Zyýarat ideologiýa taýdan berkidildi

Marydaky gadymy Hoja Ýusup Hemedany metjidi.

Türkmenistanyň öz içindäki mukaddes ýerlere gurnalan zyýarat halkara synçylarynda geňirgenme döretmegi mümkin. Köpler oňa Gurban baýramy bilen bagly çäre däl-de, döwlet tarapyndan gurnalýan hakyky býurokratik aksiýa diýip, baha bererler.
Nirede döwlet derejesindäki formallyklar tamamlanýar, nirede hakyky mukaddesliklere hormat goýmak başlanýar? Bu zatlaryň tapawudyny bilmeýän çinownikleriň eden bu teklibiniň nämelere alyp geljekdigini iş başlanmazdan öň prezident Berdimuhamedow aňynda aýlap gördümikä?

Bu çäräniň guramaçylygynyň üstünde prezidentiň ýanyndaky din işleri boýunça sowet Aşgabat şäher häkimligi bilen bilelikde kelle döwüpdir, işläp düzüpdir.

Döwlet gullukçylaryna ol ýa beýleki bir çäre geçirmek boýunça adatça görkezmeler ýokardan onlap, ýüzläp ýagyp dur.

Bu sapar ýokardan gelen buýrugy býurokratlar şol adaty görkezmeleleriň biri hökmünde kabul edipdirler. Köne sowet propagandasynda synagdan geçirilen düzgün üstün çykdy.

Baş sekretarlaryň bar döwründe geçirilen adaty syýasy çärelerden Türkmenistanyň öz içinde gurnalan syýahat näme bilen tapawutlanýar?

Ol käbir daşky alamatalary boýunça obkomyň delegasiýasynyň ýerlere saparyny ýada salýar. Şol döwür ýurduň ideologiýa kabinetlerinde delegasiýanyň ýörejek ýoly, baryp görjek ýerleri jikme-jik öňünden planlaşdyrylýardy.

Zyýarat ideologiýa taýdan berkidilipdir

Daşoguz aeroportunda beýleki welaýatlardan gelenleri duz-çörek bilen garşyladylar. Soň olary awtobuslara mündürip, mukaddes ýerlere alyp gitdiler. Programmada iň ownujak zatlaram hasaba alnypdyr. Bu sapar, syýahat, zyýarat ideologiýa taýdan berkidilipdir.

Resmi informasion agentligiň habar berşi ýaly zyýaratçylar diňe bir mukaddes ýerlere barmak, zyýarat etmek bilen çäklenmän, beýik galkynyş döwründe Türkmenistanyň dürli künjeklerinde giň gerimde alnyp barylýan düýpli özgerişler boýunça programmalaryň netijelerini öz gözleri bilen görerler.

Bu iş üçin syýahatyň ýörite ýollary kesgitlenipdir. Şol ýol sentýabr aýynda dabaraly ýagdaýda açylan Amyderýanyň üstünden geçýän täze demirýol köprüsini-de öz içine alýar. Bu köpri galkynyş eýýamynyň uly binalarynyň biri hasap edilýär.

Şunuň ýaly syýahatlar sowet eýýamynda Moskwada geçirilse, ol Leniniň mawzoleýine, eger syýahat Leningradda bolsa, Ulýanowlaryň maşgalasynyň jaýlanan ýerine zyýarat etmek bilen tamamlanýardy.

Şeýleräk syýahatlar, zyýaratlar türkmen zyýaratçylaryna-da garaşýar. Olar G.Berdimuhamedowyň berjek gurbanlygyna bararlar. Bu Türkmenistanyň taryhynda ilkinji gezek hökümet tarapyndan gurnalan haç bilen ideologiýanyň adaty ekskursiýasynyň dürüşdesi bolmazmy?

Bu işler iň ýokarky başlygyň öňünde öz wepalylyklaryny subut etmäge, ony görkezmäge hem ynandyrmaga jan edýän çinownikleriň tagallasy bilen amala aşdy. Olar diňe bir mukaddes ýerleri görkezmek bilen çäklenmän, propagandanyň talaplaryny-da ödeýärler.

Iň bir mukaddes baýramlaryň biri - Gurbanlykda şunuň ýaly agitasiýa çäreleri ýerliklimi?

Aleksandr Narodetski post-Sowet döwletleri boýunça britaniýaly bilermen. Şu kommentariýada öňe sürülen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.