Musawi hökümeti gorkuzmagy bes etmäge çagyrýar

Eýranyň oppozisiýa lideri Mir Hosseýin Musawi hökümet adamlary syýasy garaýyşlaryny üýtgetmek üçin gorkuzmak synanyşyklaryny bes etmeli diýýär.

Musawi özüniň Kaleme atly internet saýtynda gorkuzmak bilen Eýrandaky oppozisiýany durzup bolmaz, sebäbi ol oppozisiýa öz ynanjy üçin «islendik bahany» tölemäge taýýar diýdi.