Human Rights Watch guramasy «Hukuga hormat goýýan hökümetler hukugy bozulýanlary goramak üçin pikirini aýtmaly» diýýär. Adam hukuklaryny goraýan guramanyň bu gezekki ýyllyk hasabaty «Kanun bozujylar hukuk goraýjylary nyşana alýar» diýlip atlandyrylypdyr.
Human Rights Watch guramasynyň Waşingtondan ýaýradan pres-relizinde geçen ýyl adam hukuklaryny goraýjylara garşy hüjümleriň has güýjemegine hökümetler jogapkär diýilýär.
612 sahypadan ybarat täze hasabat bu guramanyň Ýer togalagynda adam hukuklarynyň ýagdaýy barada çap eden ýyllyk hasabatlarynyň 20-njisidir. Onda dünýäniň 90-dan gowrak ýurdunda adam hukuklary boýunça esasy tendensiýalar analizlenýär.
Human Rights Watch guramasynyň ýerine ýetiriji direktory Kennet Rot kanun bozujy hökümetleriň her hili bahanalar bilen hukuk hereketiniň esaslaryna hüjüm edýändiklerini aýdýar.
Türkmenistandaky tussaglar
Adam hukuklaryny goraýan guramanyň täze ýyllyk hasabaty barada ýaýradan pres-relizinde Türkmenistan, Eritrea we Demirgazyk Koreýa ýaly ýurtlar bilen bir hatarda goýlup, bu ýerde hökümetiň aýry-aýrylykdaky adamlara we döwlete garaşsyz hukuk guramalaryna gaty gödek daraşýandygy hem olaryň işlemegine ýol bermeýändigi bellenilýär.
«Hökümet öň hem adatdan daşary repressiw ýurtda basyşy has-da berkitdi we pikir-garaýşyňy aýtmak, assosasiýa, din azatlygy babatda öňden gelýän çäklendirmeleri saklap, daşary ýurtlardaky hususy okuw jaýlarynda okaýan okuwçylaryň ýurtdan çykmagyny gadagan etmek arkaly hereket azatlygyna we bilim almak hukugyna täze hüjüm gurnady» diýlip, hasabatyň Türkmenistan bölüminiň başynda aýdylýar.
Hasabat Türkmenistanda geçen bir ýylyň dowamynda syýasy tussag hasaplanýan adamlardan diňe ikisiniň, Muhammetguly Aýmyradow bilen Waleriý Palyň azatlyga çykandygyny belleýär.
M.Aýmyradow 1994-nji ýylda türmä basylyp, tussaglyk möhletini doly tamamlap çykdy. «Ýöne häkimiýetler tanymal tebigaty goraýjy aktiwisti toslama aýyplar esasynda sud edip, soňra ony türkmen raýatlygynydan el çekmek we derhal ýurtdan gitmek şerti bilen azat etdiler» diýip, hasabat Andreý Zatokanyň işini mysal getirýär.
Mundanam başga, S. Nyýazow döwrüniň syýasy tussaglary bolan Annagurban Amangylyjowyň, Sapardurdy Hajyýewiň, 2008-nji ýylda bosgundan dolanyp gelen dissident Gulgeldi Annanyýazowyň henizem türmede saklanýandygy aýdylýar.
Human Rights Watch konstitusiýa boýunça S.Nyýazowyň ölüminden soň häkimiýete ýolbaşçylyk etmeli Öwezgeldi Ataýewiň we onuň aýalynyň ykbaly hakynda maglumatyň ýokdugyny ýazýar. Bu jübüt 2007-nji ýylda, Berdimuhamedow prezident bolandan soň tussag edilipdi.
Şeýle-de hasabat 2002-nji ýylyň noýabrynda Nyýazowyň janyna kast etmäge synanyşdy diýlip ýyl kesilen 50 çemesi tussag barada bilinýän zadyň azdygyny, Nyýazowyň hökümet arassalaýyşlary netijesinde türmä basylan öňki resmilerden Rejep Saparow bilen Habybylla Durdyýewiň nämälim ýagdaýlarda türmede ölendigini aýdýar.
R.Saparow işden aýrylmazyndan öň prezident adminstrasiýasynyň başlygy, H.Durdyýew bolsa welaýat häkimi bolup işläpdi.
