Gara sanaw näme? Daşary ýurtlarda, swilizlenen jemgyýetlerde ýaşaýan adamlara bu söz düzüminiň manysyny gysgaça, iki agyz sözde düşündirmegem ýeňil däl.
Türkmenistanda ol haçan we nähili sebäp bilen döredi? Bu soraga ýazyjy Amanmyrat Bugaýew şeýle jogap berdi: “Prezident Nyýazowyň göwnünden turmaýan adamlaryň sanawy bu. 1992-93-nji ýyllarda ýeň astyndan “pylanynyň zatlaryny bermeli däl” etdiler, soňam adam sany köpelensoň, ýörite kagyz ýüzündäki sanawa geçilipdir”.
Žurnalist Aşyrguly Baýryýew hem galamdaşynyň pikiri bilen ylalaşýar. Geçen asyryň 90-njy ýyllarynyň birinji ýarymynda gara sanaw döredijilik intelligensiýasyndan kimleriň eserlerini çap etmeli, kimleri gadagan etmeli – şu maksat üçin Nyýazow tarapyndan döredilipdir: “Sanawlaryň düzülmeginiň gözbaşynda S.Nyýazow durup, onuň görkezmesi bilen degişli guramalar, degişli edaralar şeýle sanawlary düzüpdirler. Gynansak-da, häzire-bu güne çenli şol sanawlardan doly el çekilenok”.
Gara sanawyň çägi giňedi
Sanaw başda dil üsti görkezme arkaly işlän bolsa, gadaganlyga düşenleriň sany artansoň, ol kagyz ýüzüne geçirilipdir. Sanaw täsir ediş zolagyny giňeldip, diňe döredijilik adamlarynyň çäginden çykypdyr.
A.Baýryýewiň sözlerine görä: “Gara sanaw halk dilinde ulanylýan adalga. Şol sanawlaryň esasynda kimleriň-kimleriň eserleri çap edilmeli däl, kimleriň aýdym-sazlary radio-telewideniýede berilmeli däl. Ine, şol adamlaryň atlary girizilen bolmaly. Kimler ýurtdan çykmaly däl ýa-da kimler ýurda gelmeli däl. Ine, şunuňam sanawy düzülen bolmaly.
Ýazyjy Amanmyrat Bugaýewiň sözlerine görä, “S.Nyýazowyň tapan, ile görkezilmeýän bu gara sanawy döredijilik adamlarynyň biri-birinden ar alýan mekdebine öwrülipdir. Ýurdy durşuna gadaganlygyň ýurduna öwrüpdirler”.
Gara sanaw näme üçin döredildi, ol näme üçin garaşsyzlygyň başky ýyllaryndan gitdigiçe güýçlenip, giňelip, galňapdyr? Aşyrguly Baýryýew onuň “S.Nyýazowyň häkimiýetiniň pugtalanmagy, berkemegi bilen baglydygyny aýdýar”.
Ýurtda häkimiýet çalşandan soňam gara sanaw öz işini dowam etdirýär. Daşary ýurtlara çykjak adamlar bilen bagly-da gara sanaw hereketde.
Türkmenistanda bir ýyl bäri dünýä standartlaryna bap gelýän türkmen pasporty berlip başlandy. Täze görnüşli pasport almak üçin ýüz tutan, ady gara sanawdaky adamlara şol pasport berilmeýär - diýen gürrüňler il içinde bar. Ýazyjy Amanmyrat Bugaýew şeýle diýdi: “Täze pasporty gara sanawdaky adamlara berenoklar. “Saňa bermek degişli däl, soň bir wagty geler, habar ederis. Geziber”- diýýärler.
Aşgabadyň halkara aeroportundan yzyna gaýtarylan adamlar barasynda ençeme ýyllaryň dowamynda köp sanly maglumatlar gelip gowuşdy. Bu ýagdaý 2002-nji ýylyň 25-nji noýabr wakasy diýilýän bilen bagly has-da güýçlenipdir. Sanaw aşa artypdyr.
Näme üçin artdy?
Ýazyjy Amanmyrat Bugaýew şeýle diýýär: “Bir adam gara sanawa giren bolsa, şonuň üç arkasyny girizýärler şoňa. Ogly, agtygy, özi şol adamyň gidip bilenok. Käsine gönüden-göni jogabam berýärler. Şu wagt ýurduň daşyna çykmaga size rugsat edilenok. Şonuň üçin sizi goýberip bilemizok –diýip. Eline jogap hatyny alan oglanlar bar ýörite arza ýazyp. Ýöne sebäbini görkezmändirler”.
Ile görkezilmeýän, metbugatda çap edilmeýän, ýöne ýurtdan çykylýan, ýurda girilýän serhet nokatlaryndaky gara sanawda näçeräk adamynyň ady barka?
