Geçip barýan hepdede dünýä medeniýetinde uly wakalaryň biri rus ýazyjysy Anton Pawlowiç Çehowyň doglan gününiň 150 ýyllygynyň bellenmegi boldy.
A.P. Çehow rus edebiýatynda, şol sanda dünýä edebiýatynda ajaýyp prozaçy hem daramaturg hökmünde giňden bellidir.
Anton Pawlowiç Çehow 1860-njy ýylyň 29-njy ýanwarynda dünýä inipdi. 1904-nji ýylyň 2-nji (15-nji) iýulynda hem aradan çykdy. Ol gysga ömründe ençeme çeper eser döretdi. Onuň “Söýgi hakda”, “Ýany itlije gelin”, “Bus-bus adam”, “6-njy palata”, “Gelinlik” ýaly hekaýalary, “Sähra”, “Gijigen güller” ýaly powestleri, “Ülje bagy”, “Üç uýa”, “Çarlak” ýaly pýrsalary dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna girdi.
A.P. Çehowyň hekaýalaryna dünýä edebiýatynyň iň uly wekili L. N. Tolstoý “Çehow – prozadaky Puşkin” diýip, baha beripdi. Onuň drama eserleri bolsa W. Şekspiriň ölmez-ýitmez tragediýalryna deňeldi.
A.P. Çehowyň ähli ýazan eserleri, şol sanda garalamalary hem bellikleri rus dilinde dolulygyna diýen ýaly çap edildi. Ýazyjy barada döwürdeşleri hem soňkular köp-köp ýatlamalar ýazdylar. Bu ýerde olary gaýtalap durman, bu ajaýyp ýazyjynyň türkmen edebiýatyna hem medeniýetine ýetiren täsiri barada gürrüň etmekçi.
Türkmen edebiýatyna täsiri
Türkmen edebiýatynda, täze çeper prozanyň döremeginde A.P. Çehowyň täsiri örän güýçli bolupdyr. Bu ugurda türkmen prozasynyň irki wekillerinden Nurmyrat Saryhanowy, Agahan Durdyýewi hem Hajy Ysmaýylowy ýatlamak bolar. Bu üç ýazyjy täze prozany döredipdi. A.P. Çehowyň eserlerinde akyl bermek däbi ýok, öwretmek ýa-da durmuş wakalary hakda gürrüň edip: “bu dogry, bu bolsa nädogry” diýen kesgitlemäni çykarmak endigi hem ýok. Ol wakany beýan edýär, adam häsiýetini açyp görkezýär, adamyň tebigatyny suratlandyrýar. Netije çykarmagy bolsa okyjynyň özüne galdyrýar. Öň edebiýatda öwüt-ündew hem nesihat bermek ýörgülidi. Eseriň ahyrynda “sen beýle bolma, eýsem şeýle bol” diýlip, okyja dogry ýol salgy berilýärdi. A.P. Çehow çeper edebiýatyň hyzmatynyň başgadygyny, onuň durmuşy suratlandyrmalydygyny subut etdi.
A.P. Çehowyň bu gowy däbine soňky nesilden Naryman Jumaýew, Tirkiş Jumageldiýew, Berdimuhammet Gulow, Atajan Tagan, Ogultäç Orazberdiýewa, Baba Annanow hem beýlekiler eýerdiler.
A.P. Çehowyň edebiýata ýetiren beýleki bir uly täsiri çeper söze gadyr goýmak boldy. Ol eseri gysga hem çeper ýazmagy öwretdi. Diliň janly bolmalydygyny, wakalaryň örän täsirli beýan edilmelidigini görkezdi. Ol: “Gysgalyk – talantyň yýasy” diýer ekeni. Eseriň gymmatynyň ululygynda, ýagny göwrüminde däl-de, eýsem çeperçiligindedigini türkmen ýazyjylary A.P. Çehowdan öwrendiler.
Bu ýazyjynyň türkmen edebiýatyna ýetiren üçünji bir uly täsiri terjimeçilik sungatynyň ösmegine itergi berdi. A.P. Çehowyň eserlerini Anna Muhadow, Bäşim Ataýew, Naryman Jumaýew, Baýram Akmämmedow ýaly terjimeçiler türkmen diline geçirdiler. Olardan Anna Muhadow bilen Bäşim Ataýewiň hyzmatyny aýratyn bellemek gerek.
“Человек в футляре”
Bir mysal, Çehowda “Человек в футляре” diýen belli hekaýa bar. Terjimeçi ony “Gutudaky adam” diýip, sözme söz terjime etmän, eýsem “Bus-bus adam” diýip alypdyr. Şeýlelikde, A.P. Çehowyň eserleri yzigiderli hem dowamly terjime edildi. Olar birnäçe gezek ululy-kiçili kitap bolup çykdy. Ahyrynda şol terjimeler jemlenip, A.P. Çehowyň türkmen dilindäki üç tomlugy peýda boldy. Soňra şol üç toma girmedik hekaýalary hem B. Akmämmedow terjime edip, aýratyn kitap edip çykardy.
Şeýlelikde, geçen asyrda türkmenleriň arasynda A.P. Çehowy tanamaýan ýokdur diýmek bolar. Ol mekdep programmasynda hem giňden öwrenilýärdi. “Adamyň bar zady: onuň geýnişi-de, edebi-de, sözleýşi-de gözel bolmalydyr” diýen nesihaty çagalara ýaşlykdan öwredilýärdi.
A.P. Çehow çeper edebiýaty söýýänler üçin ajaýyp ýazyjydy. Döredijilik işgärleri üçin bolsa çeperçilik mekdebidi, eseri gysga hem täsirli ýazmagyň iň gowy nusgasydy.