Eýranda bäş aktiwiste ölüm jezasy berildi

Düýn Eýranyň döwlet telewideniýesi şu ýylyň iýun aýynda geçirilen prezidentlik saýlawlarynyň yzy bilen gurnalan demonstrasiýalara gatnaşan aktiwistlerden bäşisine ölüm jezasynyň berlendigini habar berdi.

Eýranyň döwlet telewideniýesi ýurduň Adalat ministrligine salgylanmak bilen, bu adamlaryň terrorizmde hem-de ýaragly oppozision toparlara agzalykda aýyplanandyklaryny habar berýär.

Mundan öň «Assoşieýted-Press» habar agentligi hem Eýranyň häkimiýetleriniň başga-da azyndan üç adamy şol demonstrasiýalar bilen baglanyşykly ölüm jezasyna höküm edendikleri barada maglumat ýaýradypdy.

Iýun aýynda gurnalan köpçülikleýin demonstrasiýalaryň yzy bilen Eýranyň häkimiýetleri ýurduň hökumetini agdarmak synanyşygynda aýyplap, örän köp oppozision aktiwistleri sud jogapkärçiligine çekipdiler.