Türkmenistan bilen Italiýany diňe bir söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk özara baglanyşdyrmaýar, halkara syýasatynyň ençeme meselelerinde-de pozisiýalary gabat gelýär - diýip, TDH gullugy ýazýar.
Ýöne haýsy halkara problemalarda garaýyşlaryň meňzeşligi dogrusynda anyk mysallar getirilmeýär. Ýewropa Bileleşiginiň doly bahaly agzasy hökmünde Italiýa Respublikasynyň ýolbaşçylary bilen geçiriljek gepleşikler möhüm, çünki Türkmenistanyň daşary syýasatynda Ýewropa Bileleşigi bilen gepleşikler, gatnaşyklary çuňlaşdyrmak ileri tutulýan ugurlaryň biri - diýlip, Türkmenistanyň resmi informasiýasynda bellenipdir.
“Premýer-ministr Silwio Berluskoni bilen Berdimuhamedowyň gepleşiklerinde esasy temalaryň biri ýangyç-energetika pudagynda hyzmatdaşlyk bolar. Çünki Ýewropa Bileleşigi hazarýaka regionynyň ýangyjyny Orsýetden sowa Ýewropa akdyrmakda Türkmenistana esasy partnýorlaryň biri hökmündegaraýar” – diýip, RIA Nowosti agentligi ýazýar.
Beýik Britaniýadan postsowet döwletleri boýunça ekspert A.Narodetskiý Italiýanyň Ýewropada ykdysady hem syýasy taýdan iň täsirli dört döwletiň biridigini, Berdimuhamedowyň bu saparynyň Türkmenistan üçin strategik ähmiýete eýedeigini belläp, Türkmenistan üçin Italiýanyň ýeňil partnýor däldigini aýdýar: “Sebäbi Orsýet bilen Italiýa, Berluskoni bilen Putin ysnyşykly gatnaşykda. Şoňa görä-de, Orsýet bilen gatnaşyklara ýaramaz täsir ýetirjek aýgytly hereketleri Italiýa etmez. Şonuň üçin Italiýa kyn partnýor” - diýip, ekspert aýtdy.
Respublikan oppozision partiýanyň lideri Nurmuhammet Hanamowyň pikiriçe, iki ýurt arasyndaky gatnaşyklaryň gowy, netijeli bolmagy Türkmenistana bagly: “Çünki inwestisiýa meselesinde, kredit meselesinde Türkmenistandaky häzirki ýagdaý Ýewropa döwletlerini gorkuzýar.“
Global Witness hasabat ýaýratdy
Londonda ýerleşýän Global Witness guramasy Aşgabatda açylýan 14-nji halkara nebit-gaz konferensiýasynyň öň ýany ýaýradan raportynda Türkmenistanyň iň repressiw ýurtlaryň biri bolup galýandygyny belledi..
Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistan bilen bagly alyp barýan strategiýasynyň dogry ugurdan barmaýandygy raportda öňe sürlüp, muňa mysal hökmünde şu aşakdakylar getirilipdi:
1. Türkmenistan Ýewropa Bileleşigine gerek gazyň diňe 2%-ni berjekdigini aýdýar, onuň üstesine-de şol mukdardaky gazy Ýewropa akdyrjak ýolam ýok.
2. Türkmenistanyň çykarmakçy bolýan öz nebit-gazynyň möçberi hakyky önüme hiç haçan gabat gelmeýär, ol dogry maglumat bermeýär, nebit-gaz gorlary barasyndaky maglumatlaryň çişirilen bolmagy mümkin. Bu bolsa gaz sektoryndaky proýektleriň geljegini güman astyna salýar.
3. Türkmenistan adam hukuklary babatynda çynlakaý reformalary geçirmeýär, göz üçin ýeňil-ýelpaý reformalary geçiren bolup, komissiýa bilen oýun etmegiň aladalandyryjy alamatlaryny görkezýär.
4. Türkmenistanda maliýe meselesinde aç-açanlyk ýok, pullar daşary ýurt banklarynda saklanylýar, gazdan gelýän puluň nirä sarp edilýändigi dogrusynda-da maglumat ýok. Günbatar kompaniýalarynyň Türkmenistanda işlerini bes etmekleri mümkin - diýip, Global Witnessiň raportynda bellenipdir.
Raportda onçakly ynamdar bolmadyk Orsýetden Ýewropa Bileleşiginiň gaz alýandygy, ynamdarlyk meselesinde Türkmenistanyň hatda Orsýetdenem pesdedigi bellenilipdir.
Öňde durýan meseleler
Ekspert A.Narodetskiý bu mesele barasynda şeýle diýdi: “Türkmenistan Ýewropa näçe ýakynlaşdygyça, köp sanly tehniki, tehnologiki, ykdysady meseleleriň çözgüdine golaýlaşdygyça, Türkmenistan bilen bagly Ýewropa Bileleşigi üçin problemalar ýitileşer. Gumanitar, adam hukuklaryna hormat goýmak, demokratik institutlar ýaly meseleler “Nabukko“ proýekti näçe çynyrgadygyça, ör boýuna galar. Eger agzalan meseleler boýunça Türkmenistan çynlakaý ädimler ätmese, Ýewropa Bileleşigi Türkmenistan bilen hakyky gatnaşyklara girmez”.
Türkmenistanyň ýangyç bazaryna Italiýanyň ENI kompaniýasy has-da gyzyklanma bildirýär. Ol suw astyndan energiýa akdyrýan turbalary çekmekde dünýä belli kompaniýadyr. ENI kompaniýasy Orsýetden Türkiýä gaz akdyrýan “Mawy akym” turbasyny gurdy. Ol Baltik deňziniň asty bilen Ýewropa ýurtlaryna gaz berjek Orsýetiň ikinji proýektine - “Demirgazyk akym” turbasynyň gurluşygyna-da aktiw gatnaşýar.
“Türkmenistanda suw astyndan geçmeli iki proýekt bar. Olaryň biri geçen asyryň 90-njy ýyllarynyň ikinji ýarymynda çynlakaý gürrüňi edilen, ABŞ tarapyndan goldanylan, emma soň ýatyp galan Transkaspiý proýekti hem Merkezi Aziýanynyň, Hazar regionynyň gazyny Ýewropa ýurtlaryna akdyrmaly “Nabukko” proýektidir. Şu nukdaý nazardan Berdimuhamedowyň Italiýa sapary uly umytlar döredýär, wizite Türkmenistanyň gaz eksportynyň köp ugurlylygyny iş ýüzünde amala aşyrmak üçin ädilýän praktik ädim hökmünde baha berse bolar” - diýip, Türkmenistanly nebit-gaz ugrundan bilermen aýtdy.
Wizit döwründe Rimde türkmen-italýan biznesi forumy-da planlaşdyryldy.
“Premýer-ministr Silwio Berluskoni bilen Berdimuhamedowyň gepleşiklerinde esasy temalaryň biri ýangyç-energetika pudagynda hyzmatdaşlyk bolar. Çünki Ýewropa Bileleşigi hazarýaka regionynyň ýangyjyny Orsýetden sowa Ýewropa akdyrmakda Türkmenistana esasy partnýorlaryň biri hökmünde
Orsýet bilen gatnaşyklara ýaramaz täsir ýetirjek aýgytly hereketleri Italiýa etmez.