Hepdäniň bazar güni, 17-nji ýanwarda, Ukrainada başlanan nobatdaky prezident saýlawlary postsowet döwletleriniň köpüsiniň häkimiýet wekillerinde joşgun döretmedi. Demokratiýanyň derejesi boýunça Ukraina Orsýetden soň iň uly ýurt bolup, göräýmäge, ol Orsýete ýakyn ýaly hem-de postsowet döwletleriniň aglabasyny yzda galdyrýar. Saýlawlar fakty-da muny tassyklaýar.
Saýlawlaryň birinji tapgyrynda häzirki prezidenti goşmak bilen 18 kandidat bäsleşdi. Ýakynda geçirilen jemgyýetçilik pikir soralyşygynyň netijeleri, esasy bäsdeşler Ýuliýa Timoşenko hem Wiktor Ýanukowiç bilen deňeşdirilende, Wiktor Ýuşenkoda ikinji möhlete prezident saýlanmak ähtimallygynyň juda ujypsyzdygyny görkezdi.
Fewralyň başynda saýlawlaryň ikinji tapgyrynyň geçiriljekdigi, onda iň köp ses alan iki kandidatyň bäsleşjekdigi yglan edildi. Şol kandidatlaryň arkasynda onlarça partiýa dur, bu postsowet giňişliginde, ylaýta-da Merkezi Aziýa ýurtlary göz öňünde tutulsa, deňi-taýy bolmadyk ýagdaýdyr.
Elbet-de, Ukrainadaky ýagdaý bilen Türkmenistanydaky ýagdaýy asla deňeşdirmek mümkin däl. Bu nähili beýle bolýar, ýeke-täk bir imperiýa merkezine deň derejede tabyn bolan ýurtlar, ýeke-täk kommunistik režimde ýaşan ýurtlar SSSR dargandan soň özüniň geljegini gurmakda näme üçin başga-başga, dürli-dürli ýurtlar bolup çykdylar?
Ukraina ilkinji ädimini sowet geçmişinden, awtokratik häkimiýetiň islendik görnüşdäki ýüze çykmasyndan ara açmak üçin ätdi. Ýöne beýleki postsowet ýurtlar geçmişdäki awtoritar dolandyryşyň mirasyndan gutulyp bilmediler.
Nyýazow "nusga" görkezdi
Häkimiýeti tutuşlygyna ele almagyň hem gysymyňda saklamagyň nusgasyny S.Nyýazow görekezdi. Ol 20 ýyl töweregi wagtlap Türkmenistany öz hasabyna geçirdi. Şu tendensiýany Belarusda Aleksandr Lukoşenko alyp göterdi. Ýelsinden soň köp sanly demokratik başlanşgyçlar bilen hoşlaşan Orsýetde hem awtoritar häkimiýet gaty güýçlendi. Merkezi Aziýa tutuşlygyna awtoritarizme ýykgyn etdi.
Regionda häzir diňe Ukraina demokratik ösüşiň, özgerişleriň baýdagyny göterip gelýär. Şu prosesi halkara demokratik jemgyýetçiligi ykrar edýär. Daşary ýurtlardan hem halkara guramalardan 3149 synçynyň prezident saýlawlarynda hasaba alynmagy-da Ukrainanyň daşarky dünýä üçin açykdygyna şaýatlyk edýär.
Belki-de, saýlawlaryň ýokary derejeli demokratikdigi üçin goňşy ýurtlaryň köpüsinde saýlawlaryň geçişi barada habarlar peýda bolýan däldir? Türkmen gazetleri ukrain saýlawlary barasynda bir zatlar ýazdymy? Munuň sebäbi el-ýüzde ýatyr. Eger doly, dogruçyl habarlar berilse, adamlar ony öz ýurdy bilen deňeşdirjek, bu bolsa türkmen häkimiýetleriniň peýdasyna däl. Eger ukrain hakykaty bilen deňeşdirmeler başlansa, köp prosesleri halka düşündirmek türkmen propagandasyna ýeňil düşmez.
KGB-niň ýok edilmegi
Ukrainada bolup geçen , belki, iň uly özgerişi alyp göreli. Ol soňky ýyl ýarymyň içinde bolup geçdi. Soňky on ýyllykda jemgyýetde gorky döredip gelen instituty köki-damary bilen goparyp taşladylar, ýok etdiler. Bu ýerde gürrüň öz funksiýasy hem gysyşlary bilen bilelikde KGB-niň ýok edilmegi barasynda barýar.
Ukraina repressiw organlaryň işini ýok eden ýeke-täk döwletdir. Bu işe türkmenler, gazaklar ýa azeriler, belaruslar nähili garýar? Häkimiýetiň kelle kesýän gylyjy kimin şol organlardan gorky adamlara nesiller derejesinde ornaşypdyr. Munuň şeýledigini Ukrainanyň ýokary okuw jaýlarynda okaýan türkmen studentleri gowy bilýärler.
Bu ýerde Pribaltikany göz öňünde tutmaýarys. Olar doly sowetleşip ýetişmedi, şonuň üçinem ýewropa tradisiýalaryny gaty çalt dikeltdiler. Milli Howpsuzlyk Komiteti diýlenden Minskiniň ýa Aşgabadyň, Astananyň ýa Daşkendiň, Moskwanyň ýa-da Bakuwyň ýaşaýjylarynda awtomatik suratda gorky duýgusy oýanýar.
Bu ýurt GDA döwletleriniň ählisine ýene bir signal ýollaýar - olam Ukrainada döredilen azatlyga diňe azat dällik alternatiwa bolup biljegidir. Muňa öz häkimiýetleri tarapyndan ezilýän beýleki ýurtlaryň graždanlary gaty gowy düşünýärler. Ukraina bolsa, islese-islmese, geljekde-de başgalary yzyna düşürip biljek nusgasyny dowam etdirer. Ýeke-täk bir sorag – indiki kim bolar hem haçan?
Aleksandr Narodetski post-Sowet döwletleri boýunça britaniýaly bilermen. Şu kommentariýada öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.