Türkmenistan-Hytaý gaz turbasynyň ulanmaga berilmegi bilen Merkezi Aziýa regionynda güýçli syýasy-ykdysady faktor peýda boldy. Ol –Hytaý.
Bu ýagdaý Moskwany alada goýman durup bilmez. Bu wakanyň örän çynlakaý netijeleri bolmagy mümkin. Ol onýyllyklaryň dowamynda kemala gelen hem ornaşan garaşlylygyň hem gatnaşyklaryň gurluşyny üýtgeder.
Dekabryň ortasynda birnäçe günüň dowamynda iki waka bolup geçdi, eger olary deňeşdirsek, regionda bolýan özgerişleriň kartinasyny görmek mümkin.
Türkmenistanyň, Hytaýyň, Gazagystanyň we Özbegistanyň prezidentleri uly dabara bilen Aşgabatda duşuşdylar. Olar iş ýüzünde aragatnaşygyň täze strategik ugruny esaslandyrýarlar.
Orsýet ýok
Şu ýerde bellemeli bir pursat - regionyň meseleleri çözülende, däp bolup gelýän eýesi - Orsýet ýok. Ýene birnäçe günden Orsýetiň prezidenti Türkmenistanda peýda bolar. Oňa Aşgabatda ors mekdebini açmak missiýasy ýetdi.
Many-mazmuny boýunça bu iki wakany biri-biri bilen asla deňeşdirmek mümkin däl. Hakykat ýüzünde Orsýet geljekde bölüşiljek energetik saçakdan çetleşdirildi. Mundanam başga Hytaý ýaly nebit-gazy ägirt uly möçberlerde ulanýan müşderä eýe bolmagyň Merkezi Aziýa üçin azatlyk şemaly ýaly bolup görünýändigine Moskwada düşünmän duranoklar.
Regionda energiýa serişdelerini daşarky bazara çykarýan Türkmenistan, Gazagystan we Özbegistan indi müşderi saýlamak mümkinçiligine eýe boldular. Ondanam başga Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Orsýet bilen gatnaşyklary hemişe gülala-güllük bolup durmaýardy.
Bu ýagdaýy Türkmenistanyň hem Özbegistanyň mysalynda aýdyň görmek mümkin. Iň bir soňky mysal, aprel aýyndan bäri türkmen gazy Orsýete akmaýar, bu görnüp duran fakt. Şu günki gün türkmen tarapy bu ýagdaýa betbagtçylyk hökmünde seretmeýär.
Ugur saýlamakda regionyň beýleki ýurtlary-da indi has erkin bolarlar. Hytaýyň hyzmatdaş hökmünde peýda bolmagy şu wagta çenli Orsýetiň berk gözegçiligi, penasy astynda bolan döwletleri şol penakärlikden halas eder.
Ýene-de bir ähmiýetli tarapy
Hytaý ýolbaşçylary Ýewropanyň mysalynda şeýle garaşlylygyň nähili howpdugyna göz ýetirdiler. Hytaý faktorynyň Türkmenistan üçin ýene-de bir ähmiýetli tarapy bar: aradaky gatnaşyklar beýleki bolmagy mümkin müşderileri-de janlanmaga iterer, olar Eýran, Günbatar Ýewropa we ABŞ, bu ýurtlar regionyň ösüşine has-da aktiw gatnaşyp bilerler.
Tähran eýýämden aktiwlik görkezip, barlyşyga meýillidigini äşgär etdi. Mundan biraz wagt ozalkysyna garanda, häzir Eýran bilen prinsipial meselelerde dil tapyşmak ýeňilleşdi.
Şu kontekstde Birleşen Ştatlaryň hem Ýewropa Bileleşiginiň Hazaryň statusyny çözmekde Azerbeýjana täsir ýetirmegi Aşgabat üçin örän möhüm. Hut şu ýagdaý türkmen-ýewropa gatnaşyklaryny saklap duran faktor.
Gepiň gysgasy, partnýor hökmünde Hytaýyň Merkezi Aziýa regionynda peýda bolmagy Orsýete täze bir taryhy roly – islenilmeýän partnýolygy berýär.
Türkmenistanyň täze eýe bolan daşarky azatlygy ýurduň içindäki özgerişlere täsir ýetirermi? Bu sorag dünýä jemgyýetçiligini gyzyklandyrman durup bilmez.
Daşarky gysyşlardan, diktatdan halas bolmagy döwletiň içerki sistemasynyň biraz ýumşamagyna getirermi? Izolýasiýadan, üzňelikden çykmak bilen režimiň umumy açyklaşmasynyň arasynda täze oňyn balans, ýagny deňagramlylyk dörärmi?
Aleksandr Narodetski post-Sowet döwletleri boýunça britaniýaly bilermen. Şu kommentariýada öňe sürülen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.