1-2-nji dekabr günleri Gresiýanyň paýtagty Afinada Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň ministrler geňeşiniň maslahaty geçirilýär.
Ýylda geçirilýän şeýle duşuşyklar Guramanyň 56 agza ýurdunyň Daşary işler ministrleriniň jemlenişip, ÝHHG-niň geçen ýylyň dowamynda eden işlerine syn etmegine hem howpsuzlyk meseleleri boýunça milli nukdaýnazarlaryny mälim etmegine mümkinçilik berýär. Duşuşyga Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň gatnaşjagy hem aýdylýar.
Maslahata Türkmenistanyň daşary işler ministri Reşit Meredowyň gatnaşmagyna hem garaşylýar. Bu barada ÝHHG-niň metbugat wekili Wirginie Koulloudon Azatlyk Radiosyna aýtdy.
ÝHHG-niň Afinadaky maslahaty we bu çärä türkmen wekilleriniň gatnaşjagy barada Türkmenistanyň internet saýtlarynda maglumat berilmedi.
Turkmenistan-ÝHHG hyzmatdaşlygy
1998-nji ýylda Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasy Türkmenistanda öz wekilhanasyny açmak kararyna gelipdi, 1999-njy ýylyň ýanwar aýynda ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi öz işine başlady.
Soňky ýyllaryň dowamynda Türkmenistan daşary syýasy gatnaşyklaryny ösdürmek maksadyny yglan edensoň, ýurduň halkara guramalary, şol sanda ÝHHG bilen gatnaşyklarynda-da, has uly aktiwligiň emele gelenligini synçylar aýdýarlar.
Soňky ýylyň dowamynda Türkmenistanyň paýtagtynda ÝHHG tarapyndan seminarlaryň we leksiýalaryň ençemesi geçirildi. Türkmenistanly žurnalist Aşyrgurly Baýryýewiň pikirine görä, esasan halkara we milli kanunlar meselesine gönükdirilip geçirilýän şol çäreler ýerli kanun goraýjy organlarynyň işgärleri üçin hem peýdaly. “Sebäbi käbir halatlarda şol organlaryň işgärleriniň halkara kanunlaryny bilmeýändikleri hakynda gürrüň bolýar. Olaryň özleri-de muny boýun alýarlar”.
ÝHHG-niň Agabatdaky wekilhanasy tarapyndan ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň we Agabatdaky “Ýewropa Öýüniň” hemaýaty bilen birlikde Türkmenistanyň kanunlarynyň ýygyndylarynyň çap edilýänligini Aşyrguly Baýryýew gürrüň berdi we ilat köpçüliginiň öz kanunlaryndan habarly bolmagy üçin şeýle çäreleriň ähmiýetini belledi.
ÝHHG-niň ygtyýarlylygy
ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň işine dürli ýylarda başgaça baha berlipdi. Käbir ýyllarda synçylar ÝHHG-niň Aşgabatdaky wekilhanasyny häkimiýetler tarapyndan berk gysyşlara sezewar edilen adamlar üçin esasy başpena hökmünde häsiýetlendiren bolsalar, käbir ýyllarda adamlaryň oňa ýüz tutup, hiç hili ýardam alyp bilmedik halatlarynyň-da seýrek bolmanlygy aýdylypdy.
“Türkmenistnyň demokratik raýat bileleşigi” atly hökümete degişli bolmadyk guramanyň ýolbaşçysy Wýaçeslaw Mämmedow halkara guramalarynyň, şol sanda ÝHHG-niň öz ygtyýarlyklaryndan peýdalanmagynyň derejesi Türkmenistandaky syýasy şertlere garaşly diýip, hasap edýär. “Guramanyň öz ygtyýarlyklaryny berjaý etmegi Türkmenistandaky şertlerde mümkin däl”.
Wýaçeslaw Mämedow Türkmenistanyň şu günki syýasy şertlerinde graždan jemgyýetçiliginiň ösüşine gönükdirilen halkara tagallalarynyň netije berjegine şübheli garaýar.
Adam hukuklaryny goraýjylar we graždan aktiwistleri Türkmenistan öz milli kanunlaryny halkara standartlaryna laýyk getirmäge taýýarlygyny mälim edýän hem bolsa we hatda bu ugurdan soňky döwürde halkara maslahatlaryny ýygy-ýygydan geçirýän hem bolsa, iş ýüzünde bar bolan milli kanunlaryny hem-de halkara borçnamalaryny berjaý etmän gelýänligine ünsi çekýärler.
Öz nobatynda ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi türkmen häkimiýetleri bilen häzirki hyzmatdaşlygyna “umytlandyryjy” diýip, baha berýär. “Türkmenistanyň ÝHHG we beýleki halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de giňeltmäge we çuňlaşdyrmaga taýýarlygy hasaba alnanda, munuň Türkmenistanyň raýatlarynyň bähbidi üçin peýdaly boljagyna garaşylýar” diýip, ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezinde Azatlyk Radiosyna aýtdylar.
ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň kömekçisi Jorj Krol, ÝHHG-niň duşuşygynyň öňüsyrasy metbugat beýanatyny berýär.
Häzirki wagtda Gresiýanyň baştutanlygyndaky Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň resmi maglumatyna görä, ÝHHG-niň ministrler geňeşiniň 1-2-nji dekabrda Afinada geçiriljek iki günlük maslahaty Gresiýanyň premier-ministri we daşary işler ministri George Papandreou tarapyndan alnyp barlar we oňa 56 agzadan ybarat guramanyň agza döwletleriniň wekilleri gatnaşarlar. Maslahata Türkmenistanyň daşary işler ministri Reşit Meredowyň gatnaşmagyna hem garaşylýar. Bu barada ÝHHG-niň metbugat wekili Wirginie Koulloudon Azatlyk Radiosyna aýtdy.