyllarda 8-10% aralygynda görkezilipdi. Şol bir wagtda-da Dünýä bankynyň 2010-njy ýyl boýunça ýakynda çap eden çaklamlarynda şu ýyl dünýä ykdysadyýetiniň 2,7%, ösýän döwletleriň bolsa 5,2% ykdysady ösüşine garaşylýanlygy aýdylýar.

Türkmenistanyň ykdysady hakykaty

Ykdysadyýet boýunça bilermen, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň öňki başlygy Hudaýberdi Orazow Türkmenistanyň ykdysady ýagdaýyna baha berilmegi boýunça kynçylyklaryň sebäplerini şeýle düşündirýär: “Dünýäde halkara tertip-düzgün bar, nähili hasaplanmaly, maglumatlar haçan çap edilmeli. Şonda hakykatdan hem görünýär ösüş barmy ýa ýok. Türkmenistanda bolsa bu zatlar ýok. Şonuň üçin her hili nädogry maglumatlar ýüze çykyp durýar. Biri 20%, ýene biri 15 ýa 30 diýip. Hiç hili açyklyk statistika sistemasynda ýok. Eger-de halkara tertip-düzgün boýunça edilende, bu zatlar bolmazdy”.

Ykdysady ösüş derejesi köpleri gyzyklandyrýar, sebäbi raýatlaryň durmuş derejesi ýurduň umumy ykdysady ýagdaýyna bagly bolup durýar. Emma Türkmenistanda resmi taýdan yglan edilýän ösüş sanlaryna garanda adamlaryň durmuş derejesiniň gowulanýanlygyny görkezýän takyk alamatlaryň göze ilmeýänligini synçylar belleýärler we munuň belli bir derejede yglan edilýän resmi sanlara şübhe döredýänligini aýdýarlar.

Üstesine ýurtda amala aşyrylýan ägirt uly gurluşyk proýektlerine uly möçberde maýa goýumlarynyň sarp edilmeginiň, ýurduň girdeji taýdan kynçylygy bolman, döwlet tarapyndan ilatyň sosial zerurlyklaryna ýeterlik derejede üns berilmeýänligi barada pikir hem döredýänligini synçylar belleýärler.

2010-njy we 2011-nji ýyllarda Türkmenistanda täze obýektleriň gurluşygyna 23 ýarym milliard dollaryň sarp ediljegi resmi derejede yglan edildi. GDA döwletlerinde syýasy jemgyýetçilik prosesleri öwrenýän Informasion-analiz merkeziniň bilermeni Aleksandr Karawaýew Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň ýapyklygyna galýanlygyny, gurluşyklaryň çykdajylarynyň beýleki pudaklaryň maliýeleşdirmegini çäklendirilmegiň hasabyna üpjün edilýänligi barada hem pikir döredýänligini belledi.

Halkyň sosial-ykdysady ýagdaýy

Hudaýberdi Orazow Türkmenistanyň ykdysady ösüşine ilatyň durmuş derejesi esasynda baha berýär we hakyky ösüş üçin dünýä tejribelerine laýyk zerur şertleriň üpjün edilmeginiň ähmiýetini nygtaýar.

“Eger-de ýurduň içinde hakyky ösüş bar bolsa ol hökman halkyň ýaşaýşyna täsir ýetirmeli. Ýurduň ösýänligini ýa ösmeýänligini görkezýän halkyň durmuşydyr. Ýurduň ähli pudaklaryna, saglygy saklaýyşa, bilim sistemasyna, kiçi kärhanalar we kiçi bizness ugurlaryna hökümet seretmeli. Seretmeli diýende kontrollyk etmeli däl-de, kömek bermeli. Ýurdy ösdürmegiň öz ýollary bar. Olaryň biri ýurduň içinde kiçi biznesi ösdürmeli. Şolara mümkinçilik döretmeli işlemäge, ykdysadyýet pudaklaryny hususylaşdyrmaly” diýip, H.Orazow Azatlyk Radiosyna aýtdy.

Dünýä Banky hem Türkmenistan raýatlarynyň durmuş derejesini gowulandyrmaly diýip, hasap edýär. Guramanyň resmi maglumatynda bellenişine görä, Türkmenistanda, hususan-da, bilim we medisina hyzmatlarynyň hili ýokarlandyrylmaly, aýratynam bu oba ýerlerine degişli.

Türkmenistan daşary ýurtlar bilen ykdysady gatnaşyklaryny ösürmäge ähmiýet berýänligini yglan edýär. Ýurduň özünde we daşary ýurtlarda inwestision forumlar we sergiler geçirilýär. Hususan-da, şu günler Abu Dabide geçirilýän inwestision forumyň ýurduň makroykdysady ýagdaýy barada doly maglumat bermek maksadyny göz öňünde tutýanlygy resmi maglumatlarda aýdyldy.