Türkmen ýaşlary döwrebap geýinýärmi?

Türkmen ýaşlary moda geýinýärmi?

Türkmenistanda ýaşlar döwrebap egin-eşik geýmäge çalyşýarlar. Gyzlar dürli milli nagyşly eşik geýmegi halaýarlar. Ýöne olaryň arasynda Ýewropa modasynda geýinmegi halaýanlar hem köp. Olaryň aglabasy ýubka we kofta geýýärler. Işleýän ýaş gyzlar Ýewropa modalaryna ýykgyn edýärler diýilýär.

Bagşylar salgyt tölemeli

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýakynda gelen kararyna laýyklykda, toýlarda aýdym aýdýan bagşylar täze ýyldan hökümete salgyt töläp başlarlar.

Bu karar resmi taýdan heniz kanunlaşdyrylmasa-da, onuň eýýäm täze ýyldan herekete girjekdigini bagşylar aýdýarlar.


Rep Türkmenistanda gadagan


Türkmenistanda rep aýdymçylaryň ýagdaýlarynyň gowy däldigi habar berilýär. Sebäbi rep aýdymlary käbir resmi däl çeşmeleriň tassyklamagyna görä, Turkmenistanda gadagan. Teleradioda hem bu aýdymlar berilmeýär we käbir aýdymçylara bolsa rep stilinde aýdym aýtmak gadagan edildi diýlip, şol habarlarda aýdylýar.

Rep aýdymlarda umuman sosial kynçylyklar hem tankytlanýar.

Şu temalar boýunça taýýarlanan “Ýaşlar” gepleşgini diňlemek isleseňiz, sahypanyň sag tarapynda ýerleşdirilen audio düwmäni basyň.