Türkmenistandaky erkinligiň derejesi öňki ýaly

Surata düşüren Jean-Baptiste Jeangene Vilmer.

Nýu Ýorkda ýerleşýän “Freedom House”, ýagny “Azatlyk öýi” guramasy 12-nji ýanwarda täze hasabatyny ýaýratdy.
Dünýä ýurtlarynyň syýasy-jemgyýetçilik taýdan azatlyk derejesine baha berilýän bu hasabatda soňky dört ýylyň dowamynda dünýäde azatlygyň çäklendirilmeginiň tendensiýasynyň dowam edenligi, emma 2009-njy ýylda ýagdaýyň hasam ýaramazlaşanlygy habar berilýär.

Bellenişine görä, häzirki ýagdaý hasabat çap edilip başlaly bäri 40 ýylyň dowamynda azatlygyň global derejede gowşamagynyň iň uzaga çeken döwri bolup durýar.

“Freedom House” guramasynyň täze hasabatyna görä, geçen ýylyň dowamynda dünýä ýurtlarynyň 20%-de adam hukuklaryna we graždan aktiwistlerine garşy basyşlar güýçlendi. Bu Afrikanyň, Latyn Amerikanyň, Ýakyn Gündogaryň, öňki Sowet Soýuzyna degişli giňişligiň 40-a golaý döwletine degişli.

Hatda ozalky ýyllarda pozitiw ösüş görkezen käbir döwletlerde-de geçen ýylda azatlygyň çäklendirilenligi hasabatda aýdylýar. Şeýle döwletleriň arasynda Merkeiz Aziýa regionyndan Gyrgyzystan agzaldy. 2009-njy ýyl boýunça ýagdaýyň aladalaryň güýçlenmegine esas döredýänligi, “Freedom House” guramasynyň metbugat üçin ýaýradan maglumatynda bellenildi.

RFE/RL-niň efir zonasyndaky azatlygyň 2010-njy ýyl boýunça derejesi.



Türkmenistana nähili baha berilýär?

Şol bir wagtda-da täze hasabatda Türkmenistana berlen baha ozalky ýyllardan tapawutlanmady. “Freedom House” guramasynyň 2009-njy ýyl boýunça sanawynda-da Türkmenistan syýasy-jemgyýetçilik azatlyklary iň erbet ýagdaýdaky ýurtlaryň hatarynda goýlupdyr.

“Freedom House” guramasynyň wekili Kristofer Walker Türkmenistanyň dünýäde iň repressiw döwletleriň biri bolmagynda galýnalygyny belledi.

Öz nobatynda soňky ýyllarda Türkmenistan öz graždanlarynyň hak-hukuklaryny goramak we milli kanunlaryny halkara standartlaryna gabat getirmek maksatlaryny yglan edýär.

Aýratynam 2009-njy ýyl türkmen tarapynyň BMG-e we ÝHHG ýaly halkara guramalar, şeýle-de Birleşen Ştatlar we Ýewropa Bileleşigine agza döwletler bilen bilelikde dürli ugurlardan, şol sanda ýurduň milli kanunlaryny kämilleşdirmek ugrundan köp sanly maslahatlary geçirmegi bilen tapawutlandy. Geçirilen maslahatlar we seminarlar ýaly çäreleriň ençemesi ynsan hukuklary temasyna hem degişli boldy.

Häzirki wagtda Türkmenistanda döwre laýyk kanun-hukuk bazasyny düzmek boýunça programma alnyp barylýar. Bu ugurdan işleriň gidişi barada 11-nji ýanwarda geçirilen hökümet maslahatynda hem hasabat berildi.

Prezident G.Berdimuhamedow ýurduň milli kanun bazasynyň döwletiň ösüşiniň esasy maksatlaryna hem halkara kanunlara laýyk kämilleşdirilemeginiň ähmiýetini nygtady. Bu barada TDH gullugynyň maglumatynda aýdyldy.

Türkmenistan näme üçin azatlyk derejesi iň erbet ýurtlaryň biri?

“Freedom House” guramasynyň wekili Kristofer Walker Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşliginde şeýle diýdi: “Türkmenistan babatynda aýdylanda, Saparmyrat Nyýazowyň ölüminden soň liberallaşmagyň aýdyň elementleriniň dörejegine baglanan uly umytlar başa barmady. Üýtgeşiklikler ýüzleý häsiýete eýe boldy. Açyk saýlawlar, syýasy köppikirlilik, metbugat aztalygy ýaly ugurlara syn etsek, düýpli özgeriş bolmady. Şol sebäpden Türkmenistan syýasy hukuklar we graždan azatlyklary boýunça bu ýyl hem iliň yzynda”.

“Freedom House” guramasynyň 194 ýurt boýunça düzen sanawynda döwletler azat, çäkli derejede azat we azat bolmadyk ýurtlar diýen toparlara bölünýär. Birinji topar - 89, ikinji topar - 58 ýurtdan ybarat. Azat bolmadyk ýurtlaryň sany - 47. Hasabatda Türkmenistanyň goşulan bu üçünji toparyna girýän döwletlerdäki ýagdaýa dünýä derejesinde erbedinden erbedi diýlen baha berilýär.

Kristofer Walkeriň sözlerine görä, ýurtlardaky ýagdaýa baha berlende, syýasy hukuklarynyň we graždan azatlyklarynyň ýagdaýyna degişli dürli maglumatlara esaslanylýar we bu ugurlardan takyk öňegidişlikleriň gazanylmanlygyna näme sebäp bolanlygyna hem üns berilýär.

Öňegidişlik üçin näme edilmeli?


“Türkmen Helsinki Fondunyň” başlygy Täjigül Begmedowa Türkmenistanda graždan jemgyýeti we ynsan hukuklary taýdan ösüşiň emele gelmegi üçin özgerişlikleriň tarapdarydygyny yglan edýän türkmen häkimieýtleriniň bu ugurdan amala aşyrýan çäreleriniň çägini giňeltmeli diýip, hasap edýär. Bu ugurdan halkara tejribesiniň, hususan-da, ýurtda geçirilýän halkara seminarlaryň we konsultasiýalaryň ähmiýetini nygtady.

“Halkara seminarlar has ýygy-ýygydan geçirilmeli we olar has giň derejede amala aşyrylmaly diýip, hasap edýäris. Olar häzirki bolşy ýaly ýurt resmileriniň gatnaşmagynda we diňe Aşgabatda geçirilip çäklenmän, ýurduň welaýatlarynda, etraplarynda hem geçirilmeli, halkara çärelerine dürli derejeli döwlet işgärleriniň, ynsan hukuklaryny goraýjylaryň we ýerli hem daşary ýurtly žurnalistleriň gatnaşmagyna mümkinçilik berilmeli” diýip, T.Begmedowa aýtdy.

Täjigül Begmedowa türkmen häkimiýetleriniň kanuny kämilleşdirmek we raýatlaryň hak-hukuklaryny berjaý etmek meselesine üns berlip, şeýle-de ýurtda halkara maslahatlarynyň geçirilip başlanmagyna öňe tarap pozitiw ädim hökmünde garaýar. Onuň sözlerine görä, häzirki wagtda Türkmenistanyň halkara guramalaryna, şol sanda “Gyzyl haç we Gyzyl ýarymaý” jemgyýetiniň ýurda barmagyna rugsat bermegine we beýleki pozitiw ädimlerine garaşylýar.