Din azatlygy boýunça habarlary çap edýän garaşsyz halkara din azatlygy topary “Forum 18” 2009-njy ýylda Türkmenistanda hökmany harby gullukdan ýüz öwren Ýehowa şaýatlarynyň dördüsiniň tussag edilendigini aýdýar. Bu maglumat Türkmenistanda din azatlygynyň çäkliligi baradaky pikire delil hökmünde getirilýär.
Kanunlaryň kabul edilmegi
«Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň Demokratiýa we adam hukuklary guramasy 2008-nji ýylda bolan parlament saýlawlaryna ýurtdaky syýasy şertleriň açyk bäsleşige ýol bermeýändigi üçin doly saýlaw gözegçiligi missiýasyny ýollamady» diýip, hasabatyň Saýlawlar bölüminde aýdylýar.
Hasabatdan görnüşine görä, Türkmenistanda adam hukuklary babatda uly bir özgerişlik ýok. Emma türkmen häkimiýetleri soňky ýyllarda adam hukuklarynyň goralyşynyň gowulanmagyna täsir etjek täze, has döwrebap kanunlaryň kabul edilendigini we bu ugurda halkara guramalarynyň bilermenleriniň gatnaşmagynda seminar-okuwlaryny geçirýändigini habar berýär.
Eýse, Human Rights Watch guramasy Türkmenistan ýaly ýapyk ýurtda adam hukuklary bilen bagly meseleleri ähli inçeleginde öwrenip bilermi ýa-da olar diňe metbugatda çykan habarlary gaýtalamak bilen çäklenýärmi?
Guramanyň Pariždäki bölüminiň eksperti Şan-Mari Fardeu (Jean-Marie Fardeau) özleriniň Türkmenistandan gelýän her bir habary yzarlaýan we olaryň näderejede çyndygyny dürli kanallar arkaly barlamaga çalyşýan adamlarynyň bardygyny aýdýar.
«Ýok, ýok. Biz metbugatda çykan habarlar esasynda işlemeýäris. Biz her ýurtdaky ýagdaýy analizläp bilýän adamlar bilen göni gatnaşyk gurýarys» diýip, parižli ekspert aýdýar.
Soňky bir ýylda Türkmenistanda adam hukuklarynyň ýagdaýy barada ýazylan makalalarda, synlarda bir pikir - resmi Aşgabat bilen hyzmatdaşlyk etmek isleýän ýa ozalky hyzmatdaşlyklaryny has giňeltmäge çalyşýan hökümetleriň adam hukuklaryny ikinji orunda goýýandygy hakyndaky çaklamalar öňe sürüldi.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan geçen ýyl Hytaýa gaz satyp başlady we şu ýylyň başynda Eýrana satýan gazyny köpeltmäge mümkinçilik berýän ikinji turbany açdy.
Käbir pikirlere görä, bu ädimler resmi Aşgabadyň adam hukuklaryny we demokratiki reformalary talap edýän Günbatar ýurtlaryndan daşlaşyp, awtoritar ýurtlara golaýlaşýandygyny aňladýar. Bu bolsa, käbir pikirlere görä, Günbatar hökümetleriniň hem Türkmenistanyň adam hukuklary ýagdaýyna göz ýummagyna ýa-da bu ugurdaky talabyny gowşatmagyna itergi berýär.
Onsoň şu hili ýagdaýda halkara hukuk toparlarynyň çap edýän hasabatlary Türkmenistan ýaly ýurtlarda adam hukuklarynyň ilerlemegine täsir edermi?
«Biz Türkmenistanyň Germaniýa, Fransiýa ýaly halkara hyzmatdaşlarynyň resmi Aşgabat bilen gepleşiklerde ol ýurtda adam hukuklary ýagdaýynyň gowulandyrylmalydygy barada hem gürrüň gozgap biljekdiklerine gaty ynanýarys» diýip, Şan-Mari Fardeu aýdýar.
Onuň pikirine görä, bu ýurt bilen edilýän diplomatiki, ykdysady we syýasy gatnaşyklar baradaky kararda bu ýagdaýlaryň ählisi nazara alynmaly we şeýle edilende Türkmenistan bilen işleşýän Fransiýa ýaly ýurtlar türkmen häkimiýetleriniň öňünde adam hukuklary babatda hem öz şertlerini goýup bilerler.