2009-da dünýäni üýtgeden ylym we tehnologiýa

Maddanyň nämeden emele gelendigini bilmek üçin atomy kesip, onuň içki gatlaklaryna aralaşmak fizikleriň hemişe arzuwlap gelen zady bolsa gerek. 2009-njy ýylyň dekabrynda “Ýewropa ýadro barlaglary guramasynyň” Large Hadron Collider diýlip atlandyrylýan proýektiniň ýola goýulmagy bilen bu barada uly ädim ädildi.
Tehniki problemalar çözülensoň ol 1,2 trillion elektron woltlyk energiýany Fransiýa bilen Şweýsariýnyň serhedinde ýer astynda ýerleşýän bir turba goýberdi. Gazanylan bu deslapky üstünlik bilen subatom bölejikleriniň, belki-de älemiň özüniň möhüm syrlarynyň üstüni açmaga ýol açyldy diýip umyt edilýär.

“Men bu proýekt bizi älemiň ýaňy dörän döwülerine aralaşdyrar diýip, pikir edýärin. Älemiň nähli giňänligi, nähili ösenligi gaty gyzykly sorag. Galyberse-de, biz onuň takmynan 95 prosentini bilemzok, garaňky älem diýilýäne düşünemzok. Şol sebäpden men bu proýekt şol garaňkylyga az-kem ýagtylyk salar diýip, umyt edýärin” diýip, “Ýewropa ýadro barlaglary guramasynyň” baş direktory Rolf Heuer belleýär.

Twitteri ulanýanlar 60 milliona golaýlady


2009-njy ýylda tehnologiýa ýeke ýerastyna däl, ýerüstüne-de täzelikler getirdi. Mysal üçin, bizi ownuk-uşak zatlardan tutup, hökümetleri sandyradýan protest hereketleriniň nädip güýç alyşy bilen tanyşdyrýan mikto-blog sahypasy twitter 2009-njy ýylda örän uly yz galdyrdy. Twitteri ulanýanlaryň sany ýylyň aýagynda 60 milliona golaýlap, ol bir hakyky global hadysa öwrüldi.

Twitter beýleki habarlaşyş serişdeleri bilen birlikde möhüm syýasy rol aýnady. Ol Molawada aprel aýynda geçen saýlawlardan soňky protestlerinyň, Eýranda hem iýun demonstrasiýalarynyň ýola goýulmagyna uly goşant goşdy.

“Brian Chen” tehnologiýa internet sahypasy “wired.com-yň” işgäri: “Twitter indi üç ýyl bäri bar. Ýöne bilşimiz ýaly, ol şu ýyl giňden ýaýrap ugrady. Indi ýokary derejeli graždan žurnalizmi amala aşýar. Iň gyzyklysy we ähmiýetlisi hem syýasy arza-şikaýatlar. Biz adaty ýagdaýda gysyp saklanýan adamlara aýtjak zadyny aýtmaga mümkinçilik berýäris. Digital demokratiýa düşünjesi, ine, şu. Sebäbi internet we twitter hemmelere elýeterli. Adamlar ozal aýdyp bilmeýän pikirlerini indi beýlekiler bilen paýlaşyp bilýärler”.

Saglyk ugrundaky öňegidişlikler


2009-njy ýylda saglyk ugrunda-da öňegidişlikler boldy. Bularyň iň möhümi SPID keseliniň entek synag derejesindäki waksinasy bolsa gerek. Ol bu kesele ýolukma howpuny 31 prosent aşakladýar. Käbir alymlar munuň netijeliligine şübheli garasalar, käbirleri ony SPID-e garşy göreşde ýetilen uly sepgit diýip häsiýetlendirýär.

Doktor Alan Bernstein ”Global SPID waksinasy kampaniýasynyň” ýerine ýetiriji direktory: “Muny umumy ilat üçin ulanyp bolanok. Sebäbi ol adamy diňe bir gysga wagtlap goraýar. Goraýyş derejesi hem gaty pes. Ýöne onuň ähmiýeti gaty uly. Sebäbi ol SPID-e garşy waksinasiýanyň mümkindigini görkezýär. Ol bu barada alnyp barylýan tagallalara uly kömek”.