Orsýetdäki hüjümi kim amala aşyrdy?

Orsýetde anna güni bolan otly heläkçiliginden soň arassalaýyş işleri geçirilýär, 28-nji noýabr, 2009-njy ýyl.

Separatist çeçen soweşijilerine degişli bir internet saýtda 2-nji dekabrda aýdylmagyna görä, yslamçy gozgalaňçylar Orsýetiň ekspress ýolagçy otlusyndaky partlamany amala aşyrandyklaryny boýun alyp, olara bir hat iberipdirler. Geçen hepde bolan şol partlamada 27 adam heläk boldy.
Şol beýannamada anna güni 27-nji noýabrda Moskowa-Sankt Peterburg aralygynda gatnaýan ýolagçy otlusyna edilen hüjümiň Doku Umarowyň buýrugy esasynda amala aşyrylandygy öňe sürülýär. Özüni Kawkaz emirliginiň lideri diýip yglan eden Umarow Demirgazyk Kawkazdaky birleşen yslamçy toparyň ýolbaşçysy hem-de regionda yslam şerigaty kanunyny ýöretmäge synanyşýan adam hökmünde çykyş edýär.

"Kawkaz.center" internet saýtynda ýerleşdirilen şol beýannamada bu hüjümiň şu ýyl üçin planlaşdyrylan ençeme hüjümlerden biridigi hem onuň Orsýetiň strategik nokatlarynda amala aşyrylandygy aýdylýar.

Şol beýannamada eger-de Orsýet harbylary Kawkazdaky operasiýlaryny dowam etdirseler, oňa has köp hüjüm bilen jogap beriljegi bilen haýbat atylýar we Orsýetiň bu syýasaty ýönekeý musulmanlary öldürmek diýlip atlandyrylýar.

Häzirlikçe tassyklamak mümkin däl

Häzirlikçe beýnnamanyň awtoryny garaşsyz çeşmeler tarapyndan tassyklatmak mümkin däl. Doku Umarowyň orslaryň garşysyna birnäçe hüjümleri, şol sanda 2004-nji ýyldaky Beslan mekdebine edilen hüjümi amala aşyrandygy-da aýdylýar. Golaýda bolsa ol Inguşystanyň prezidenti Ýunus Ýewkurowyň janyna kast etmäge synanyşandygy öňe sürülýär. Rus harbylarynyň hüjüminde Umarowyň ölendigini ýa-da agyr ýaralanandygyny Orsýet häkimiýetleri iýun aýynda öňe sürüpdiler.

Iýul aýynda Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosyna telefon eden Umarow Orsýetiň bu garaýşyny ret etdi we Çeçenistan-Dagystan araçägindäky ençeme topardan söweşijiler bilen duşuşandygyny, olary birikdirip, köp sanly ok-ýarag ýygnandygyny we mujaheddin söweşijileriniň diňe onuň buýrugy esasynda hüjüme geçýändigini öňe sürdi.

Azatlyk Radiosynyň Demirgazyk Kawkaz boýunça korrespondenti Aslan Aýubow Umarowyň we Basaýewiň gatnaşyklarynyň uzak taryhynyň bardygyny aýtdy: «Ençeme ýyllap Doku Umarow Basaýewiň ýaragly güýçlerine komandirilk etdi. Bilşime görä, olar ýakyn dost bolmaly. Olaryň ikisi-de seperatist çeçen prezidenti Aslan Mashadowyň golastynda işläpdiler, olar 2005-nji ýylda onuň ýerine geçen Sadullaýewiň hökümetinde-de işlediler. Kawkazyň geljegi üçin olaryň garaýyşlary birmeňzeş, olar dürli frontda söweşdiler. Men gozgalaňçylaryň arasynda Basaýewiň Umarowdan has köpräk halanýandygyny kesgitli aýdyp biljek».

Orsýetde ýolagçy otlusyna edilen hüjümiň geçen bäş ýylyň dowamynda Demirgazyk Kawkazdan daşarda bolan iň aýylganç terraktydy we bu hüjümden soňra ýene-de şeýle hüjümleriň artmagyndan howatyr edilýändigi habar berildi.