Ýyla syn: Graždan jemgyýeti we reallyk

Döwlete degişli däl guramalaryň wekilleri duşuşyk wagtynda, Aşgabat, dekabr, 2009-njy ýyl.

Türkmenistan köpugurly reformalaryň amala aşyrylýanlygyny yglan edýärkä, halkara guramalary ýurtdaky graždan jemgyýetiniň hem ýagdaýyna uly ähmiýet berýärler. Dünýäniň ösen döwletleriniň tejribesi islendik bir döwletiň ösüşiniň onuň graždan jemgyýeti baradaky syýasatyna-da gönüden-göni baglydygyny görkezýär.
Türkmenistanyň esasy baýlygynyň adamdygy we raýatlaryň erkin ýaşamagyna hem zähmet çekmegine şert döretmegiň döwletiň esasy maksady we borjy bolup durýanlygyny resmi çykyşlarda hem ýerli habar serişdeleriniň maglumatlarynda okamak, eşitmek mümkin.

Resmi maglumatlarda Türkmenistanyň demokratik reformalar ýolundan gadam basýanlygy aýdylyp, bu esasan ýurduň Baş Kanunynyň täze görnüşini kabul etmek we Mejlisi san taýdan artdyryp, onuň ygtyýarlyklaryny giňeltmek ýaly çäreler arkaly subut edilýär.

Türkmenistanyň Baş Kanunynyň täze görnüşi 2008-nji ýylyň sentýabr aýynda kabul edilipdi. Şol ýylyň 14-nji dekabrynda saýlanan Mejlisiň düzümi 50-den 125 adama çenli artdyryldy. Mejlise, hususan-da, ýurduň Baş Kanunyny kabul etmek, oňa goşmaçalary we üýtgetmeleri girizmek, ýurduň syýasy, ykdysady we sosial ösüşiniň esasy ugurlaryna degişli programmalara garamak we tassyklamak, referendumlary geçirmek barada kararlary kabul etmek ýaly ygtyýarlyklar berlipdi.

Soňky ýyl nämäni görkezdi?

Synçylar ýurtda graždan jemgyýetiniň döremeginde we ösmeginde halk wekillerinden düzülen kanun çykaryjy organ bolan parlamentiň uly rol oýnamalydygyny belleýärler. Şol bir wagtda-da Türkmenistanda raýat jemgyýetiniň ösüşine tarap zerur ädimleriň häzirlikçe ädilmänligi aýdylýar.

“Graždan jemgyýetçiliginiň döremegi, ösmegi üçin bu ýyl göze ilerlikli ädim ädildi diýmek kyn. Sebäbi köppartiýalylyk barada kanun kabul edilmedi, hökümetden garaşsyz jemgyýetçilik guramalary döredilmedi. Ýa oňa synanyşyk bolmady ýa-da muňa häkimiýetler ýol bermediler. Umuman bu babatda häkimiýetler göwünjeňlik görkezmeýärler şonuň üçin olaryň döredýän päsgelçilikleri zerarly raýatlar hem jemgyýetçilik guramalaryny döretmäge ilgezik bolmaýarlar” diýip, türkmenistanly žurnalist Aşyrguly Baýryýew belleýär.

Türkmenistanyň daşynda hereket edýän hökümete degişli bolmadyk “Türkmen inisiatiwasy” guramasynyň müdiri Farid Tuhbatullin hem Türkmenistanda raýat jemgyýetçiliginiň ösmegi bilen bagly meselede soňky ýylyň dowamynda yzagaýdyşlyk emele geldi diýen pikirde.

