Türkmenistanyň prezidentiniň ýanyndaky ”Demokratiýa we Adam hukuklary baradaky türkmen Milli institutynda” BMG-niň Çaga hukuklary hakyndaky Konwensiýasynyň kabul edilmeginiň 20 ýyllygyna bagyşlanyp maslahat geçirildi.
Maslahatda enäniň we çaganyň hukuklaryny goramak babatda kanunçylyk ulgamyny ösdürmek, bilim we saglygy goraýyş pudaklarynda çagalaryň hemmetaraplaýyn ösüşine, ýaş nesli sazlaşykly ösdürmek üçin ähli zerur şertleri döretmäge gönükdirilen reformalary durmuşa geçirmek babatda türkmen döwletiniň yzygiderli çäreler görýändigi barada aýdylypdyr. Eýse, Türkmenistanda çagalaryň ýagdaýy nähili? Olaryň hukuklary näderejede berjaý edilýär?
Türkmenistanda Nyýazowyň döwründe çaga zähmetini ulanmagy gadagan edýän kanun kabul edilipdi. Türkmenistanly ýazyjy Amanmyrat Bugaýew bu kanunyň Berdimuhamedowyň döwründa has-da berkändigini aýdýar. Emma şeýle-de bolsa, onuň sözlerine görä, oba ýerlerinde oba-hojalyk işlerinde çaga zähmetinden peýdalanýarlar: “Kärendeçiler öz çagalaryndan okuwdan soň ýa-da dynç alyş günleri oba-hojalyk işlerinde: ekin ekmekde, hasyl ýygnamakda peýdalanýarlar.”
Synçylar kä ýagdaýda çagalara agyr işleriň etdirilýändigini aýdýarlar. Ynsan hukuklaryny goraýjy türkmen inisiatiwasy toparynyň başlygy Farid Tuhbatullin çagalara pagta ýygdyrmak prosesiniň çaganyň saglygyna ýaramaz täsir edýändigini aýdýar: “Elbetde, bu her bir ene-atanyň öz işi. Emma şol ene-atalary beýleki gök önumleri däl-de, pagta ekmäge kim mejbur edýär? Elbetde, hökümet.”
Mugallymlaryň ýetmezçiligi
Türkmenistanyň bilim pudagynda reforma geçiriljekdigi yglan edildi. Mekdep okuw programmalary işläp çykylýar. Türkmen mekdepleri üçin täze okuw kitaplary çykaryldy. Farid Tuhbatullin, şeýle-de bolsa, bu pudakda problemalaryň bardygyny aýdýar: “Esasy problema bu mekdeplerde kämilleşen mugallymlaryň ýetmezçilik edýändigidir. Mugallymlaryň uly bölegi ýurtdan çykyp gitdi. Käbirleri pensiýa çykdy. Şonuň üçin hem bu problema ýakyn birki ýylda çözülmez.”
Statistik maglumatlara görä, gonşy Özbegistanda 150 müňden gowrak türkmen ýaşaýar. Türkmenler öz ene dilinde okap bilim almak hukugyna eýedirler. Özbegistanda 100-e golaý türkmen mekdepleri bar. Ýaşlara türkmen dilinde bilim bermek üçin kadrlar Garagalpagystanyň Milli uniwersitetiniň türkmen dili we edebiýaty fakultetinde taýýarlanylýar.
Türkmenistanda hem milli azlyklar öz ene dilinde bilim almak mümkinçiligine eýemi? Farid Tuhbatulliniň sözlerine göra, Türkmenistanda ýaşaýan milli azlyklar öz ene dilinde bilim almak mümkinçiliklerinden mahrum edilipdirler: “Türkmen hökumeti bu meseläni çözmek islemeýär. Şonuň üçin hem bu barada dil ýarmaýar. Türkmenistanda özbekleriň, onsoňam gazaklaryň sany öran köpdür .Olar öz ene dilinde okap, bilim alyp bilmeýärler. Olaryň çagalary mekdebe milli türkmen eşiginde barmaly. Şunuň özi-de milli azlyklaryň hukuklarynyň bozulýandygyny aňladýar.”
Zerur çäreler
Çagalar ýurduň geljegi diýýärler. Ýurtda çagalaryň hukuklarynyň bozulmazlygy, olaryň bilimli- düşünjeli bolup ýetişmegi üçin hökümet näme etmeli, jemgyýet näme etmeli?
Farid Tuhbatulliniň pikirine görä, bilim pudagyna aýratyn üns bermeli. Ýazyjy Amanmyrat Bugaýew bolsa ilki bilen jemgyýeti düzetmelidigini aýdýar. Onuň sözlerine görä, jemgyýetde bolup geçýän kemçiliklere jemgyýetiň özi baha berip bilse, çagalaryň geljegi üçin uly perspektiwalar açylar. Ýurt assa-ýuwaş demokratiýa, bazar ykdysadyýetine we söz azatlygyna geçmeli.
Mälim bolşy ýaly, Çaga hukuklary hakyndaky Konwensiýa 1989-njy ýylyň 20-nji noýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edildi we dünýäniň 194 ýurdunyň hökümetleri tarapyndan tassyklanyldy. Olaryň arasynda Türkmenistan hem bar.