Eýse, pullar ýele sowrulanokmy?

Türkmenistanyň Merkezi Banky.

Soňky ýyl hökümetiň köp sanly içerki proýektlere pul goýbermegi bilen tapawutlandy. Ýa ýurtda real uly pullar peýda boldy ýa-da häkimiýetler girdejiden ozalkylardan azragyny gizläp saklap, ykdysadyýeti köpräk maliýeleşdirmek kararyna geldiler.
Bu ýerde gürrüň diňe bir daşary ýurt maýa goýumlaryny ýurda çekmek barada däl, býujet serişdeleriniň näçeräk ulanylyşy barada barýar. Döwletiň uly möçberde maliýeleşdirmegi, maýa goýmagy bilen bagly bir problema dömüp çykýar. Merkezi häkimiýet bar bolan serişdeleri türkmen jemgyýetiniň hakyky zerurlyklaryny näderejede göz öňünde tutup harçlaýar?

Şunuň bilen bagly halkara synçylary býujet serişdeleriniň ulanylyşynyň hemişe logika esaslanyp durmaýandygyny belleýärler. Ägirt uly möçberdäki pullar köplenç zerur diýmesi gaty kyn obýektlere gidýär.

500 million dollarlyk myhmanhana

Ine, Aşgabatda gurulmagy planlaşdyrylýan myhmanhanany alyp göreli. Oňa azam däl, köpem däl, 500 million dollar goýberilýär. Bir tarapdan, göräýmäge, Türkmenistanyň daşarky dünýä bilen gatnaşyklaryny giňeldýändigi üçin şeýle myhmanhana zerurlyk bar ýaly. Ikinji bir tarapdan, ýarym milliard dollarlyk myhmanhana, goý, ol döwlet üçin zerur diýeli, şeýle uly möçberdäki pul döwletiň beýleki çykdajylary bilen ýan-ýana goýulsa, ol ýerliklimi? Olar deňeşdirilende döreýän köp soraglardan gaça durmaly däl.

Meselem, Mejlisiň Ykdysadyýet we sosial syýasat boýunça komitetiniň başlygy Bäşim Annagurbanowyň sözlerine görä, ýurduň tutuş medeniýetine berlen pul 130 million dollar. Başgaça aýdylanda, indiki myhmanhana goýberilýän pul Türkmenistanyň Medeniýet ministrligine berilýän puldan tas dört esse köp. Şol myhmanhana Türkmenistanyň saglygy saklaýyşa harç edýän puly ýaly serişdäni ýuwudar. Eger döwletiň işdäsi diňe ýekeje gymmat bahaly myhmanhana bilen kanagatlansa, ol eýýäm zyýanyň ýarsy bolardy.

Iki ýylyň dowamynda merkezi häkimiýetiň ägirt uly gurluşyk proýektlerine 23,6 milliard dollar goýberiljekdigi beýik münberden yglan edildi. Bu bolsa tutuş döwlet sosial-üpjünçilik sistemasynyň maliýeleşdirilişi bilen deňeşdirilende 20 esse artykdyr. Sosial goraga bir milliard gowrak dollar berilýär.

Döwlet býujetiniň şeýle sarp edilişini näme bilen düşündirip bolar? Ilat köpçüligine zerur bolan sosial programmalary üçin býujet serişdeleriniň bölünip berilmesi Türkmenistanda köne sowet ölçegleri esasynda amala aşyrylýarmyka? Sowet döwründe asyryň gurluşygy diýlip, reklama edilýän gurluşyklara býujetdäki pullaryň esasy bölegi harçlanýardy. Medeniýete, sosial programmalara bolsa şondan galan owuntyklar berilýärdi.

218 million “Üç aýaga”, 50 million ýurduň oba ilatyna

Türkmen häkimiýetleri Bitaraplyk diňini aýyrjakdygyny yglan etdiler. Bu diňe bir Türkmenbaşy barasynda gowy bolmadyk ýatlamalary göterip ýören türkmenleriň kalbynda kanagatlanma duýgusyny oýarman, oňa dünýäniň köp ýurdunda gowulyga tarap ädim hökmünde baha berilýär.

Ýurduň geçmişindäki gara režimiň alamatynyň aýrylmagy, merkezden ýok edilmegi bilen bir hatarda türkmen häkimiýetleri onuň ýerinde täze, äpet uly ýadygärlik oturtmakçy. Ol döwlet gaznasyna 218 million dollara düşer. Ýene-de beýleki real harçlar bilen deňeşdirme zerurlygy peýda bolýar. Bäşim Annagurbanowa salgylansak, 2020-nji ýyla çenli oba ilatynyň sosial-durmuş şertlerini gowulandyrmak üçin her ýylda, çen bilen, 50 million dollar goýberiler. Diýmek, obany özgertmek üçin döwletiň berjek kömegi guruljak ýadygärligiň döretden bir bölegine deň bolýar.

Has zerur çykdajylary ýurtda kim kesgitleýär? Pullar häkimiýetiň ýene bir alamatyny döretmäge harçlanarmy ýa-da onçakly gowy bolmasa-da, garaz, adamlaryň gün-güzeranyny gowulandyrmak üçin ýardama harçlanarmy? Iş ýüzünde milliardlar daşlara, granitdir mermerlere harçlanyp, adamlara bahasy gara köpük owuntyklar galýarmy?

Aleksandr Narodetski post-Sowet döwletleri boýunça britaniýaly bilermen. Şu kommentariýada öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.