Geçen hepdede Merkezi Aziýanyň regionynyň medeniýet durmuşyndaky iň möhüm wakalaryň biri Özbegistanyň paýtagty Daşkentde bolup geçen ylmy konferensiýa boldy.
“Türküstanyň öwrenilişi: ylmyň başlangyjy we emele gelmegi” ady bilen geçirilen ol konferensiýa belli Gündogary öwreniji Wasiliý Wladimirowiç Bartoldyň doglan gününiň 140 ýyllygyna bagyşlandy” diýip, habar berildi hem bu çäräniň Özbegistanyň häzirki durmuşynda waka saýylýandygyny ýazdy.
Ylmy konferensiya onlarça akademik hem ylymlaryň doktory gatnaşypdyr. Russiýa Federasiýasyndan hem Özbegistanyň özünden professional taryhçylar, medeniýeti öwrenijiler, resmiler hem ilçiler konferensiýanyň işine aktiw gatnaşdylar diýlip, habar berilýär.
W. W. Bartoldyň Türküstany, umuman, Yslam Gündogaryny öwrenmekde bitiren hyzmaty çäksiz uludyr. Diňe ylmy babatda däl, praktiki işlerde hem W. W. Bartoldyň biziň regionymyz üçin aladalary köp.
Ýerli dilleriň möhümdigini aýdypdy
Bartold rus resmileriniň hem alymlarynyň arasynda ilkinji bolup, Merkezi Aziýa halklarynyň ýerli dilini öwrenmegiň möhümdigini aýdypdyr.
“Hut Bartold öz wagtynda resmilere Gündogar dillerini öwredýän mekdepler açmagy teklip edipdi. Russiýadan bu ýere ýollan adamlaryň ilki ýerli dili bilýändigi barada ekzamen tabşyrandan soňra döwlet işine başlamalydygyny aýdypdy” diýip, “Central Asia” internet saýty ýazýar.
“Türküstanyň öwrenilişi: ylmyň başlangyjy we emele gelmegi” atly ylmy konferensiýany alyp baryjy, taryh ylymlaryň doktory, Özbegistanyň Taryh institutynyň direktory Diloram Alymowa Sowetler zamanynda Moskwada Bartold okaýyşlarynyň geçirilendigini ýatladyp, şeýle okaýyşlary Daşkentde ýaňadan ýola goýmagy teklip edipdir.
Bu konferensiýa geçenden soňra dürli çekişmelere sebäp boldy. Sebäbi geçen asyryň 20-nji ýyllarynda soňraky soýuz respublikalary döredilende W.W. Bartold bu meseläni berk tankyt edipdi. Ol hususan-da 1918-nji ýylda döredilen Horezm respublikasynyň, onuň yz ýany döredilen Buhara Halk respublikasynyň dargadylmagyny we ýok edilmegini nädogry hasaplapdy.
Bartold “Orta Aziýadaky türki we eýran halkyýetleriniň taryhy aragatnaşykalarynyň meseleleri dogruda” diýen işinde bu meseläni gozgap, Horezm respublikasynyň ýok edilmegi bilen horezm medeniýetiniň we diliniň ýitip gitjekdigini aýdypdy.
Elbetde, bu ýubileý çäresi öz wagtyndan birneme gijikdirilip geçirilýär. Sebäbi belli alymyň doglan gününiň 140 ýyllygy geçen ýylyň noýabrynda bolupdy. Ýöne bellenjek bolsa alnymyzda ýene bir sene bar, şu ýylyň awgust aýynda bu belli alymyň aradan çykanyna laýyk 80 ýyl dolýar.
Bartoldyň gysgaça terjimehaly
Wasiliý Wladimirowiç Bartoldyň 1869-njy ýylyň noýabrynda Peterburgda dünýä inip, 1930-njy ýylyň 19-njy awgustynda hem şol ýerde dünýäden ötendigini Türkmen sowet ensiklopediýasy ýazýar.
Onuň doglan, önüp-ösen ýeri Russiýanyň Demirgazyk paýtagty bolsa-da, bütin işini hem ukybyny Gündogar halklarynyň, şol sanda Türküstanyň taryhyny hem medeniýetini öwrenmäge sarp edipdi. Ol Gündogar halklarynyň dilini, medeniýetini hem taryhyny çuňňur özleşdiren alym bolupdyr. Onuň işleri häzirki wagtda-da ylmy dolanyşykdan galanok.
“Türküstan mongollaryň ýörişi döwründe” diýen işi üçin oňa Gündogaryň taryhynyň doktory diýen alymlyk derejesi berlipdir. Ýeri gelende aýtsak, alymyň şol işi golaýda Amerikada çap edilipdir.
Gündogar halklarynyň taryhyny hem medeniýetini öwrenmekde ummasyz köp iş eden akademik W. W. Bartold Magtymgulynyň eserleriniň milliligini ilkinji bolup kesgitlänleriň birisidir. Ol şeýle ýazypdy. “Gökleňlerden bolan şahyr Magtymguly türkmenler üçin, şol sanda Stawropol türkmenleri üçin-de, milli şahyr bolupdy”. Alym bu pikirini soňra has ösdürip, “…türki halklaryň arasynda Magtymguly ýaly milli şahyrly halk diňe türkmenlerdir” diýipdi.
Şonuň üçin akademik Bartoldyň hyzmaty türkmen halkyna-da degişlidir.
Hudaýberdi Hally Pragada ýaşaýan türkmen ýazyjysy.