Eýran türkmenleriniň protestlerdäki orny

Eýranly protestçiler Tähranda polisiýa daş zyňýarlar. 27 dekabr. 2009

Eýranda soňky günlerde Aşura we Tasua günleri döwründe hökümete garşy protestler ýitileşdi. Häzir tutha-tutluklar dowam edýär. Bu protestleriň sebäpleri hem-de onda ýerli türkmenleriň pozisiýasy bilen gyzyklanyp, Azatlyk Radiosynyň Türkmen gullugynyň Germaniýadaky habarçyşy Taher Şir Mohammadi asly eýranly syýasy aktiwist Ýusup Kor hem-de “Türkmenilim“ internet sahypasynyň awtory Ýakup bilen söhbetdeş boldy.
Azatlyk Radiosy: Näme üçin Eýrandaky protestler soňky günlerde güýçlendi?

Ýusup Kor: Eýranda ozal tomusky prezidentlik saýlawlarynyň netijesine garşylyk bildirlipdi. Häzir her bir waka bu hereketiň möwç almagyna amatly şertleri döredýär.

Azatlyk Radiosy: Ýakup, siz „Türkmenilim“ diýen internet sahypasynyň müdiri. Size Eýranyň içinden dürli habarlar, maglumatlar gelýändir. Türkmenleriň ýagdaýy barada gürrüň berýän şol habardyr maglumatlary siz öz internet sahypaňyzda ýerleşdirýärsiňiz. Soňky gelen habarlar boýunça bu barada näme aýdyp biljek?

Ýakup: Eýranda ýaşaýan türkmenler hem ýurtda geçýän wakalary analiz edýärler. Olar bu wakalaryň nähili boljakdygy hem-de gutarjakdygy barada oýlanýarlar. Eýranda ýaşaýan türkmenler, ylaýtada, uly şäherlerde, meselem, Tähranda, Şirazda wa Yspyhanda ýaşaýan türkmenler bu protestlere gatnaşýarlar we isleglerini orta atýarlar.

Azatlyk Radiosy: Ýakubyň aýtmagyna görä, Eýranyň iri şäherlerinde ýaşaýan türkmenler ýurtdaky geçýän protestlere gatnaşýarlar. Eýranyň dürli uniwersitetlerinde okaýan ýüzlerçe türkmen studentleri hem protestlere goşulýarlar diýip, maglumat berilýär. Siziň pikiriňizçe, eýranly türkmenler bu protestlerde haýsy orny eýeleýärler?

Ýusup Kor: Türkmenler hem beýleki milli azlyklar ýaly Eýrandaky bolýan wakalar bilen gyzyklanýarlar. Hasam ýaşlaryň hereketi güýçli bolany üçin studentler muňa aktiw gatnaşýarlar. Iri şäherlerde hem-de uniwersitetlerde bu hereketler güýçli bolýar. Ýokary okuw jaýlarynda bilim alýan türkmenler hem bu protestlere gatnaşýarlar we häkimiýetlere öz garşylyklaryny bildirýärler.

Azatlyk Radiosy: Bir tarapdan, häkimiýetler protestlere garşy berk çäreleri görýärler. Polisiýa ýörişleri basyp ýatyrýar. Beýleki tarapdan welin, protestçiler hem hereketlerini güýçlendirdiler we hatda polisiýanyň öňünde durmagy başardylar. Ýakup, siz bu ýagdaýy nähili häsiýetlendirýärsiňiz we bu protestler nähili gutarar öýdüp garaşýarsyňyz?

Ýakup: Protestleriň möwç almagynyň bir sebäbi häkimiýetler olara demonstrasiýa etmek üçin rugsat bermeýärler. Şonyň üçin olar öz parahatçylykly protestlerini mälim etmek üçin bir pursat gözleýärler. Häkimiýetler bolsa olary basyp ýatyrýar. Bu ýagdaý protestleriň radikallaşmagyna sebäb bolýar.

Häzirki öňe sürülýän şygarlar başdaky şygarlardan tapawutlanýar. Häkimiýetler milleti basyp ýatyrsa, netije berer diýip, pikir edýärler. Emma, tersine, protestler güýçlenýär. Bu protestleriň nähili gutarjakdygy barada häzir bir zat aýdyp bolmaýar.

Ýöne Eýrandaky rewolýusiýadan soňky ýerine ýetmedik islegler orta atylar we bir topar çözülmedik düwünler indi çözüler diýip garaşylýar. Häzirki ýagdaý bu islegleriň orta atylmagyna şert döredýär we has köp adam indi protestlere gatnaşar diýip, pikir edýärin.

Azatlyk Radiosy: Eýrandaky protestler soňky günlerde öňkülere görä ýytileşdi. Ýusup, siziň pikiriňize görä, bu protestler nähili tamamlanar?

Ýusup Kor: Bir tarapdan, protest edýän reformaçylar Eýranyň ruhany lideriniň ýolbaşçylygy batyl diýip gygyrýarlar. Dini düşünje boýunça batyl diýmek, ýurduň ruhany lideri Ali Hameneýiniň dini wezipesinden boşadylmalydygyny aňladýar.

Eýranyň beýleki ruhanylary Hameneýi adalatly höküm surmeýär we ruhanylar ony aýyrmaly diýen netijä gelýärler. Indi eýranlylaryň arasynda bu mesele hakda gürruň edilýär we mundan beýläk ýurt bir adam tarapyndan däl-de, eýse toparlaýyn dolandyrylmaly, toparlaýyn ýolbaşçylyk edilmeli diýip gürrüň edilýär.

Beýleki bir tarapdan, Eýranyň Konstitusiýasyndan liderlik meselesini düýbünden aýyrmaly diýip hem gurruň edilýär. Haýsy tarapyň güýjüniň artykdygy häzirlikçe belli däl, ony geljek görkezer.