“Bu ýerde yzagaýdyşlyk emele geldi. Raýat jemgyýetçiligini ösdürmegiň ýerine onuň galyndylaryny ýok etmek üçin çäre görüldi. Graždan aktiwisti Andreý Zatoka basyş edilmegini, Türkmenistana amerikan meýletinçileriniň goýberilmänligini, hökümete degişli bolmadyk ýerli guramalar bilen işleşen “Counterpart Consortium” guramasynyň Türkmenistandaky programmasynyň ýapylmagyny, şeýle-de abraýly “Serhetsiz lukmanlar” guramasynyň Türkmenistandaky işini bes etmegini bu ýagdaýa mysal getirmek mümkin. Bu zatlaryň ählisi türkmen häkimiýetleriniň ýurtda jemgyýetçilik hereketlerini ösdürmäge derek, ony doly ýok etmek üçin ellerinde gelenini edýändiklerini görkezýär” diýip, F.Tuhbatullin belledi.

Ýuridiki taýdan esas döredilmeli

Synçylaryň pikirine görä, ýurtda jemgyýetiň rolunyň güýçlenmegi üçin ýuridiki esaslaryň döredilmegi we kanunlara gaýtadan garalmagy zerur.

Farid Tuhbatulliniň sözlerine görä, Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalar baradaky kanuny we onuň daşyndan kabul edilen goşmaçalardaky düzgünler Türkmenistanda hökümete degişli bolmadyk guramalaryň hasaba alynmagyna we olaryň hususy ýa-da daşary ýurt guramalaryndan ýardam almaklaryna uly päsgelçilikleri döredýär.

Öz nobatynda halkara guramalaryň ýurda baryp, tejribe alyşmak mümkinçiligine eýe bolmagy ozal Türkmenistanda işlän we hökümete degişli bolmadyk guramalaryň dikeldilmegine itergi berip bilerdi diýip, Tuhbatullin belleýär.

Elbetde, Türkmenistanda resmi hasaba alnan jemgyýetçilik guramalarynyň birnäçesi iş alyp barýar. Olaryň arasynda “Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasy”, “Gurbansoltan eje adyndaky aýallar guramasy”, “Türkmenistanyň gahrymany Atamyrat Nyýazow adyndaky uruş weteranlary guramasy” bar. Emma döwlete garaşly bolan bu guramalaryň hökümet tarapyndan ideologik gural hökmünde ulanylýanlygyny synçylar belleýärler.

Jemgyýet döwlet organlaryna kontrollyk etmeli

Synçylar Türkmenistanda döwlet institutlarynyň özygtyýaryklaryna laýyklykda erkin işläp başlamagyna ýol berilmeginiň ähmiýetini hem nygtaýarlar.

Žurnalist Aşyrguly Baýryýew Türkmenistanyň Mejlisiniň we halk wekilleriniň ygytýarlyklarynyň iş ýüzünde giňeldilmegi we olara gözegçilik funksiýasynyň berilmegi zerur diýip, hasap edýär. Köppartiýalylyk barada kanunyň ýokdugynyň ýurtda raýat jemgyýetçiliginiň ösmegine böwet bolýanlygyny hem bellemek bilen, türkmenistanly žurnalist Aşyrguly Baýryýew garaşsyz jemgyýetçilik guramalarynyň hem ähmiýetini nygtady.

“Jemgyýetçilik guramalarynyň döremegi üçin ýol açmaly. Jemgyýetçilik guramalary barada-da bizde häzir kämil we halkara hukuk normalaryna gabat gelýän kanunlar ýok. Şeýle kanunlar kabul edilmeli we Konstitusiýanyň maddalaryna laýyklykda, Türkmenistanda dürli ugurlardan jemgyýetçilik guramalarynyň döremegine ýol açmaly. Onsoň hem, graždan jemgyýeti boljak bolsa, jemgyýet döwlet organlaryna kontrollyk etmeli” diýip, A.Baýryýew belledi.

“Türkmen inisiatiwasy” guramasynyň müdiri Farid Tuhbatulliniň pikirine görä,
Türkmenistanda raýat jemgyýetçiliginiň ösmegi üçin häkimiýetleriň päsgel bermezligi zerur.

Farid Tuhbatullin geljek ýylda türkmen häkimiýetleriniň graždan jemgyýetini goldap, öz reformalarynda graždan jemgyýetiniň yardamlaryndan üstünlikli peýdalanyp, munuň bahbitli taraplaryna göz ýetirjekdiklerine umyt edýändigini aýtdy.