Türkmenistan-Ýaponiýa: Tokioda gepleşikler geçirildi

Ýaponiýanyň premýer-ministri Yukio Hatoýama (sagda) we Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Tokioda, 16-njy dekabr, 2009-njy ýyl.

Ýaponiýanyň premýer-ministri Yukio Hatoýamanyň we Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň arasynda 16-njy dekabrda gepleşikler geçirildi. Şol günüň özünde ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon komissiýasynyň 8-nji maslahaty boldy.
Taraplar arasynda geçirilen duşuşyklaryň netijesinde dostlugy, partnýorlygy we hyzmatdaşlygy ösdürmek barada bilelikdäki beýannama gol çekildi, şeýle-de ýurtlaryň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda hyzmatdaşlyk boýunça Memoranduma gol goýuldy.

Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň özara hyzmatdaşlygynyň perspektiw ugurlaryny kesgitläp, Ýaponiýanyň premýer-ministri Yukio Hatoýama syýasy-diplomatik gatnaşyklary, ykdysadyýeti we medeni-gumanitar gatnaşyklary belledi. Ýaponiýanyň premýer-ministri ýurtlaryň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy üçin ösdürmäge mynasyp ugurlarynyň arasynda energiýa pudagyny, transporty, telekommunikasiýany hem suw hojalygyny agzap geçdi.

Öz nobatynda Türkmenistanyň prezidenti Ýaponiýanyň informasion we kommunikasion tehnologiýalaryna, nebit önümçiligine, nebiti gaýtadan işlemek hem nebit-himiýa senagatyna hem syýahatçylygyň döwre laýyk infrastrukturasyny döretmeklige degişli tejribelerine gyzyklanma bildirdi diýip, Türkmenistanyň metbugatynda habar berildi.

Ýaponiýa tutuş Merkezi Aziýa gyzyklanma bildirýär

Merkezi Aziýa boýunça analitik Artýom Ulunýan hut ösen tehnologiýalaryň türkmen-ýapon hyzmatdaşlygy üçin örän perspektiw ugurlaryň biri bolup durýanlygyny belledi. Analitik Tokionyň Aşgabat bilen hyzmatdaşlygyna Ýaponiýanyň tutuş Merkezi Aziýa regiony boýunça alyp barýan syýasatynyň çäginde garaýar.

“Tokio Merkezi Aziýa örän uly gyzyklanma bildirýär. Ýurduň maliýe-senagat toparlary Merkezi Aziýa Ýaponiýanyň ykdysadyýeti tarapyndan maýa ýatyrylyp bilinjek esasy ugurlaryň biri hökmünde garaýarlar. Ýokary tehnologiýalaryň eksporty potensial mümkinçilikleriň biri bolup durýar. Mümkinçilikleriň ýene biri Ýaponiýanyň maliýe toparlarynyň energiýa proýketlerine gatnaşmagyna degişli” diýip, A.Ulunýan belledi.

Espertiň pikirine görä, Ýaponiýanyň Merkezi Aziýadaky şol sanda Türkmenistandaky bähbitleriniň ýene biri regionda Hytaýyň täsiriniň güýçlenmezligine degişli: “Bu meselä bir tarapdan syýasy nukdaýnazardan garalýar. Sebäbi Hytaýyň Merkezi Aziýa babatyndaky syýasaty ilkinji nobatda regionyň syýasy režimleriniň üýtgemezligine daýanýar. Ýaponiýanyň bu meselä seresaply çemeleşýänligini aýdyp bolar. Başga bir tarapdan Hytaýyň maýa goýumlarynyň Merkezi Aziýanyň esasy ykdysady, şol sanda tebigy serişdeler pudaklaryna aralaşmagy hem Ýaponiýa ýakmaýar, sebäbi Ýaponiýa hem regionyň tebygy srişdelerine uly isleg bildirýän ýurt bolup durýar”.

Türkmenistan üçin bähbidi

Türkmenistanyň öňki diplomaty Nurmuhammet Hanamow dünýäniň iň ösen döwletleriniň biri bolan Ýaponiýa bilen hyzmatdaşlygy giňeltmeklik Türkmenistanyň ösüşi üçin bähbitli diýip, pikir edýär.

16-njy dekabrda Türkmenistanyň prezidenti bilen Ýaponiýanyň premýer-ministriniň arasynda bolan gepleşiklerde taraplaryň gumanitar meselelerine hem deglip geçilenligini, hususan-da, ýurtlaryň bilim edaralarynyň arasynda kadrlary taýýarlamak we ylmy öwrenişleri geçirmek boýunça hyzmtdaşlygy ösdürmäge taýýarlyk bildirenligini TDH gullugy ýazdy.

Synçylar döwletleriň özara gatnaşyklarynda gumanitar ugrunyň ösmeginiň ähmiýetini aýratyn belleýärler.

Gumanitar hyzmatdaşlygyň ähmiýeti

Artýom Ulunýanyň pikirine görä, Ýaponiýa bilen bilim ugrundan hyzmatdaşlygyň artmagy, kadrlary taýýarlamakda kynçylyk çekýän Türkmenistan üçin täze mümkinçilikleri döredip biler.

Nurmuhammet Hanamow Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň özara gumanitar hyzmatdaşlygy has giň derejeli meseleleri öz içine almaly diýip hasap edýär: “Hyzmatdaşlygyň ösmegi üçin, birinjiden, Günbatar döwletleri we Ýaponiýa ýaly döwletler Türkmenistanda kanunyň işleýşine garaýarlar. Kanun işlemese, taraplaryň gatnaşygy gürrüňden ýa ikitaraplaýyn protokollardan öňe gitmez. Ikinjiden, ýurtda režimiň ýagdaýy, ynsan haklarynyň berjaý edilişi we demokratik ösüşi Ýaponiýanyň ünsüni hökman çeker” diýip, Nurmuhammet Hanamow aýtdy.

Soňky iki ýylyň dowamynda Türkmenistan kanun sistemasynyň özgerdilmeginiň zerurulygyny boýun alýar we kanunlara üýtgetmeleri girizmek, täze kanunlary kabul etmek we halkara konsultasiýalary geçirmek ýaly çäreleri amala aşyrýar.

Nurmuhammet Hanamow ýurduň kanun sistemasyndaky ýetmezçilikleriň sebäbini kanunlaryň işlemeýänliginde görýär.

Ynsan hukuklarynyň roly


G.Berdimuhamedowyň Ýaponiýa saparynyň öňüsyrasynda Human Rights Watch guramasy Ýaponiýanyň häkimiýetlerini gepleşiklerde ynsan hukuklary problemasyny gozgamaga çagyryp, açyk hat bilen ýüzlenipdi.

Bu meseläniň Tokiodaky gepleşiklerde gozgalyp-gozgalmanlygy belli däl. Bu barada Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginden maglumat almak başartmady.

Saparynyň dowamynda G.Berdimuhamedowyň Ýaponiýanyň imperatory Akihito tarapyndana kabul ediljegine garaşylýar. Türkmen prezidentiniň şeýle-de Ýaponiýanyň “Itoçu”, “JGC”, “Mitsubishi”, “Kawasaki” ýaly iri kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary hem planlaşdyrylýar diýip, “Turkmenistan.ru” internet gazeti ýazdy.

Tokiodaky gepleşiklerde taraplar arasynda 2010–2011 ýyllarda Ýaponiýanyň Türkmenistanda we Türkmenistanyň Ýaponiýada medeni günlerini geçirmek meselesi maslahat edildi. Ýaponiýanyň premýer-ministrine Türkmenistana sapar etmek çakylygy hem gowşuryldy.