Türkmenistan - Belarus: Bilim hyzmatdaşlygyna garaldy

25-nji ýanwarda Minskide geçen türkmen-belarus gepleşikleri netijesinde gol çekilen dokumentleriň arasynda ýurtlaryň birek-biregiň ýokary bilim, ylmy derejeler we atlar baradaky dokumentlerini ykrar etmek hakynda ylalaşyk baglaşyldy.
Türkmenistanyň Politehniki uniwersiteti we Belarusuň Milli tehniki uniwersiteti, şeýle-de Türkmenistnyň Oba-hojalyk uniwersiteti hem Belarusyň Döwlet Akademiýasynyň arasynda hyzmatdaşlyk barada ylalaşyga gol goýuldy.

Türkmenistanyň prezidentiniň Minskä sapary bilen baglylykda türkmen delegasiýasynyň Belarusda okaýan türkmen studentleri bilen duşuşyk geçirenligi, ”Turkmenistan Altyn Asyr” internet saýtynda habar berildi.

Maglumata görä, Belarusyň Milli tehniki uniwersitetine ýurduň 20-den gowrak ýokary okuw jaýlarynda okaýan türkmen ýaşlarynyň we ýokary mekdepleriniň mugallymlarynyň gatnaşmagynda geçirilen duşuşykda çykyş edenler Türkmenistan bilen Belarusyň arasynda professional kadrlary taýýarlamak boýunça hyzmatdaşlygyň zerurlygyny nygtadylar.

Belarusda türkmen studentleriniň müňlerçesi okaýar

Maglumatda aýdylyşyna görä, Minskide döwlete degişli 22 sany ýokary okuw jaýy bar, ýene dokuz sany hususy we bir arkadaşlyk ýokary mekdebi işleýär. Bu ýurtda jemi Turkmenistandan 2000-den gowrak student okaýar.

“Turkmenistan.ru” internet saýty Belarusda okaýan daşary ýurt studentleriniň arasynda türkmenistanly studentleriň iň köp sanlydygyny belleýär we olaryň 2 müň 800 adamdan gowrakdygyny habar berýär.

Belarusyň ýokary okuw jaýlarynda mugallymçylyk eden, pedagogiki ylymlaryň kandidaty Serdar Belarusda okaýan türkmenistanly ýaşlaryň sanynyň soňky ýyllarda köpelenligini Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi: “Häzir Belarusda takmynan bäş müňden gowrak student okaýar diýen maglumat bar. Olaryň esasy bölegi Politehniki uniwersitetde, Oba-hojalyk Akademiýasynda, Döwlet Uniwersitetinde, Medisina uniwersitetinde okaýar. Diňe bir paýtagt bilen çäklenmän, ýurduň Witebsk, Gomel we beýleki welaýat şäherlerine-de okamak üçin gaty köp gelýärler”.

Belarusyň ýokary okuw jaýlary barada Türkmenistanyň döwlet mediasyny internet ýaýradan maglumatynda, hususan-da, Belarusyň Milli tehniki uniwersiteti barada berlen maglumata görä, ýurduň bu ýokary okuw jaýy 15 fakultetden ybarat we onuň ýanynda gaýybana, şol sanda internet arkaly bilim bermek boýunça halkara instituty, şeýle-de spesialistleriň hünärini artdyrmak we gaýtadan okatmak boýunça üç sany institut bar. Belarusyň bu ýokary okuw jaýy dünýäniň 25 ýurdunyň 790-dan gowrak ýokary okuw jaýlary bilen hyzmatdaşlyk edýär diýip, maglumatda bellenilýär.

Öz hasabyna okaýanlaryň sany has köp

Soňky ýyllarda bilim we ylym pudaklaryny ösdürmek maksadyny yglan edýän Türkmenistanyň halkara gatnaşykarynda bilim hyzmatdaşlygyny ösdürmek aladalaryna synçylar pozitiw öňegidişlik hökmünde baha berýärler.

Şol bir wagtda-da soňky ýyllarda öňki sowet döwletlerinde, şeýle-de Günbatar döwletlerinde okaýan türkmenistanly studentleriň sany köpelen hem bolsa, Türkmenistanyň daşynda okaýan studentleriň aglaba bölegininiň öz hasabyna okaýan ýaşlardan ybaratdygyny belleýärler.
Studentler köplenç öz ene-atalarynyň we watandaşlarynyň ýardamyna daýanýarlar, emma biz häkimiýetlerimiziň hem öz döwletimiziň goldawyny duýmak isleýäris.


Belarusly Serdar Belarusda ýüzlerçe ýaşlar döwletiň goldawy bilen okaýan bolsalar, müňlerçesiniň öz hasabyna bilim alýanlygyny gürrüň berdi.

Türkmenistanyň resmi maglumatlaryna görä, 2009-njy we 2010-njy okuw ýylynda ýurduň öz ýokary okuw jaýlarynda 4 275, daşary ýurtlarda 2 700 student okaýar. 2009-njy ýylda Türkmenistanyň orta mekdeplerini gutaranlaryň sany bolsa 100 müň adam töweregi.

Belarusda okap ýören bäşinji kursuň studenti, Türkmenistanly Myrat Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolup, Belarusda okap ýören türkmen ýaşlarynyň bilim almaga uly höwesiniň bardygyny gürrüň berdi: “Türkmenistanly studentler uly isleg bilen okaýarlar we saýlap alan hünärleriniň ähmiýetine düşünýärler. Olar agzybir we bu ýerde özlerini watanynda ýaly gowy duýýarlar. Studentler köplenç öz ene-atalarynyň we watandaşlarynyň ýardamyna daýanýarlar, emma biz häkimiýetlerimiziň hem öz döwletimiziň goldawyny duýmak isleýäris”.

Orta mekdebiň bilim derejesiniň ähmiýeti

Belarusly pedagog, alym Serdaryň sözlerine görä, häzirki wagtda Belarusda okap ýören türkmen ýaşlarynyň ýüzbe-ýüz bolýan esasy kynçylyklarynyň arasynda olaryň orta mekdepde alan bilim derejesiniň köplenç pesligi uly mesele bolup galýar.

“Ýaşlaryň esasy bölegi ýokary okuw jaýynda bilim almaga taýýar däl. Bu problema hem mekdepden gaýdýar. Olaryň köpüsiniň elinde orta bilim şadatnamasy bolsa-da, orta bilimi ýok, ýönekeý zatlary bilenoklar. Şonuň üçin esasy taýýarlyk mekdepde görülmeli. Haýsy ugurdan okajak bolsaň, hökman şol ugurdan taýynlyk görmeli. Emma türkmen ýaşlarynyň matematikadan, şeýle-de fizikadan, himiýadan taýýarlyklary gowşak” diýip pedagog Serdar belleýär.

25-nji ýanwarda Türkmenistanyň we Belarusyň arasynda ýurtlaryň birek-biregiň bilim, şeýle-de ylmy derejeler we atlar baradaky dokumentlerini ykrar etmek barada ylalaşyga gol goýuldy.

Belarusyň Bilim ministri Aleksandr Radkowa salgylanmak bilen “Turkmenistan.ru” internet gazetiniň bellemegine görä, bu ylalaşyk Belarusda taýýarlanylýan spesialistleriň diplomlarynyň Türkmenistanda ykrar edilmegini aňsatlaşdyrar we olaryň zähmet bazarynda islegli bolmagyna ýol açar.