Jenaýatçylyk bolan ýerde derňew işini geçirmek boýunça türgenleşik kursy ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçihanasy we Birleşen Ştatlaryň Adalat ministrliginiň jenaýatçylygy derňemegiň usullary boýunça tälim bermekde ýardam programmasy tarapyndan alnyp barylýar.
11-nji ýanwarda başlanan bu bir hepdelik kurs Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň, Içeri işler ministrliginiň we Neşä garşy göreş boýunça döwlet gullugynyň 25 işgäri üçin geçirilýär.
ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň ýaýradan resmi maglumatyna laýyklykda, Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamentiniň neşä garşy halkara göreş we kanuny goramak boýunça Býurosy tarapyndan gurnalan we maliýeleşdirilen bu okuw çäresi iki tapgyrdan, ýagny esasy we giňişleýin kurslardan ybarat.
Türkmenistanyň kanuny goraýjy organlarynyň işgärleri üçin geçirilýän häzirki esasy tapgyry barmak we aýakgap yzlaryny öwrenmek, bolup geçen wakanyň shemasyny düzmek, surat almak, subutnamalary toplamagyň düzgünlerini we takyk wakalary öwrenmek ýaly meselelere gönükdirilýär.
Kurslaryň häzirki esasy tapgyryndan soň, ikinji we giňişleýin tapgyryň 2010-njy ýylyň aýagynda geçirilmeginiň planlaşdyrylýanlygy habar berildi.
Birleşen Ştatlaryň geçirýän çäresiniň näme maksady bar?
Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan Birleşen Ştatlaryň Aşgabatdaky ilçihanasynyň metbugat wekili Inger Tangbor häzirki türgenleşik kursunyň Türkmenistanyň kanuny goraýjy işgärleri üçin geçirilýän üçünji çäresidigini aýtdy.
Tangboruň sözlerine görä, ozalky kurslar 2007-2008-nji ýyllarda geçirilipdi. Kurslar ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň neşä garşy halkara göreş hem kanuny goramak boýunça býurosynyň we Türkmenistanyň hökümetiniň arasyndaky hyzmatdaşlyk programmasynyň bir bölegi bolup durýar.
Inger Tangboryň sözlerine görä, häzirki tälim kursunyň maksady Türkmenistanyň kanuny goraýjy işgärlerine derňew we sud subutnamalaryny ulanmak ugrundan ýardam bermekden ybarat.
Türkmenistanda soňky döwürde ABŞ-nyň, Ýewropa Bileleşiginiň, BMG we ÝHHG ýaly halkara guramalarynyň gurnamagynda ýygy-ýygydan seminarlar we okuw kurslary geçirilýär. Aýratynam ýurduň milli kanunyny kämilleşdirmek we kanuny gorýajy edaralaryň işini gowulandyrmak boýunça halkara çäreler has köp geçirilýär.
Türkmenistanda halkara tejribeleriniň öwrenilip başlanmagynyň uly ähmiýetiniň bardygyny synçylar aýdýarlar.
Türkmenistanyň öňki parlament agzasy Halmyrat Söýünow şeýle pikirde: “Türkmenistan indi 20 ýyla golaý wagt bäri ýapyk döwlet bolmagynda galýar. Diýmek, şonça ýyllap alyş-çalyş tejribesi ýokdy Türkmenistanyň hem parlament tarapyndan, hem hukuk goraýjy işgärleri meselesinde”.
Söýünowyň pikirine görä, soňky bir-iki ýylyň içinde şeýle duşuşyklaryň ýa türgenleşikleriň geçirilmegine alyş-çalyş tertip-düzgünleriň üsti bilen dolandyrmak ugrunda ädilýän ilkinji ädimleriň biri diýse bolar.
Halmyrat Söýünowyň Türkmenistanyň kanuny goraýjy işgärleriniň halkara tejribeleri bilen tanyşlygyndan soň, olary öz işinde ulanmaklary ýene bir mesele döredýär diýip, belleýär.
Halkara tejribeleri kanuny goraýjylaryň işine nähili täsir ýetirer?
Hukukçy Timur Misrihanow Türkmenistanda kanuny goraýjy organlaryň işgärleriniň, aýratynam ilkinji derňew işlerini alyp barýan işgärleriniň professional derejesiniň ýurduň kanuny goraýjy sistemasynyň iň gowşak taraplarynyň biridigini aýdýar.
Misrihanow derňew işinde bilimli-tejribeli işgärleriň uzak saklanmaýanlygyny aýdyp, munuň sebäbini şeýle düşündirdi: “Sebäbi derňewler hemişe birtaraplaýyn geçirilýär. Derňew ýa sud astyna düşen adamyň günäni boýun almagy baş subutnama hökmünde ulanylýar. Derňewiň beýleki taraplary bolsa diňe formal häsiýete eýe bolýar. Şonuň üçin tejribeli bilermenler tarapyndan geçirilýän halkara çäreler şu günki gün Türkmenistanda derňew işleriniň gidişine täsir ýetirmez diýip, hasap edýärin”.
Timur Misrihanow öz nukdaý nazaryny düşündirip, Türkmenistanda ýokardan berilýän görkezmeler esasynda dolandyrylýan sistemada kanuny goraýjy organlaryň derňewleri obýektiw geçirmäge gyzyklanmaýanlygyny aýtdy.
Kanuny goraýjylaryň işiniň kämilleşmeginde jemgyýetiň roly bar
Kanuny goraýjy organlarynyň işiniň kämilleşmegi, bu edaralaryň işgärleriniň kanuny hem raýatlaryň hak-hukuklaryny goramakda öz borjuny kadaly ýerine ýetirmegi üçin jemgyýetiň hem öz rolunyň bolmalydygyny synçylar aýdýarlar.
Halmyrat Söýünow şeýle diýýär: “Jemgyýetiň bärde oýnap biljek roly gaty uly. Biz görüp otyrys, meselem, Ýewropa döwletlerinde hukuk goraýjy organlary tarapyndan alnyp barylýan üstünlikli işleriň täsiri esasan şol jemgyýetiň ýa şol döwletlerde ýaşaýan adamlaryň özüne bagly bolup dur. Sebäbi bärde azat-erkin metbugat bolansoň, hukuk goraýjy edara işgärleriň üstünlikli tarapynam, kemçilikli tarapynan metbugatyň üsti bilen ilat öwüp hem bilýär, gerek bolsa tankyt hem edip otyr. Ilatyň pikiri hukuk goraýjylar üçin bir indikator görkeziji bolup hyzmat edýär”.
Onuň sözlerine görä, Türkmenistanda graždan jemgyýetçiliginiň ýoklugy we ilat köpçüliginiň öz hak-hukuklaryndan habarsyzlygy şu günki agyr mesele bolup galýar.