Eýranda Aşura syýasat aralaşdymy?

Eýranlylar Karbala metjidindäki Aşura çäresinde, 30-njy ýanwar, 2007-nji ýyl.

27-nji dekabr Aşura güni bolup, ol yslam kalendarynyň muharram aýynyň 10-na gabat gelýär. Şol gün Muhammet pygamberiň agtygy ymam Huseýiniň ejir çekdirilip öldürilen güni hökmünde bellenilýär.
Men Eýranyň Tebriz welaýatynda şol ýurtda patyşanyň höküm sürýän döwründe däp-dessura gaty sarpa goýýan bir şaýy maşgalasynda dünýä inip, ösüp-ulaldym. Şol ýurtda höküm sürýän dini ynanç Muhammet pygamberiň we onuň garyndaşy Alynyň hakyky ýoluny tutujy ymam Huseýindigine we onuň ençeme adamdan ybarat topary bilen gana suwsan Ýezide garşy çaknyşykda aradan çykanlygyna ynanýar.

Ymam Huseýiň ýaragdan üpjün we adalatsyzlygyň, men-menligiň we zulumyň simwolyna öwrülen Ýezidiň leşgerlerine garşy söweşde ýeňip bilmejegine göz ýetirýärdi. Emma muňa garamazdan, ol şaýylaryň pygamberiniň we yslamyň gelejekde bir gün ýeňmegini arzuw edip, Ýezidiň tarapdarlaryna garşy söweşdi we olar tarapyndan wagşylarça öldürildi.

Mekdebiň ençeme gün ýapylmagy bolaýmasa, ýetginjek hökmünde 1960-njy ýyllarda ýaş ýigitler bolan biz Aşurany ökünçli we heläkçilikli gün hökmündä garşy alardyk. Biz bu gün mynasybetli geçirilýän çärelere seretmek üçin köçelere çykardyk, adamlar gara köýnek geýip, köçelerde ýörärdiler, gamly we ökünçli goşgulary okap, “Ýa Huseýin-i-Mazlum, Huseýin, Huseýin, ýa Huseýin!” diýip, gygyryşardylar.

Özüniň gaty gynanýanlygyny görkezmek üçin şol çärä gatnaşýan adamlaryň köpüsi kükregine urardylar, menem käte-käte olara goşulardym. Käbirleri arkasyna zynjyr bilen urardylar, men özüm-ä görmedim, ýöne eşidişime görä, käbirleri-de öz ýüzüne, kellesiniň käbir ýerlerine urup, ganadar ekenler.

Bularyň hemmesi “Huseýin, biz seniň ýanyňda, biz hem özümizi seniň ýaly duýmak isleýäris, özümizi seniň ýaly hakyky din ugrunda pida etmek isleýäris“ diýlen pikiri aňladýar.

Şol döwürde şeýle çäreleriň ählisi däp-dessuryň bir bölegi bolup, diňe dabaradan ybaratdy. Onuň syýasat bilen asla ilteşigi ýokdy. Şeýle-de Aşura dini we sosial bir çäre bolup, ol halkyň biri-biri bilen duşuşmagy üçin bir pursat diýlip hasaplanylýardy.

Indi syýasat aralaşdy

Häzirki döwürde bu meselä gynanç bilen bir hatarda syýasat, hatda aşa köp syýasat aralaşdy. Şeýle-de ýigrençdir şygarlar hem goşuldy. Syýasy garşydaşlaryň ady tutulyp, “olara ölüm!” diýlen manydaky şygarlar hem göterilip başlandy. Bu mesele bilen bagly ýüze çykan bir täzelik – geçen ýyl hökümet we metbugat serişdeleri Gazada hem Aşuranyň bellenilýänligini habar berdiler. 60-njy ýyllarda biz Gazanyň nämedigini hem bilemzokdyk.

Bu ýyl bolsa Eýranly resmiler Aşurany öz syýasy garşydaşlaryny, özleriniň öňki doganlaryny, ýetginjekleri, zenanlary, garaz, Eýranyň ruhany lideri aýatulla Hameneýini we prezident Ahmedinejady goldamaýan ähli adamlary tankytlamak we garalamak maksadyna gönükdirerler.

Emma 60-njy ýyllarda dini resmileriň ideologiýa öwürmeg-ä beýle-de dursun, hatda ol hiç hili ideologiýanyň simwoly däldi. Ol size zor bilen kabul etdirilenokdy, din siziň nähili köýnek geýjekdigiňize hem karar berenokdy, siziň özüňizi nähili alyp barýanlygyňyz bilen hem onuň işi ýokdy.

Meniň ejem gaty dindardy. Emma ol öz çagalary we beýlekiler barada gaty çydamly hereket ederdi. Ol meniň uly gyz doganym ýaly, bürenjek hem bürenýärdi. Emma meniň kiçi gyz doganym bürenmezdi we onuň bu hereketi hiç kimi, hatda ejemi, kakamy, mekdebi, hatda, köçelerdäki polisiýanyň agzalaryny hem rahatsyz edenokdy.

Din öý we metjit bilen bagly, galyberse-de, Aşura ýaly dabaralar bilen bagly bir meseledi. Aşuradan soňra biz öz kadaly durmuşymyza dolanardyk. Ýagny, mekdebe giderdik, “Spartak” ýaly kinolary görerdik, Raý Çarles ýaly aýdymçylary diňlärdik.

Ol gaty gowy döwürdi. Biziň ösüp barýan ýurt we hatda diktator režim tarapyndan dolandyrylýanlygymyza garamazdan, häzirki yslam respublikasy bilen deňeşdirilende, Eýranda çydamlylyk bardy.

Bize näme boldy? Meniň pikirimçe, şu ýylky Aşura gatnaşjak Eýranly ýetginjekler mundan 20 ýa 30 ýyldan soňra, şu günki wakalary ýatlarlar we öz tejribeleri barada pikir ederler.

Abbas Jawadi Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň Gepleşikler bölüminiň başlygynyň kömekçisi. Şu kommentariýada öňe sürülen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.