Orsýetiň premýer-ministri Fransiýa barýar

Orsýetiň premýer-ministri Wladimir Putiniň penşenbe güni Pariža barmagyna garaşylýar.

Iki gün dowam etjek bu saparyň barşynda, Orsýetiň batmak howpy bilen ýüzbe-ýüz bolup duran maşyn öndirýän zawody Awtowzyň ýagdaýy barada gürrüň ediler.

Mälim bolşuna görä, bu şirketiň 25 prosenti Fransiýanyň Renault firmasyna degişlidir. Şeýle-de rus ýolbaşçylarynyň bu ýurtdan dik-uçar satyn almak baradaky meseläni hem gozgamagyna garaşylýar.

Orsýetiň Gazprom kompaniýasy bilen Fransiýanyň energiýa şirketi bolan EDF-iň ýolbaşçylary hem duşuşarlar.