Aşyrguly Baýryýew: “Anyk maglumat ýok, il arasyndaky gürrüňlere görä, ýurtdan çykmaly däl adamlaryň sanawyna tas 25 müň adam girizilipdir. Olar 2002-nji ýylyň 25-nji noýabr wakasy diýilýäne gatnaşanlaryň dogan-garyndaşlary, işlerinden boşadylan ýokary wezipeli adamlaryň dogan-garyndaşlary, ogul-gyzlary, ýöne näme ony hiç wagt, hiç ýerde, hiç bir edara boýun alanok” - diýdi.
S.Nyýazow döwründe bu sanaw diňe bir ýazyjy-şahyrlar ýa daşary ýurtlara gitmek isleýänler üçin däl, syýasy taýdan ynamsyz diýip çaklanylýan adamlar bilen bagly ýurduň öz içinde-de hereket edipdir. Amanmyrat Bugaýew bu barada şeýle diýdi: “Öň ýurduň içinde-de şeýleräk ýagdaý boldy. Berdimuhamedow gelip, şol beladan gutardy. Ol etrapdan beýleki etraba gitmeli dälleriň sanawy ýöredilýärdi. Ozüniň ýakyny aradan çykanda, aýada gidip bilmedik adamlar boldy, goňşy etraba, goňşy raýona”.
Studentlerdenem şol sanawa girenler bar
Başda aýdylyşy ýaly, Türkmenistanda häkimiýet çalşandan soňam gara sanaw öz güýjüni ýitirenok, gaýtam onuň göwrümi giňelýär. Şu ýylyň awgust-sentýabr aýlarynda ABŞ-nyň Döwlet departamenti tarapyndan maliýeleşdirilýän programma boýunça Bişkekdäki Amerikan uniwersitetinde okaýan türkmenistanly studentlerem şol sanawa girdiler. Olary ýurtdan goýbermediler.
BMG-niň Baş assambleýasynyň sessiýasyna gatnaşmak üçin Türkmenistanyň prezidenti Nýu-Ýorka baranda, Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Hillari Klinton bilen duşuşykda-da ýurtda saklanylýan türkmenistanly studentleriň meselesi gozgalypdyr.
ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçihanasy türkmen hökümeti bilen bu meseläni yzygiderli maslahatlaşýar. Ýakynda Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamentiniň ýokary derejeli wekili Krol Aşgabatda G.Berdimuhamedow bilen duşuşanda ýene-de bu meseläni gozgapdyr.
Ilçihananynyň jemgyýetçilik bilen aragatnaşyklar we medeniýet bölüminiň ýolbaşçysy Wilýam Stiwens Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda şeýle diýdi: “Biz bu meseläni ençeme ýerde, ençeme gezek türkmen hökümetiniň öňünde goýduk. Bu baradaky aladalarymyzy dowam etdireris. Men özüm şol studentleriň onlarçasy bilen duşuşdym, olaryň ene-atalary bilen pikir alyşdym. Biz şol studentleriň okuwlaryny tamamlamagy üçin elimizden gelen kömegi bermäge taýýar”.
Ýöne gara sanawa düşen, ýurtdan çykyp bilmän oturan studentler meselesi okuw ýylynyň birinji ýarymynyň geçip barýandygyna garamazdan, çözülmän galýar.
Indi syr däl
Soňky döwürde bu gara sanaw bilen bagly ýagdaýda käbir açyklyk hem peýda bolupdyr. Bu hakda A.Baýryýew şeýle gürrüň berýär: “Ýakynda men belli şahsyýetleriň birini gördüm, wezipesini aýdyp oturmaýyn. Ol özüniň emigrasiýa gullugyndan jogap alandygyny aýtdy. “Siz häzirlikçe ýurtdan çykyp bileňizok” diýipdirler. Oň şeýle jogaplar berilmeýärdi. Berläýende-de, dil üsti bilen gümürtik jogap berlerdi. Şol jogabyň özem şeýle sanawyň bardygyna güwä geçýärmikä diýýärin”.
Häkimiýet çalşandan soň bu sanawyň saklanyp galmagynynyň nähili sebäpleriniň bolmagy mümkin? Türkmenistanly bilermen bu ýagdaý ýurtda nyýazowçylyk sistemanyň dowam edýändigi, syýasy reformalaryň geçirilmeýänligi bilen bagly diýen pikiri öňe sürdi.
Onuň sözlerine görä, resmi propagandanyň tassyklaýşy ýaly, ykdysady ugurdan käbir oňyn özgerişler bar, emma syýasy azatlyklar meselesi iki aýagy bilen agsaýar. “Bu bolsa gara sanaw ýaly diktatorlyk režime mahsus hadysalaryň saklanyp galmagyna şert döredýär” - diýip, türkmenistanly bilermen aýtdy.