Neşekeşleriň garşysyna barlyşyksyz göreş

Türkmen döwlet gümrük gullugynyň işgäri neşeleri gözläp tapmak boýunça türgenleşik wagtynda, 15-nji iýul, 2009-njy ýyl.

Soňky günlerde Türkmenistanda neşekeşlige garşy barlyşyksyz göreşiň uly netijelere getirýändigini aňmak bolýar.
Üç aý mundan öň geroin söwdasy bilen baglanyşykly tussag edilen daşoguzly zenanyň toba gelip eden çykyşy telewideniýe arkaly görkezilipdi.

Neşe söwdasynda gaty uly şahs bolan daşoguzly bu zenanyň sorag edilmeginiň netijesinde Içeri işler ministrliginiň birnäçe ýokary wezipeli adamlarynyň-da geroin söwdasyna ulaşandygy mälim bolupdyr. Şu sebäpli, hukuk goraýjy birnäçe ýokary wezipeli işgärler wezipelerinden boşadyldy.

Türkmenistanyň prezidentiniň ýakynda ýurduň içeri işler ministri Isgender Mulikowa içeri işler edaralarynyň şahsy düzüminiň arasynda tertip-düzgüniň gowşamagyna ýol berenligi sebäpli, şeýle hem jenaýatlar barada anyk maglumatlaryň dolulygyna berilmänligi sebäpli berk käýinç bermeginiň hem hut şunuň bilen baglydygy aýdylýar.

Neşe söwdagärlerine rehim ýok

Türkmenistanyň prezidentiniň tagallalary bilen döredilen ýurduň Neşe serişdelerine garşy göreşmek gullugynyň soňky döwürde işjeňlik görkezýänligini duýmak bolýar.

Ýaňy ýakynda bu gullugyň işgärleri tarapyndan Bagyr obasynyň ýaşaýjysyndan 42 kilogramdan gowrak geroin tapylyp alyndy. Şunuň ýaly uly möçberde neşe serişdelerini ýurduň çägine getirýän neşe söwdagärleriniň saklanylmagy bilen bagly başga hem maglumatlar bar. Hususan-da, Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynda, Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynda bu gullugyň işgärleri tarapyndan neşe söwdagärleri uly möçberde neşe maddalary bilen saklanylýar diýlip habar berilýär.

Neşe söwdagärleri çykgynsyz ýagdaýda

Ýurduň öňki prezidenti S.Nyýazow neşe söwdasy bilen tutulanlary bir ýyla ýetirmän, olaryň günäsini geçip, azatlyga çykarýardy. Emma soňky bir ýylyň dowamynda neşe söwdasy bilen tutulan jenaýatkärleriň amnistiýa çykarylmagy gadagan edildi. Bu bolsa neşe söwdagärlerini gaty basga goýdy. Sebäbi bir gezek tutulsaň, 20 ýyldan bäri yzyňa dolanjak gümanyň ýok.

Ýurduň dürli künjeklerinde şu günler neşekeşlige we neşe söwdasyna garşy göreşmek boýunça wagyz-nesihat çäreleri hem giň gerim bilen dowam etdirilýär. Bu wagyz-nesihat çäreleri häkimligiň, polisiýanyň wekilleriniň gatnaşmagynda ýaşlaryň arasynda yzygiderli gurnalýar.
Şu wagyz-nesihat çärelerinden häkimiýetiň geljekki ýaş nesliň neşe belasyna ulaşmazlygy üçin uly tagallalary edip başlandygyna göz ýetirmek bolýar.