Gurbanlyk we hiňňillik

Prezident Berdimuhamedowyň 2009-njy ýylyň 6-njy noýabryndaky permany bilen şu ýyl Gurbanlyk üç günläp baýram ediler we dynç alnar.
Türkmen ýaşlary üçin Gurbanlyk ýylyň iň şagalaňly baýramlarynyň biri. Olar bu baýramçylyga öňünden taýýarlanýarlar. Gyzlar täze köýnek tikinýärler. Oglanlar hem täze eşiklerini geýip, öz ýa-da kakalarynyň, agalarynyň maşynlarynda dostlary bilen gezelenç edýärler, hiññilikde uçýarlar. Häzir Aşgabatda esasy hiňňillik Parahat mikroraýonynda. Bu ýerde ýurduň belli aýdymçylary çykyş edýärler.

Hiňňillikleriň arasynda özboluşly ýaryş bar. Öňler Hitrowka raýonyndaky hiňňillige köp adamlar barýardylar. Gowy bezelendigi uçin Hitrowkadaky hiňňillik iň märekeli ýer hasaplanýardy.

Dargan Soýuzyň çägindäki türki dilli döwletler garaşsyzlyga çykmankalar, Gurbanlygy erkinlikde baýram edip bilmeýärdiler. Emma olar garaşsyzlyga çykanlaryndan soňra ýagdaýlar üýtgedi. Regiondaky ýaşytdaşlary bilen birlikde Türkmenistanly ýaşlaryň arasynda hem bu baýramçylygy gowy gorýänler köp. Gurban baýramy we türkmen ýaşlary diýen temadan Türkmenistandaky habarçymyz Soltan Açylowa hem maglumat taýýarlady.

Şu temalar boýunça taýýarlanan “Ýaşlar” gepleşgini diňlemek isleseňiz, sahypanyň sag tarapynda ýerleşdirilen audio düwmäni basyň.