Türkmenistanyň hökümeti ýurduň 2010-njy ýyl boýunça býujetiniň proýektine garady. 13-nji noýabrda geçirilen hökümet maslahatynda täze döwlet býujetiniň aýratyn taraplaryna garaldy. 2010-njy ýylyň býujetiniň taslamasynda serişdeleriň 74,1%--niň sosial ugurlara gönükdiriljekdigi aýdylýar.
2010-njy ýylyň döwlet büjetiniň taslamasyna görä, geljekki ýylda bilim pudagynyň maliýeleşdirilmegine serişdeleriň 39,2%-ni, saglygy saklaýyşa 12,7%-ni, medeniýete 4,3%-ni, sosial döwlet üpjünçilige 33,4%-ni, ýaşaýyş-kommunal hojalyga 10,4 %-ni sarp etmek planlaşdyrylýar.
Hökümet maslahatynda çykyş eden wise-premýer T.Japarowyň sözlerine görä, 2010-njy ýylda ýurduň senagat we sosial-medeni ugurlara ýatyrmagy planlaşdyrýan maýa goýumlarynyň mukdary 2009-njy ýyl bilen deňeşdirilende 22,4% ýokarydyr.
Sosial pudaga sarp edilýän serişdeleriň möçberi ozlaky ýyllarda hem artdyrylypdy, meselem, 2009-njy ýylyň býujetinde sosial ugurlar üçin göz öňünde tutulan serişdeleriň möçberi ondan öňki ýyla garanda 13 % , aýlyklar hem 10% artypdy.
Öňki netijeler
Sosial pudaga goşmaça serişdeleriň sarp edilmeginiň 2009-njy ýylda ýurduň ilatynyň durmuşyna uly bir özgerişlik getirmänligini synçylar aýdýarlar. Türkmenistanly žurnalist Amanmyrat Bugaýew munuň sebäbini denominasiýa pul çalşygyndaky bökdençlikler we ýurtda bazar ykdysadyýetine mahsus mehanizmleriň ýetmezçiligi bilen baglanyşdyrdy.
“Ýylyň dowamynda kän duýulmady. Sebäbi pul çalşygy boldy bizde. Häzir, emeli ýagdaýda bolsa-da, türkmen manadynyň dollara bolan gatnaşygyny saklaýarlar. Ýöne pul çalşyryldy welin, puluň hümmeti örän aşaklady. Bazardaky nyrhlaram öňki durşuna durdy, üýtgemedi. Munuň sebäbi bizde entek söwda medeniýeti ýok. Daşary ýurtlara çykyp-gelmek, haryt getirmek gadagançylygy bar. Hemme kişi ýurdyň daşyna çykyp bilenok. Çykaýjak bolsa müň tölenmeli, tölegler uly”, diýip A.Bugaýew aýtdy.
2010-njy ýylyň býujetinde sosial ugurlara sarp etmek göz öňünde tutulýan maliýe serişdeleriniň çeşmesi barada aýdylanda, planlaşdyrylan möçberiniň 29,3%-i daşary ýurt emlägindäki kärhanalardan gelýän maliýe serişdeleri arkaly üpjün ediler diýip, TDH gullugynyň maglumatynda bellenilýär.
Hökümet maslahatynda G.Berdimuhamedow 2010-njy ýylda Türkmenistanda aýlyklaryň, pensiýalaryň, sosial tölegleriň we okuw stipendiýalarynyň ýokarlanmagynyň dowam etjegini aýdyp, munuň ähmiýetini aýratyn belledi.
Türkmenistanyň prezidentiniň sözlerine görä, täze büjet ilatyň durmuş derejesini gowulandyrmaga we milli ykdysadyýeti ösdürmäge mümkinçilik döredýär.
Täze býujet nebit-gaza garaşly bolmaz
Prezident G.Berdimuhamedow geljekki ýylda döwlet büjetiniň ýangyç-energiýa kompleksine garaşly bolmajagyny aýtdy. Döwlet baştutanynyň sözlerine görä, 2010-njy ýyl boýunça büjetiň taýýarlanylmagynda geljekki ýylda gazyň we nebit önümleriniň satyljak möçberiniň we bahasynyň aşaklamagynyň ähtimallygy hem göz öňünde tutuldy.
Resmi maglumatlarda 2010-njy ýylda büdjet girdeýjileriniň 48,3 milliard manatdan ybarat boljagy aýdyldy.
Öz nobatynda käbir synçylar täze býujetiň nebit-gaz girdeýjilerine garaşly bolmajagyna şübhe bildirýärler. Merkezi Aziýa boýunça bilermen we Orsýetiň syýasy barlaglar institutynyň analitigi Aždar Gurdow nebit-gaz pudagynyň Türkmenistanyň girdejileriniň ýarysyndan gowragyny emele getirýänligini bellemek bilen milli ykdysadyýetiň beýleki pudaklarynyň hasabyna hem şol derejede girdeji almak üçin ýurduň, hususan-da, ösen tehnologiýalar, bank, syýahatçylyk, dürli hyzmatlar ýaly ugurlarynyň üstünlikli bolmagyna zerurlygyň bardygyny aýtdy.
“Meselem, Türkmenistanyň ýer-önümçilik pudagy eksport üçin käbir önümleri öndürýär. Şol sanda pagta öndürilýär. Emma ýurtda ýylda bir million tonna golaý mukdarda pagta öndrilýärkä, mundan uly bir girdejä garaşyp bolmaýar. Ýurtda syýahatçylygyň girdejililigi barada hem aýtmak kyn. Ýurduň ähli pudaklary býujete belli bir girdejji getirýär. Emma tebigy gazyň eksportynyň möçberine garanda beýleki pudaklaryň girdejileri örän ujypsyz” diýip, A.Gurdow aýtdy.
Žurnalist Amanmyrat Bugaýew Türkmenistanda sosial pudak üçin çykarylýan döwlet pullarynyň iş ýüzünde oňly netije bermegine korrupsiýanyň uly böwet bolýanlygyny belledi: “Korrupsiýa bizde öň görlüp-eşidilmedik derejede gaty ösen. Eger şonuň öňüne böwet basylmasa, ol agyzdyryklanmasa, sosial pudaga niýetlenen pullaryň barmazlygam mümkin, niýetlenen harajatlar üçin sarp edilmezligem mümkin. Bu öň bolup gelýän zat jemgyýetde”.
Türkmenistanyň 2010-njy ýyl boýunça býujetine şu hepdede Mejlisde garalmaly.