Adam söwdasyna garşy göreş maslahatlaşyldy

(çepden saga) Interpoluň wekili Knut Brattwik, Adam söwdasyna garşy göreş boýunça Rumyniýanyň edarasynyň prezidenti Romulus Ungureanu we ÝHHG-niň polisiýa meseleleri boýunça işgäri Anette Kelonewa Aşgabatda geçirilen seminarda, 12-nji noýbar, 2009-njy ýyl

Adam söwdasyna garşy göreş meseleleri boýunça Aşgabatda geçen sebitara seminar türkmenistanlylaryň özi üçin nä derejede netijeli hem bähbitli boldy?
Seminaryň işine bäş ýurduň - Azerbeýjanyň. Orsýetiň, Tailandyň, Türkiýäniň we Birleşen Arap Emirlikleriniň wekilleri gatnaşdylar. Bu forumy gurnaýjylaryň sanawyna girýän ýurtlar planlaryň, maksatlaryň uludygyndan habar berýär. BMG, ÝHHG we türkmen hökümetem bu çäreden daşda galmadylar.

Bu sanalanlar Türkmenistanyň bu çärä özüniň bardygyny görkezmegi ýa “gatnaşdy” diýdirmegi üçin däl-de, problemanyň ýitiligi bilen bagly bolsa gerek. Şu kontekstde Aşgabat adam söwdasy ýaly meseläniň şu wagta çenli dowam edip gelen ýapyklygyndan ýüz öwrüp, problemany çözmegiň häzirki zaman täze düzgünlerini kabul etmäge taýýarmy?

Dünýä praktikasy subut etdi...

Adam söwdasy, neşe maddalaryny ýaýratmak we beýleki kriminal işleri amala aşyrmak boýunça jenaýatçy toparlaryň işini ýapyk, ýaşyryn saklamagyň baryp ýatan galplykdygyny, onuň soňunyň diňe ýaramazlyga alyp gelýändigini dünýä praktikasy ençeme gezek subut etdi hem edýär.

Türkmen gyzlarynyň ýurduň daşyna çykarylyşy, daşary ýurtlara satylyşy baradaky informasiýalary Türkmenistan tutuş dünýä üçin, ozaly bilen öz ilaty üçin ýapyk informasiýa edip saklarmy? Ýurtda adam söwdasy barada seminara gatnaşyjylar türkmen hökümetinden hakyky maglumatlar alyp bildimi? Möhüm informasiýany öz halkyndan gizleýän ýokary derejeli jogapkär çinownikler şol hereketi bilen iş ýüzünde jenaýatçylara ýardam edýändigine düşünýärmikäler? Şol söwdanyň gülläp ösmegi diňe ýapyklyga daýanýar. Diýmek, adam söwdasyny edýänlere hökümet islese-islemese-de goldaw berýän bolup çykýar.

Hiç bir demir perde, hiç bir berkden-berk serhet çäreleri bu problemany çözüp biljek däl eken. Şol çylşyrymly problemany jemgyýetde açyk maslahat etmek bilen onuň garşysyna göreşip bolar. Sözüň şu manysynda Ukraina aýgytly ädim ätdi. Ýakyn wagtlara çenli onlarça müň ukrainaly aýal-gyzlar dünýäniň dürli döwletlerine jynsy hyzmat üçin gul edilip satylypdy.

Bu betbagtçylykly ýagdaýyň ýurduň içinde açyk hem aktiw maslahatlaşylmagy, gürrüňi edilmegi bu problemany çözmäge, agyr güne düşen adamlara real kömek bermäge mümkinçilik döretdi. Türkmenistanam bu problemany edil şonuň ýaly açyk maslahat edermi ýa býurokratik gorky aýgytly hereketden rüstem gelermi?

Adamlara hakykaty aýtmak

Adamlara hakykaty aýtmakdaky býurokratik gorkynyň ýönekeý ýagdaýlar bilen baglydygynyň üsti dünýäde näçe gezek açyldy. Hakyky ýagdaýyň özi çinownikleriň hakyky işewür, aň-üşük derejesine şübhe döredip biler. Ine, hut şonuň üçin, şol sada gorky sebäpli býurokratlar hakyky maglumaty, real faktlary ýaşyryn saklamaga çalyşýarlar. Türkmenistanyň häkimiýet apparatynam hakykaty açmakdan şu saklaýan bolaýmasyn?

Dogrusyny aýtsak, ýurduň durmuşyndaky köp wakalar baradaky habarlaryň ýapyk saklanmagy jemgyýetde iň bir howply, iň bir köpçülikleýin keseli - häkimiýetlere ynamsyzlygy döredýär. Şunuň ýaly agyr dert bilen, türkmen prezidentiniň atlandyryşy ýaly, täze “Galkynyş eýýamyny” gurup, döredip bolarmy? Ony kim gurar? Eger häkimiýetler ululy-kiçili hakykatlary adamlara ynanmaýan bolsalar, adamlaryň öz geljegini häkimiýetlere ynanjagyna garaşyp bolarmy?

Aleksandr Narodetski post-Sowet döwletleri boýunça britaniýaly bilermen. Şu kommentariýada öňe sürülen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.