Täjik hakimiýetleri ýurtda höküm sürýän elektrik energiýa ýetmezçiliginiň öwezini doldurmak üçin uly proýekti durmuşa geçirmegi maksat edinýärler.
Geçen asyryň äpet bendi Rogunyň düýbi ummasyz maýa ýatyrmak bilen sowet eýýamynda tutulypdy, häzir onuň gurluşygynyň tamamlanmagy üçin daşary ýurtlardan ýardamyň beriljegine-de söz berildi. Täjikistanyň ýolbaşçylary bu bendiň gurluşygynyň tamamlanmagy üçin ýurduň raýatlaryny bir aý aýlygyny berip, öz goşandyny goşmaga çagyrýarlar.
Geçen asyryň 70-nji ýyllarynda gurluşygy başlanan Rogun bendiniň şol wagtky direktory Nikolaý Sawçenko Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde garaşsyz bir döwlet hökmünde Täjigistanyň aýak üstünde durmagy bu bende bagly bolup durýar diýdi: "Rogun bendiniň gurluşy, Täjigistanyň häzirki wagtda ýüzbe-ýüz bolýan ykdysady problemalaryny çözüp biler. Her zatdan ozal Täjigistan elektroenergiýa öndürip, onuň söwdasyndan bähbit gazanmaly. Ikinjiden, Rogun suw ýetmezçilik problemasyny-da çözip biler. Rogunyň töweregindäki bentler we Nurek energiýa stansiýasy köp ýyllardan bäri Wahş derýasyndan akýan ummasyz suwy özünde saklap biler».
Merkezi Aziýada iň uly gidroelektrik potansialy hasaplanylýan bu bent hem-de elektro energiýa boýunça proýektler amala aşyrylan ýagdaýynda Täjigistan ýylda 300 milliard kilowat-sagat elektrik energiýasyny öndürmek ukybyna eýe bolup biler. Goňşulardan satyn alynýan elektro energiýa bagly bolan Täjigistan her gyşda elektrik ýetmezçiliginden ejir çekip gelýär.
Goňşy ýurtlaryň goldawy
Soňky ýyllarda täjik hökümeti Rogun kompleksiniň gurulşygy üçin ýardam sorap, Orsýete ýüz tutdy, bu proýekt alty sany elektrik generatoryna gerekli suwy üpjün edip biler. Olar ýylda 3 milliard 600 million KW sagat elektrik energiýasyny öndürmäge ukyply.
Sowet Soýuzy darganda ol proýekt tamamlanman ýatyrylypdy. Proýektiň gurluşygynyň gaýtadan ýola goýulmagy üçin 2007-nji ýylda Orsýetiň iň iri alýumin şirketi "RusAl" bilen kontrakta gol çekilipdi, ýöne Täjigistanyň goňşusy Özbegistanyň berk garşy durmagy sebäpli bu iş ýatyryldy. Muňa sebäp edilip bu proýektiň töwerek-daşa zyýan ýetirýänligi hem-de suwsuzlygyň artmagyna alyp geljekdigi görkezildi.
Hytaý, Owganystan we Pakistan Täjigistanyň elektro energiýa pudagyny ösdürmegine meýil bildirdiler. Golaýda Türkmenistana baran Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahman türkmen kärdeşi Berdimuhamedow bilen duşuşanda elektrik energiýasy meselesinde hyzmatdaşlyk hakynda pikir alyşdylar, şonda Türkmenistan Owganystantyň üsti bilen Täjigistana elekterik energiýasyny berip biljegini mälim etdi.
Pul nireden gelmeli?
Täjigistanyň parlamentiniň ýokary öýüniň başlygy Mahmadsaid Ubeýdullaýew, eger-de ähli täjik işgärlerleri bir aý aýlyklaryny beren ýagdaýynda Rogun fondy üçin jemi 154 million dollar ýygnap boljagyny öňe sürdi. Munuň üstesine 2010-njy ýylyň döwlet býujetinden hökümet Rogunyň gurluşy üçin 130 million dollar niýetledi. Bu proýektiň amala aşyrylmagy üçin takmynan 3 milliard dollar gerek.
Täjik mediasynyň habaryna görä, käbir jemgyýetçilik sektorynda işleýänler Rogun proýekti üçin pul ýygnap başlapdyrlar. Elbetde, hemmeler pul ýygnamak teklibi bilen ylalaşanoklar.
Hojantly söwdegär Kodir Hojaýew Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde adamlaryň garyplykda gün-güzeran görýändigini aýdyp, hökümetiň bu proýekti 5 ýylda tamamlajagyna nirden ynanyp bolar diýýar: «Halkara guramalar we maliýe gurluşlar şol sanda Aziýanyň ösüş banky we beýlekiler Täjigistanyň ösüşi üçin uly mukdarda maliýe kömegini beryärler, biz bu barada habar beriş serişderleriniň üsti bilen maglumat edinýäris, halkdan pul ýygnamagyň deregine biziň ýolbaşçylarymyz asyryň proýekti hasaplanýan Rogun üçin daşary ýurt maýalaryndan peýdalanmaly» diýip, Hojaýew aýdýar.