Türme tussaglygyndan rewolýusiýa liderligine Gawel

Çehiýa Respublikasynyň öňki prezidenti Waslaw Gawel.

1989 Waslaw Gaweliň türme tussaglygyndan rewolýusiýa liderligine we prezidentlige ýol salan ýyly boldy. Ondan bäri 20 ýyl geçdi.
Waslaw Gaweliň 2007-nji ýyldaky «Gitmek» teatral oýnunda uzak wagtlap syýasy lider bolan kişi özüniň işden çekilmegi bilen bagly ýagdaý hakda pikir öwürýär. Ol hemişe geçeni ýatlap, derňäp we düşündirip, geçmişde edilen hereketleri şu gün bilen deňeşdirip, gorap ýörmeli bolaryn öýdüp alada edýär.

Prezidentlikden 2003-nji ýylda çekilen Gawel şondan bäri ýatlamalar, analizler we düşündirmeler bilen gaty kän çykyş etdi. Bu ýyl Gaweliň türme tussaglygyndan rewolýusion lidere we prezidente öwrülenine 20 ýyl doldy.

Praganyň merkezindäki ofisinde ýüzbe-ýüz bolup, Azatlyk Radiosy hem Gaweliň gaýtadan ýygnan kolleksiýalary barada gürrüň bermegini isledi. Ol ýerde Gaweliň prezident wagtyndaky suratlar goýlupdyr. Sergide britan patşasy Elizabet, şazada Çarls hem onuň şol wagtky aýaly Daýana, Tibetiň ruhy lideri Dalaý Lama bilen düşülen suratlar hem bar.

73 ýaşyndaky Gawel ýyllar boýy näsaglyk bilen göreşýär. On ýyl öň, doktorlar öýkeninden rak keselini tapanlaryndan soň, ol öýkeiniň bir bölegini kesdirmeli boldy. Şu ýylyň başynda bolsa onuň bokurdagyny operasiýa etdiler. Ýöne ol şindem, bir kärdeşimiziň sözi bilen aýtsak, «bimaza» görünýär.

Gawel 1998-nji ýyl barada söz açyp, özgerişligiň iru-giç geljegi bellidi, ýöne haçan geljegi belli däldi diýdi. 17-nji noýabrda polisiýa studentleriň demonstrasiýasyny güýç bilen basyp ýatyrdy, şol hem uçgunyň oda öwrülmegine getirdi diýip, Gawel gürrüň berdi.

«Olar munuň nämä alyp barjagyny we ullakan gar labyrynyň aşak inmegine getirjek gar tokgasy boljagyny öňünden görüp bilmediler. Elbetde, muny bizem bilmeýärdik. Men «biz» diýemde “Hartiýa 77-ä” (“Düzgünnama 77”) gol çeken dissidentleri göz öňünde tutýaryn. Emma muňa garamazdan, bir zat aýdyňdy, gar tokgasy togarlana-togarlana, ahyry ullakan gar gaýasyna öwrüljekdi. Bu barada men ozal hem aýdypdym. Ýöne şol gar tokgasynyň näme boljagyny hiç kim bilmeýärdi» diýip, Waslaw Gawel aýtdy.

Taryhçy Prekan ýatlaýar

Gurply maşgalada doglan, ýöne kommunistik režim mahalynda ýokary bilim almagyna päsgel berlen Gawel dramaturg bolýar we 1960-njy ýylda teatrda işe başlaýar. Gaweliň eserleri 1968-nji ýylda sowetleriň ýolbaşçylygynda Praga bahary diýip at alan herekete garşy urlan basybalyş zarbasyndan soň gadagan edilýär. 1970-nji ýylda bolsa ol hökümeti adam hukuklary babatda boýun alan borçlaryny ýerine ýetirmäge çagyrýan “Hartiýa 77”, ýagny “Düzgünnama 77” atly petisiýanyň awtorlarynyň biri hökmünde türmä basylýar. Şol wagt bosgunlykda ýaşan taryhçy Wilem Prekan Gaweliň 1988-nji ýylda ýazan hatyny ýatlaýar.

«Ol daşary ýurtlarda bosgunda ýaşaýanlaryň özünden barha köp kömek soramaklaryndan nägile bolup, şeýle ýazypdy: «Bu meniň üçin biraz agdyk bolýar, men bularyň aşagyndan nädip çykjagymy bilemok. Men meşhur boldugymça adamlar meni köp ideýärler. Günbatar syýasatçylary, žurnalistler we dünýäniň başga-başga ýerlerindäki bagtsyz adamlar menden delalat isleýär. Käbirleri meniň bilen gürleşmek isleýär, käbirleri bolsa menden bir zatlar almak isleýär. Olar muny näçe köp etdikleriçe men ýene has meşhur bolýaryn. Onsoň men has meşhur boldugymça adamlar meni has köp ideýärler» diýip Wilep Prekan aýdýar.

Gawel özüniň syýasy ösüşini tötänlik hökmünde suratlandyrýar we, öňki kömekçisiniň sözleri bilen aýtsak, syýasata taryh tarapyndan iterilendigini aýdýar.

Rewolýusiýadan soňky irki çykyşlarynyň birinde Gawel bir dostundan özüniň prezidentlige teklip ediljege çalym edýändigini ilkinji gezek eşidişini ýatlap, «Men bu şol wagtky adaty degişmeleriň biridir öýtdüm» diýipdi.

Gawel ilki Çehoslowakiýanyň prezidenti boldy, ýurt bölünenden soň bolsa Çeh respublikasynyň prezidenti boldy. Ol 2003-nji ýylda prezidentlikden çekilende Çehiýa NATO-nyň agzasydy we Ýewropa Bileleşigine agza bolmagyň ýoluna düşüpdi.