Programmamyzyň bu gezekki sanynda Türkmenistanda syýasy erkinlik hem graždan azatlyklary, garaşsyzlyk ýyllarynda kolhoz-sowhoz emläginiň dargadylmagy netijesinde aýlygyň ýerine berlen emläk hem ol emlägi kanunlaşdyrmak hakynda ekspertleriň pikirlerini, ýurt içinden gowşan maglumatlary eşitdirýäris.
Şeýle-de bu programmamyzda Türkmenistana bir aýlyk bäbekkä getirilen Mariýanyň durmuşa çykandan soň hem yzy kesilmeýän hukuksyzlygy barada maglumat berip, bu ýagdaýdan çykmagyň ýollary barada ekspertiň pikirini soradyk.
Belki, bu söhbete siz hem goşularsyňyz. Siziňçe, bir aýlyk bäbekkä Türkmenistana getirilen we durmuşa çykandan soň pasport berilmeýän adamyň nähili çykalgasy bar? Pikirleriňize, bellikleriňize garaşýarys.