Türkmen metbugatynda 9-njy ýanwarda “Türkmengaz” döwlet konserniniň “Döwletabat-Derýalyk” gaz magistralyndan eksport üçin Orsýete tebigy gazyň akdyrylyp başlananlygy habar berildi.
2009-njy ýylyň 22-nji dekabrynda Aşgabatda ýokary derejede geçirilen türkmen-ors gepleşiklerinde şu ýyl “Gazpromyň” Türkmenistandan 30 milliard kubometr gaz satyn almagy barada ylalaşyga gol çekilipdi.
Türkmenistan Orsýete tarap gazyň eksportyny dikeltdi. “Demirgazyga tarap gazyň eksportyny başlamak bilen Türkmenistan we Orsýet energiýa ugrundaky partnýorlyk statusyny tassyklap, ikitaraplaýyn gatnaşyklary özara bähbitli hyzmtdaşlyk hem-de halkara energiýa bazarynyň döwrebap ýagaýyna gabat gelýän derejä çykarýarlar” diýip, türkmen metbugatynda çap bolan maglumatlarda bellenildi.
“Turkmenistan.ru” internet saýtyna görä, 9-njy ýanwarda “Türkmengaz” döwlet konserni “Döwletabat-Derýalyk” gaz magistralyna eksport üçin tebigy gazy akdyryp başlady. Türkmen gazynyň Orsýet Federasiýasyna 9-njy ýanwarda ir sagat 10-da akdyrylyp başlanjagy Orsýetiň informasion agentlikleri tarapyndna hem habar berlipdi.
Türkmenistandan Orsýete gazyň akdyrylyp başlananlygyny ”Gazpormyň” resmi wekili Sergeý Kupriýanow Azatlyk Radiosyna telefon arkaly hem tassyklady.
30 milliard kubometr gaz satylar, bahasy belli däl
2009-njy ýylyň 22-nji dekabrynda Türkmenistanyň we Orsýetiň prezidentleriniň Aşgabatda geçiren gepleşikleriniň dowamynda “Türkmengaz” döwlet konserni hem “Gazprom” kompaniýasy türkmen gazynyň söwdasy boýunça uzak möhletleýin ylalaşyga üýtgetmeleri we goşmaçalary girizipdi.
Taraplar arasynda gelnen ylalaşyklara görä, “Gazprom” ýylda 30 milliard kubometr möçberde türkmen gazyny satyn almakçy. Gazyň bahasy bolsa Ýewropanyň gaz bazaryna doly laýyk bolar diýip, “Gazpromyň” resmi maglumatynda aýdyldy. Emma Türkmenistanyň Orsýete satýan gazynyň bahasy barada maglumat berilmändi.
Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan “Gazpormyň” resmi wekili Sergeý Kupriýanow Orsýetiň Türkmenistandan satyn alýan gazynyň bahasy barada maglumat bermekden boýun gaçyrdy we sebäbini munuň kommersiýa syrydygy bilen düşündirdi.
2003-nji ýyldan bäri Türkmenistan bilen Orsýet arasynda bar bolan 25 ýyllyk gaz hyzmatdaşlygynda Orsýetiň Türkmenistandan alýan gazynyň möçberini ýylda artdyrmak göz öňünde tutulypdy.
2009-njy ýylyň aprel aýynda ýurtlar arasynda gaz söwdasyny üpjün edýän “Orta Aziýa-Merkez” gaz geçirijisinde partlama bolup, gazyň akdyrylmagy togtadylýança, Türkmeninistan Orsýete ýylda 50 milliard kubometr mukdarda gaz satýardy. Bu bolsa Türkmenistanyň geçen ýylky gaz önümçiliginiň 2/3 bölegini, Orsýetiň bolsa öz önümçiliginiň 1/10 bölegini emele getirýär diýip, ”Trend az Internet” saýty belleýär.
Näçe girdeji berýär?
Hut gazyň bahasynyň taraplaryň arasyndaky geçen ýylky dawa we gaz söwdasynyň dokuz aýlap togtamagyna sebäp bolanlygy çak edilýär we ýurtlaryň arasyndaky ylalaşykda görkezilen bahanyň ”Gazprom” üçin bähbitli bolmanlygy aýdylýar.
”Wremýa Nowosteý” gazetiniň maglumatyna görä, 2009-njy ýylyň başynda türkmen gazynyň her müň kubometri Orsýet üçin 375 dollara durup, 3 aýyň dowamynda Türkmenistana 4 milliard dollar möçberindäki girdeji getiripdir. Gaz söwdasynyň bes edilmegi netijesinde Türkmenistanyň 8-9 milliard dollar möçberinde zyýan çekenligi çak edilýär.
Bu barada Türkmenistanyň habar beriş serişdelerinde maglumat berilmändi. Türkmenistanda girdejiler we çykdajylar şol sanda gazyň berýän girdejileri barada şu çaka çenli maglumat berilmän gelinýänligini synçylar hem belleýärler.
Şol bir wagtda-da ykdysadyýetiň açyk-aýdyňlygynyň, gelýän girdejiler hem çykdajylar barada maglumatlaryň kopçülik üçin elýeterli bolmagynyň döwlet pulunyň maksada laýyk sarp edilmegi we netijede ýurduň kadaly ösüşi üçin zerurdygyny bilermenler aýdýarlar.
Gaz söwdasynyň dikeldilmeginiň bähbidi
Döwlet girdejileriniň aglaba bölegini emele getirýän gaz söwdasynyň Türkmenistanyň ykdysadyýeti üçin örän uly ähmiýeti bar. Energiýa meseleleri boýunça Rumyniýaly bilermen Dan Sucio Türkmenistanyň Orsýet bilen gaz söwdasyny dikeltmegine ýurduň gaz girdejilerine garaşlylygy bilen baglanyşdyrýar.
Ekspertiň pikirine görä, şu günki gün ýurduň eýe bolan täze ugurlarynyň we amala aşyrmak isleýän täze proýektleriniň girdeji getirip başlamagy üçin wagtyň talap edilýänligini belledi.
Moskwadaky “Syýasy informasiýa merkeziniň” müdiri Alekseý Muhin Türkmenistanyň Orsýet bilen gaz söwdasynyň dikeldilmegi Türkmenistan üçin ilkinji nobatda ykdysady taýdan bähbitli diýip hasap edýär.
Ekspertiň pikiriçe, häzirki wagtda “Gazprom” türkmen gazy üçin nagt pul bilen hasaplaşmaga ukyply hem taýýar esasy partnýor bolup durýar.
Diwersifikasiýa syýasaty dowam edýäne meňzeýär
Orsýet bilen gaz söwdasyny dikelden Türkmenistan köp ugurly energiýa strategiýasyny dowam etdirjege meňzeýär.
Ýakynda Hytaýa we Eýrana tarap täze gaz geçirijilerini işe girizen Türkmenistan Orsýete tarap gaz akdyryp başlan günlerinde Ýewropa Bileleşigi tarapyndan goldanylýan “Nabukko” proýektine goşulmaga hem taýýardygyny mälim etdi.
“Azeri Press” agentliginiň 8-nji ýanwarda ýaýradan maglumatyna görä, bu barada Türkmenistanyň Azerbeýjandaky ilçisi Annamämet Mämmedow Bakuwda geçiren metbugat konferensiýasynda aýtdy.