Medwedew efire çykyp, soraglara jogap berdi

Medwedew esasy telewideniýe kanallarynda çykyş etdi, 24-nji dekabr, 2009-njy ýyl.

Penşenbe güni prezident Dmitriý Medwedew Orsýetde demokratiýanyň kemçiliklerinden söz açyp, reformalary ýola goýmagy wada etdi.
Ýurduň üç möhüm telewideniýe kanallarynyň başlyklary bilen geçen çekişmede prezident Medwedew adatdan daşary açyk gürläp: “Bu uly ýurdy modernleşdirmek üçin uzak wagt gerek” diýdi.

Medwedewiň aýtmagyna görä, özgerişler adamlaryň islegi bilen utgaşykly alnyp barylmaly. Ors prezidenti Günbatary bu barada sabyrlylyga çagyryp: “Biziň halkymyz ögerişlere ukyply halk” diýdi.

Orsýetde geçýän beýleki söhbetdeşlikler bilen deňäniňde bu interwýu agressiw alnyp barlyp, eneçeme gezek prezidentiň sözi bölündi.

Reformalar hiç bir netije bermän boş çykar, onsoň gülkünç ýagdaýa düşen prezidentiň özi bolar diýlen çaklamany Medwedew ret etdi. Prezident modernleşme ugrunda ýüzbe-ýüz bolunjak kynçylyklardan gaçmaly däldigini, Orsýetiň özüniň nebit-gaz ýaly tebigy baýlyklardan gelýän girdejä garaşlylygyny kemeltmelidigini nygtady.

Ol ýurtda partiýalar we syýasy sistemanyň oňaýly ösjekdigi barada hem umytly gürledi. Prezidentiň aýtmagyna görä, kanuny hormatlap, ony ýerine ýetiren ýagdaýynda öňki küşt çempiony Garriý Kasparowyňky ýaly radikal oppozision toparlara-da jemgyýetde orun bar.

Medwedew ýaňy geçen ýerli saýlawlarda bolan aldaw-hileleri hem tankytlap: “Sudlar nirede zerur diýse, şol ýerde ses berişlik gaýtadan geçer” diýdi.

Prezident 2008-nji ýylyň maý aýynda Wladimir Putinden soň döwlet baştutany wezipesine geleli bäri öz bitiren işlerine begenýändigini bildirdi. “Täze ýylda ediljek ilkinji işleriň biri milisiýa güýçlerine garaýan Içeri işleri ministrligini reformirlemek barada bir permana gol çekmek bolar” diýip, ors prezidenti aýtdy.

Medwedewiň pikiriçe, Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen ýadro ýaraglaryny çäklendirmek baradaky gepleşikler iki tarapdan-da “käbir zatlarda eglişigi we gürleşmegi” talap edýär.

Medwedew bu barada hem umytly gürläp: “Basym bir ylalaşyga gelner” diýdi. Onuň pikiriçe, atom ýaraglaryny kemeltmek baradaky gepleşiklerde Waşingtondyr Moskwa biri-birine eglişik etmeli.